Şu saýtda şeýle intelligent, gyzykly, peýdaly ýazgylaram bar, okanyňa hiç degmejek hatda adyna seredip girmejegiň, saýtyň gadryny gaçyrýan ýazgylaram bar. Olaryň ikisinem biz ýazýas. Geliň mundan soňra şu ýere birbirimize peýdaly, umuma degişli*, internetde uzyn wagtlap arhiw bolup galjak ýazgylar ýazalyň. Bloglaryň atlaryny goýanda-da üns berip goýalyň. Bu saýtyň maksatlarynyň biri hem köp horluklar gören türkmen dilimize hyzmat etmek bolsa oňa bärik birbirimiziň nirededigini soramak üçinem täze tema açmak hyzmat etmek däldigi hemmämize aýan. Ýazsak gowy zatlar ýazalyň, biderek temalar açmalyň. Soňky döwür sögünçler, hapa sözler, birek-biregä hormatsyzlyk, siziň ýaly intelligent, dünýä ülňilerine gabat gelýän bilim alan ýaşlara gelişdirip bolmajak, köçe uruşlaryna meňzeş uruşlar köpeldi. Goýuňow indi, heý bir gowy zatmaý şu ýagdaý? Biriň diniň tarapyny tutana sögünýäň, biriň tutmadyga, beýleki biriň pikire hormat goýmagyň ýerine garşydakysynyň ýedi arkasyna ýetip sögünje gark edip otyr, sanasaň sogaby bar. Bes edeliňow indi! * Diňeje şahys bähbitlerini göz öňünde tutup ýazgy ýazmak. Umymy düýbünden gyzyklanmajak, mysal üçin, adres soramak, sen şuwagt nirede diýmek we ş.m.

Köneler, asuda tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir