Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ynha, Dekabr aýynyň 12-si hem ýetip geldi. Bu güniň biziň döwletimiz, halkymyz üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu babatda Agajanh-nyň öň goýan degişli ýazgysyny siziň bn paýlaşmak isleýärin: Bilshiniz yaly, bitaraplyk (dekabr) ayynyn 12 sine Bitaraplyk baýramy bellenip gecilyar. Bu bayramcylyga Turkmen halky oz sowgatlary bilen baryarlar. Bitaraplyk diymegin manysy : Turkmenistanyn hemishelik bitaraplygy hakynda gurrune bashlamazdan onurti “bitaraplyk” sozunin manysyna unsi cekesim gelyar. Ol soz esasan halkara hukugynda, dashary syyasatda ulanylyar. Bitaraplyk- dashary syyasatyn sheyle bir ugry bolup , ony berjay edyan dowlet beyleki yurtlaryn arasynda urush bolan yagdaylarynda ona gatnashmaly daldir we urushyan dowletlere harby komek bermeli daldir, parahatcylyk dowrunde bolsaharby bileleshiklere ya-da toparlashyklara gatnashmaly daldir. Shunun bilen birlikde, bitaraply oz caklerinin eldegirmeszligi, Bitarap dowletin hukuklygyny hem goz onunde tutyar. Eger beyleki bir yurt ya-da yurtlar dowletin bitaraplygyny bozan yagdayynda ol oz bitaraplygyny goramaga haklydyr. XIX asyrdan bashlap, hemishelik bitaraplyk dushunjesi ulanylyp bashlandy. Turkmenistanyn hemishelik bitaraplygyny halkara mocberinde ykrar etmek ideyasy ilkinji gezek YHG (EKO) yurtlarynyn dowlet bashtutanlarynyn 1995-nji yylyn martynda Yslamatda (Pakistan) bolup gecen dushushygynda president S.A Nyyazowyn cykyshynda one suruldi. Dushushykda, sheyle hem sonar birentek beyleki dowletlerin yolbashcylary bilen bolan gepleshiklerde bu bashlangyc goldaw tapdy. Turkmenistanyn hemishelik nitaraplygyny Goshulmazlyk hereketinin 113 dowletinin 1995-nji yylyn Garashsyzlygyna Kartahenada (Kolumbiya) bolup gecen maslahaty hem doly gollady. 1995-nji yylyn 12-nji Bitaraplygynda BMG-nin Bash Assembleyasy dunyanin 185 dowletinin bir agyzdan ses bermegi bilen Turkmenistan hemishelik Bitaraplygy barada Kararnama Kabul etdi. BMG tarapyndan resmi taydan Bitarap dowlet hokuminde ykrar edilen ilkinji we yeke-tak dowlet Turkmenistandyr. Turkmenistanyn gin jemgiyetciligi, ahli halky bu shanly habary agirt uly ruhubelentlik we buysanc bilen garshylady, ona bizin yurdumyzyn parahatcylyk soyuji dashary syyasat ugrunyn oran uly ustunligi, halkara derejesinde Garashsyz Turkmenistanyn we onun ykrar edilen bashtutanynyn hazirki zamanyn uly syyasy ishgari Beyik Saparmyrat Turkmenbashynyn agirt uly abrayynyn beyany hokmunde baha berdiler. 1995-nji yylyn 27-nji bitaraplygynda Turkmenistanyn Halk maslahaty bolup gecdi. Maslahatda Turkmenistanyn hemishelik Bitaraplygynyn halkara bileleshigi tarapyndan ykrar edilmeginden halkymyzyn hazirki geljekki nesilleri ucin taryhy ahmiyeti bellenip gecildi, cunki dowletin esasy serishdelerini yurdun icki durmush-ykdysady osushine gonukdirmage mumkincilik doredi. Bitaraplyk derejesine layyklykda, Turkmenistanyn dashary syyasatynyn Maksatnamasy tazeden duzuldi. Duyp maksady goranmak hasiyeti bolan harby syyasatynyn hem kesgitlenildi. Taze milli bayram- Bitaraplyk bayramy doredildi, ol her yylyn 12-nji bitaraplygynda bellenilyar. Turkmenistanyn hemishelik bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdashlygynyn we gonshucylyk gatnashyklaryn osmegine iterge berdi. Ashgabat shaheri sebit we dunya derejesinde gepleshikler gecirilyan merkeze owruldi. 1993-nji yylda bu yerde GDA dowletlerinin Prezidentlerinin 1995-1997-nji yyllarda bolsa YHG yurtlarynyn Prezdentlerinin 3 gezek dushushyklary gecirildi. Halkara guramalaryn ugurlary boyunca gecirilyan maslahatlaryn sany uzul-kesil artdy. Dine bir 1996-njy yylda Ashgabat BMG-nin we beyleki halkara guramalarynyn howandarlygy bilenkonferensiyalaryn, simpoziumlarynyn 60-dan gowragy gecirildi. Owganara we tajigara gepleshiklerinin hem oran mohum tapgyrlary Ashgabatda gecirildi. Bitarap dowlet hokuminde Turkmenistanyn abrayynyn artmagy durli dowurlerde ykbal tartyp beyleki yurtlara dushen we shol yerlerde yashap yoren turkmenlere hem onayly tasir etdi. 1991-nji yylda doredilen Dunya turkmenlerinin gumanitar birleshigi mohum we abrayly halkara jemgiyetcilik guramasyna owruldi. Ol oz gos-goni Turkmenistanyn Prezdentinin bashtutanlygynda alyp baryar. Birleshigin bash edarasy Ashgabatda “Mekan ” koshgunde yerleshyar. Birnace dillerde onun “Turkmen dunyasi” atly gazeti we dunya turkmenlerinin arasynda yayradylyar. Hazir dashary yurtlaryn 14-sinde Birleshigin oz bolumleri bar. Olar Garashsyz hem Bitarap Turkmenistan bilen dunyaturkmenlerinin aragatnashygyny we hyzmatdashlygyny yola goyyarlar we gineldyarler. Turkmenistanyn Bitaraplygy, sebitdaki ylalashdyryjylyk ishi ony dunya syyasatynyn belentligine goterdi. Bitaraplygyn Turkmen nusgasy wagt synagyndan gecdi we sebitdaki yagdayda durnuklashdyryjy tasir edyan netijeli gurala owruldi. Bitaraplyk syyasatynyn ahmiyeti hakda Beyik Saparmyrat Turkmenbashy sheyle diydi: “Bitaraplyk-bizin syyasatymyzyn ozenidir. Ol bizin Garashsyzlygymyz bilen ayrylmaz baglanshyklydyr. Dine dowletimizin berkarar bizin yurdumyza halkara gatnashyklarynda ozunin ozbolushly syyasatyny yoretmage mumkincilik berdi. Yone bitaraplyk bilen berkidilmedik halatda, bizin Garashsyzlygymyz sheyle pugta we mizemez bolup bilmezdi. Garashsyzlyk we bitaraplyk – bular Turkmenistanyn binyadyndaky iki direg sutunidir. Bitaeaplyk we Garashsyzlyk-bu bizin genji-hazynamyzdyr, bizin ykbalymyzdyr” Siz hem bitaraplygymyz barada oz pikirlerinizi, bitaraplygyn peydasyny paylashyn. Biz nahili sowgatlar bilen baryas."

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir