ALBAY
HOWSALA
Ýaban çagşan tüneginiň tärimlerine, göwşüllän üzükleriň sallam-sajaklygyna gözüni dikip, öýüň adam ömri bilen basdaş bolýandygy baradaky birmahal eşiden gürrüňi ýatlady. Ol öz ömür-peýwendi hem şu öý ýaly çagşap, keltelip ýörendir öýdüp öz ýanyndan hopukdy.
Öýüň çüýrän ýerlerini çalşyrmaga Ýabanyň gurby çatjakdy, üstüne täze üzük-de atyp biljekdi. Ýöne bu hütdük gara öý Ýabana ata-enesinden galan ýalňyz ýadygärlikdi, mirasdy. Olar Ýabanyň şu öýde döwletli bolmagyny arzuwlapdylar. Şol arzuw-muhabbet bilen gurlan öýe el degirmäge Ýaban milt edip bilmeýärdi. Ol ömrüni paýawladyp, şu öýde oňňut edip gelýärdi. Şondan bäri geçen ýigrimi ýylyň içinde ol öýüň hiç zadyna el degirmän, mukaddes saklady, onuň hiç bir zadyny çalşyrmady. Dogry, ýekeje çalşan zady boldy. Onam bu öýe degişli diýseňem boljak, degişli däl diýseňem.
Ýabanyň kakasy gyşyna daýhançylyk aladalardan dynyp, çöle çykardy, aw ederdi. Ol öýüň gapysynyň çep tarapynda – Ýabanyň çaý içýän ýerinde elguşuň tutdan ýasalan hekemini oturdypdy. Hekemiň ýokarsynda – tärimde elguşuň naharlanýan albaýy asylgy durardy. Ýaban, ana, şol albaýy aýyrmaly boldy. Ony aýyrmazlyga Ýabanda çykalga galmady. Kakasyndan galan elguş – tarlan hiç kim bilen öwrenişmedi. Içde-daşda eýesiniň görünmezligi onuň rahatlygyny gaçyrdy. Özüne öwrenişdirjek bolup çeken ähli azaby reýgan bolansoň, Ýaban tarlany erkinlige goýberdi. Elguş mahal-mahal eýesiniň öýüne dolanyp-dolanmandygyndan habar alyp durdy. Kä gün gelip, hekeminiň üstünde oýkanjyrap-oýkanjyrap ýatybam gitdi. Wagtyň geçmegi bilen onuň öýe gelmesi galdy. Ýöne tarlanyň yhlasy Ýabanda başga bir elguş edinmäge höwes oýardy. Ol öz elguşuny kakasyndan galan albaýyň üstünde naharlady. Ýaban tomusda elguşuny albaýa öwrenişdirdi. Bürgüt uçup esli ýokaryk galdygy, ol her gezek elguşuny nahara çagyranda aýdýan «haýt, haýtyny» gygyryp, albaýyny galgatdy. Köpden bäri aç bürgüt albaýa gözi kaklyşandan aw gözlemesini goýup, eýesine tarap ok ýaly atyldy. Batly gelşine albaýyň ortasyna penjesini urdy. Ýöne ondan et tapman, gaty-gaty gygyryp, ganatlaryny pasyrdatdy. Iki ýanyna seredip, et gözledi. Onuň bu bolşuna Ýabanyň haýpy geldi. Entegem özüni rastlamadyk bürgüdiň ýeleklerini barmaklary bilen daraklady. «Men seni keýpine aldamok ahyryn. Sen aw etmegi öwrenmeli. Bi diňe aw öwrenýänçäň şeýle bolar. Soň seni hiç wagt hem nemetmen».
Aldawyň birnäçe gezek gaýtalanmagy elguşuň sabyr käsesini pürepürledi... Albaý onuň gyrjyny boldy. Bürgüt albaýy görmek islemedi. Onuň üstünde berlen eti iýmedi. Hekemiň ýokarsyndaky albaýy gördügi öýüň içinde ala-pasyrdy turuzdy. Şonuň üçin hem Ýaban kakasyndan galan albaýy öňki ýerinden aýryp, täzesini dikmeli boldy.
Öýüň içindäki albaýdan başga zatlaryň şol birmahalky durşy.
Kakasyndan galan bir tanap ýere Ýaban her ýyl bugdaý ekýär, bugdaý ýygnaldygy, mäşdir-u-noýba ýaly, ojagyň aş-suwuna ýaraýan, tiz ýetişýän zady ekýär. Ýabanyň özüniň jepakeş bolşy ýaly, onuň mellegem jepakeş, ýylyň ähli paslynda boş ýatman eýesine hyzmat edýär. Barybir, bir tanap ýer bilen güzeran dolap bolanok. Şonuň üçinem Ýaban Nurjan işanyň ýeriniň bir bölegini kärendesine alyp, bugdaý ekýär. Ondan düşýän paý rozugäre biraz tekge. Onuň aýaly, çagalary-da Nurjan işanyň işiginde kömege durýarlar.
Ata-ene öý dikip, Ýabany illendiren hem bolsalar, agtyga guwanyp bilmän geçdiler. Olar agtyk gördüler. Ýöne Akmyratjyk uzak ýaşamady. Ol dört ýaşynda gyzamykdan agyr syrkawlady. Çaga kakasynyň boýnundan gujaklap, ragbatsyz halda gözünden ýaş dökdi. «Kaka, kaka, meni ýagşy görýäňmi?» diýip pyşyrdady. «Heý-de seni ýagşy görmenmi, oglum? Sen meniň daýanjym ahyryn» diýip, Ýaban ogluny bagryna basdy. Oňa anna güni bazara äkitjekdigini, halwa alyp berjekdigini aýtdy. Çagajyk muňa biçak begendi. Ysgynsyz eljagazy bilen kakasynyň boýnundan gujaklap aglady. «Onda aldama, kaka. Bazara äkit. Halwa geregem däl...» Ýaban ogly gutuldygy bazara äkitmegi göwnüne düwdi. Ýöne ogly anna gününe ýetmedi. Akmyratjygyň delminip-delminip gitmegi Ýabanyň göz öňünden aýrylman, ajy gussa bolup, ezýet berdi. Ogluny bazara äkitmäge, halwa alyp bermäge eden wadasy ýadyna düşüp, ol müýnürgedi. Ogluny öň bazara alyp gitmändigine puşman etdi. Akmyradyndan soň bolan iki çaganyň üznükmegi Ýabany agyr derde goýdy. Üç çagany, iki gaýyny bir gapydan ugradan Jumagül gelniň hem bu öýde durasy gelmedi. Adamsyna başga ýere geçmek barada aýdyp ugrady. Ýaban ony diňlemänsoň, ýalbardy, özelendi.
Göçmäge sebäp diňe bir çagalaryň, gaýynlaryň ýogalmagy hem däldi, goňşulary Rahym ýylmalar bilen Ýabanlaryň oňşuklary pesdi. Är-aýal şolardan birneme aňyrrakda bolanlaryny kem görenokdylar. Birbada olar obanyň ýokary tarapyna çekilelem diýdiler. Ýöne Jumagül öýüň ýelbagyny çözüberende, Ýaban saklanyp bilmedi. Aýalynyň elinden şapba tutdy-da: «Bi ojagy taşlap gitmäli, Jumagül! Gitsek, hiç ýerde-de döwlete ýüzümiz düşmez» diýdi.
Ýaban Rahymlardan uzakda bolmagy hemmeden beter isleýärdi. Käte: «Rahym bilen hiç mahal gatnaşmaryn» diýip ýüregine düwerdi. Ýöne bu goňşuçylykda bolýarmy näme?
Ýene bolmady...
Ýabany öýi, ömri hakdaky oýlardan, köne ýatlamalardan aýalynyň gapdalda getirip goýan bir çäýnek çaýy halas etdi. Ol dikeldi, çaýa güýmendi.
Çaý oňa gurp berip ugrady, göwnüni açdy. Bolsa-da garaýagyz ýüzüne gelşik berip duran uly gözleriniň agyp-dönüşi, imeşik tüýli gataňsy eli bilen käse göterişi, her agşam irden, towuklar bilen deň ýatýan Merdanjygyň tükeniksiz sowallaryna jogap berşi, onuň uzynly günüň hysyrdylaryndan ýadandygynyň alamatydy. Gaty göwni açylanda dagy ol çagalaryna erteki aýdyp bererdi. Käýarym aýalyna henek ataýmasam bardy.
On-on iki ýaşlaryndaky oglan kürsäp öýe girdi. Ol iç işikde sojap durşuna, nämedir bir zat aýtmakçy bolup, ellerini hereketlendirdi.
– Nä entäp ýörsüň gijäniň ýarynda? – diýip, Ýaban ogluna käýindi. Hydyryň saňňyldaýşyny görüp, ýerinden turdy. – Näme, bir zatdan gorkduňmy?
– Ony jyn kowalandyr – diýip, Hydyryň kiçi jigisi – basdaşy Merdanjyk ýorganyň aşagyndan jedirdedi.
– Jyn kowalanok – diýip, özüni birneme dürsän Hydyr garaçyny bilen aýtdy. – Babageldiniň kakasy ýykyldy. Ejesem aglap otyr.
– Nireden ýykyldy?
Hydyr näme jogap berjegini bilmän, eginlerini ýylgyrdy. Ol ýene aljyrady.
– Nireden ýykyldy diýýän saňa?
– Ýerden...
– O nähili ýerden?
– Ýerden-dä...
– Nätdiň-aýt muny? – diýip, Ýaban gaharly hüňürdedi.
– Babageldem aglady. Täzegülem...
– Sen olarda bi wagta çenli näme iş edip ýörsüň?
– Babageldi çagyrdy: «Bizde oýnaly» diýip.
– Bir zat bolandyr, çagalaryň kakasy – diýip, tikin-çatyn edip oturan Jumagül ataly-ogluň gürrüňine goşuldy.
– Gijäniň bir çaky näme bolduka oňa, allajanlarym? – Ýaban ýabadan asylgy duran çäkmenine elini ýetirdi.
Hydyr kakasynyň ýüzüne seredip durşuna aljyraňňy seslendi:
– Kaka...
– Hä – diýip, çokaýyny geýip duran Ýaban seslendi. Soňam ol aýalyna ýüzlendi. – Sen nemedip durma-da, ogluňy ojagyň başyna geçir. Suw ber bir owurt. Ýüregi süýşen bolaýmasyn.
– Kaka...
– Hä?
– Gitmesene.
– Näme üçin?
– Gitme-dä...
– Gel, oglum, şujagazy iç – diýip, Jumagül ogluna käse uzatdy. – Näme etjegini kakaň özi gowy bilýändir.