IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 5.

21) Mellekde 8 traktor işleýär. Üçisi döwülýär. Jemi näçe traktor galýar?
============================
22) Bir ýumurtgany gaýnadyp-bişirmek üçin jemi 5 minut gerek bolýar! Onsaň 5 ýumurtgany gaýnadyp bişirmek üçin jemi näçe minut gerek bolar?
============================
23) Siz işe hökman maşynly ýada awtobusly gitmeli. Haýsy awtobus ýada maşyn bilen biz işe gidip bilmers?
============================
24) Iň uly gazana näme girmez?
============================
25) Adamlaryň 20-nji asyrdan öň döreden haýsy zadynyň tizligi sesden hem çalt gidýär?

Aňsatjak soraglaryň aňsatjak jogaplary bar. Pikirleniň. Saýlanyň!!!

IDEALLIDER-den gyzykly soraglara jogaplar 5.

21. Sekiz. Sebäbi traktorlaryň döwüleni barada soralman, galanlary barada soraldy!
============================
22. Ähli ýumurtgany deň atyp gaýnadars ahyry, aýratyn bir-birden gaýnatmak samsyklyk bolaýmasa!
============================
23. Döwügi bilen biz işe gidip bilmers!
============================
24. Gapagy girmez!
============================
25. Uly Gamçyň ujy! Haçanda uly gamçyny aýlap aýlap birden gaty uranymyzda şol gamçyň ujy şarkyldaýar, şol şarkyldy bolsa ses barýerýindenem beter çalt gidendigini aňladýar!

@Yylgyn, @Resul @yashalym, @Mr_arsen, @Paris @Black Wolf, size berekella. Az hem bolsa siz öz ýitiligiňizi subut edýäňiz:)🤩👍

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir