Kalbyma salansyň jebri-jepany, Bu jebire indi bir çäre eỳle, Kalbymda hars urỳar söỳgi tupany, Şonuň üçin bu derde bir çäre eỳle. Agyr gelỳär bu dert çekip çydardan, Akyl-huş gitdi bu gamly serden. Senden ses çykmaz, ses çykar ỳerden, Beỳdip dymyp durman bir çäre eỳle. Pynhan-pynhan her ädimiň yzladym, Çydam edip kän wagtlap gizledim, Ahyr soňy çydap bilmän sözledim, Ỳalbarỳan gözelim bir çäre eỳle. Sensiz bu dünỳäm gam bilen gussa, Saňa duşup boldum mejalsyz hassa, Bagtyỳar bolarsyň hak nesip etse, Lukman bolup derdime bir çäre eỳle. Ynansaň bu sözler ỳürekden çykỳar, Yşgyň ody meni lowladyp ỳakỳar, Kakamyrat adyňa perizat dakỳar, Ỳanyp gutarmakam bir çäre eỳle.

Köneler, jalaylar tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir