Men hemişe dileýärin hudaýdan,
Gaýgy gussa ýugrulmasyn ömrümiz.
Bu bäş günlik dünye geçer,bizdenem,
Şatlanyp ýaşalyň,ýaşan günimiz.
Basan adimimiz,bolmasyn şowsyz,
Ýürekdäki söýgimiz kül bolmasyn.
Aşyk magşugyndan düşmesin jyda,
Bilbiliň saýraýan,güli solmasyn.
Göwnüne degmäliň birek biregiň
Doslaşyp ýaşalyň,ýaşan wagtymyz.
Ýel ugryna,tozamasyn kül ýaly,
Gül ýaly açylsyn,biziň bagtymyz.
Allam görközmesin hiç,bir adama,
Wagtyndan ir,aýralygyň ezýetin.
Diňe şatlyk,şowhun bolsyn öýlerde,
Ýaşaň duýyp bu durmuşyň lezzetin..
Şatlanyp ýaşalyň,ýaşan günümiz.
-
yashalym
3 years ago
- Yashalym, näme üçin hormatyñ bölek?
-
yashalym
3 years ago
- Goşgy gowy yazylypdyr molodes👏
-
yashalym
3 years ago
- @Yasalym, Şammy Kakabay goşgularyny halaýarys şonuñ üçin hormatymyz bölek !
@BBS
-
yashalym
3 years ago
- Beýleki ýaşalym okdedi şeýle soraglara
yashalym 3 years ago- Salam Şammy Kaka dowamly bolsyn malades. Size hormatym bölek !
@BBS