2008-nji ýylda dünýäniň parahatçylygy üçin umyt bildirilen Barak Obama ABŞ-da prezident saýlandy.2008-nji ýylyň käbir wakalary gysgaça şeýle: 6-njy ýanwar: Gürjüstanda Mihail Saakaşwili ikinji sapar prezident saýlandy. Ol 20-nji ýanwarda kasam kabul etdi. 16-njy ýanwar: Özbegistanda prezident Yslam Kerimow prezident hökmünde 3-nji sapar kasam kabul etdi. 24-nji ýanwar: Italiýanyň hökümet başlygy Romano Prodi iþden gitdi. 3-nji fewral: Serbiýada Boris Tadiç prezident saýlandy. 17-nji fewral: Kosowa garaþsyzlygyny yglan etdi. 19-njy fewral: Kubanyň lideri Fidel Kastro döwlet baştutany wezipesini terk edýändigini mälim etdi. 24-nji fewral: Raul Kastro agasy Fidel Kastronyň ýerine prezident boldy. 3-nji mart: Russiýada prezident saýlawynda hökümet başlygynyň birinji orunbasary Dmitriý Medwedew 70,28 göterim ses almak bilen ýeňiş gazandy. Medwedew 7-nji maýda kasam kabul etdi. 9-njy mart: Ispaniýada geçirilen saýlawda sosialist hökümet başlygy Joze Luis Rodriges Zapatero täzeden saýlandy. 10-njy mart: Malaýziýanyň hökümet başlygy Abdullah Ahmed Bedewi 5 ýyllyk täze döwür üçin kasam kabul etdi. 15-nji mart: Hu Szintao Hytaýyň milli halk mejlisi tarapyndan täzeden döwlet baştutanlygyna saýlandy. 24-nji mart: Janyna kast edilen oppozisiýadaky lider Benazir Bhuttonyň ýarany Ýusuf Ziýa Gilani Päkistanyň Milli Mejlisi tarapyndan hökümet başlygy saýlandy. 6-njy aprel: Garadagda döwlet baştutany Filip Wuýanowiç bu wezipä täzeden saýlandy. 9-njy aprel: Ermenistanda Serj Sarkisýan döwlet baştutany hökmünde kasam kabul etdi. 10-njy aprel: Nepalda taryhy saýlawlar geçirildi. 17-nji aprel: Keniýada oppozisiýadaky lider Raila Odinga hökümet başlygy boldy. 8-nji maý: Italiýada Silwio Berluskoni hökümet başlygy hökmünde kasam kabul etdi. 21-nji maý: Gürjüstanda umumy saýlawlar geçirildi. Prezident Mihail Saakaşwiliniň häkimiýetdäki Milli Bütewülik Hereketi partiýasy 150 orundan 119-ysyny almagy başardy. 25-nji maý: Liwanda ýokary howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Mişel Süleýman döwlet baştutany boldy. 28-nji maý: Nepalda deputatlar 239 ýyllyk monarhiýany ýykyp respublika yglan etdi. 29-njy iýun: Zimbabweniň döwlet baştutany Robert Mugabe prezidentlik wezipesi üçin 6-njy sapar kasam kabul etdi. 27-nji iýul: Kambojada hökümet başlygy Hun Seniň häkimiýetdäki partiýasy umumy saýlawlarda uly ýeňiş gazandy. 15-nji awgust: Paragwaýda çepçi Fernando Lugo döwlet baştutany bolmak bilen ýurtda 60 ýyllap dowam eden bir partiýaly häkimiýetiň soňuna nokat goýdy. 18-nji awgust: Päkistanda 1999-njy ýylda harby agdarylyşyk arkaly Nawaz Şerifi agdaran we şondan bäri häkimiýetde bolan prezident Perwez Müşerref işden gitdi. 25-nji awgust: Russiýanyň parlamentiniň aşaky ganaty bolan Duma we ýokarky ganaty bolan Federal gurama Günorta Osetiýadyr Abhaziýanyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi baradaky teklibi kabul etdi. 1-nji sentýabr: Ýaponiýada hökümet başlygy Ýasuo Fukuda işden gitdi. 9-njy sentýabr: Päkistanda janyna kast edilen öňki hökümet başlygy Benazir Bhuttonyň adamsy Aly Asif Zerdari prezident saýlandy. 18-nji sentýabr: Taýlandda Somçai Wongsawat hökümet başlygy boldy. 21-nji sentýabr: Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti Tabo Mbeki işden gitdi. Mbekiniň wezipe ygtyýarlyklary 2009-njy ýylyň aprel aýynyň ahyrynda tamamlanýardy. 21-nji sentýabr: Ysraýylyň hökümet başlygy Ehud Olmert para alandygy we bikanun hereketleri edendigi baradaky pikirler zerarly prezident Şimon Perese işden gidýändigi baradaky arzasyny berdi. Ýurtda 2009-njy ýylyň 10-njy fewralynda umumy saýlawlar geçirmek barada karar kabul edildi. 15-nji oktýabr: Siriýa bilen Liwanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Iki ýurduň arasynda 1940-njy ýyllarda Fransiýadan garaşsyzlyklaryny alanlary bäri diplomatik gatnaşyklar ýokdy. 4-nji noýabr: ABŞ-da Demokratik partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Barak Obama ABŞ-nyň taryhynyň 44-nji prezidenti saýlandy we Amerikada ilkinji garaýagyz prezident hökmünde taryha girdi. 11-nji noýabr: Muhammed Naşid Maldiwleriň demokratik ýollar arkaly saýlanan ilkinji döwlet baştutany boldy. 27-nji noýabr: Yrakdaky amerikaly esgerleriň statuslary bilen baglanyşykly ABŞ bilen Yragyň arasyndaky howpsuzlyk ylalaşygy (SOFA) Yragyň mejlisinde kabul edildi. 4-nji dekabr: Yragyň prezident geňeşi amerikaly esgerleriň 2011-nji ýylyň ahyryna çenli Yrakdan dolulygyna çekilmegi göz öňüne tutýan Yrak bilen ABŞ-nyň arasyndaky ylalaşygy tassyklady. 4-nji dekabr: Zimbabwede 1000-e ýakyn jan alan mergi keseli zerarly adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 15-nji dekabr: Taýlandda oppozisiýadaky Demokratik partiýanyň lideri Abhisit Wejjajiwa parlamentde hökümet başlyklygyna saýlandy. 17-nji dekabr: Bangladeşde 2 ýyl töweregi bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaý 29-njy dekabrda geçirilen umumy saýlawlaryň öňüsyrasy ýatyryldy. ZAMAN

Köneler, weblation tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir