Bir dostym harby okuwa girmek üçin saglyk barlagyndan geçdi welin "sende reňk körlügi bar" diýip yzyna gaýtardylar. Şoňa çenli reňk köridigini bilmän gezipdir. Onsoň meňem içimde gorky we şüwhe döredi; mende de barmykaraý reňk körlügi, diýip. Reňkleri saýgarma kemçiligi erkekleriň %8 we zenanlaryň %4-ynda barmyşyn. Ýagny ýolda-yzda görýän erkeklerimiziň on ikisinden biri reňk köri! Muny eşidip hasam gorkyp başladym we bir test tapyp özümi test etdim! Hudaýa şükür menä %92 arasynda ekenim :) Sizem gözüňizi barlasyňyz gelse, şol testi türkmençä öwürdim, aşakdaky salgyda: Reňk körlügi testi

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir