Yhlas we niýet barada hadyslar

Ebu Abdullah Jabir ibni Abdullah el Ensary radyýallahu anhuma şeýle diýdi: -Bir gezeginde, Pygamber sallallahu aleýhi we sellem bilen bir söweşdedik. Şeýle buýrdy: -Keselleri sebäpli Medinede galan şeýle bir adamlar bar ki, siz bir ýolda ýöreseňiz ýa-da bir jülgäni geçseňiz, olaram (niýetleri sebäpli) siziň bilen bile bolan ýalydyr. Başga bir rowaýata görä: -“Sogap gazanmakda size şärik bolarlar.”

***

Jennet bilen buşlanan on sahabadan biri bolan Ebu Yshak Sagd Ibni Ebu Wakkas radyýallahu anh şeýle diýdi: Hoşlaşyk Hajy ýylynda örän agyr ýagdaýda kesellänim üçin Resulullah sallallahu aleýhi we sellem ýagdaýymy soramak üçin geldi. Oňa: -Ya Resulallah! Görşüň ýaly men agyr ýagdaýda keselli. Men baý adam. Ýeke gyzymdan başga mirasdüşerimem ýok. Mal-mülkümiň üçden iki bölegini sadaka edip paýlaýynmy? – diýip soradym. Hezreti Pygamber: -“Ýok”, diýdi. -Ýarysyny paýlaýynmy? – diýdim. Ýene-de: -“Ýok”, diýdi. -Üçden bir bölegine näme diýersiň, ýa Resulallah? – diýip soradym. -“Üçden bir bölegini paýla! Hatda olam köp bolar. Mirasdüşerleriňi baý goýup gitmegiň, olary garyp goýup halka mätäç etmegiňden has haýyrlydyr. Allahyň razylygyny pikir edip eden harç-harajatlaryň, hatda ýan ýoldaşyň agzyna goýýan naharyňam, ählisiniň sogabyny alarsyň. ” buýrdy.

***

Ebu Hureýre Abdurrahman ibni Sahr radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Allatagalla siziň bedenleriňize we ýüzleriňize däl-de, kalplaryňyza (ýürekleriňize) sereder.”

***

Ebu Bekre Nüfeý ibni Haris es-Sekafi radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamber sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Iki musulman bir-birine gylyç çeken wagty, öldürenem, ölenem jähennemdedir.” Biz: -Ýa Resulallah! Öldüreniň ýagdaýy belli, ölen näme üçin jähennemdekä? – diýip soradyk. Resuly Ekrem sallallahu aleýhi we sellem: -“Sebäbi, ol ýoldaşyny öldürjek bolýardy”, buýrdy.

***

Ebu Abbas Abdullah ibni Abbas ibni Abdulmuttalyp radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Allatagalladan rowaýat eden bir hadysynda şeýle buýrupdyr: “Allatagalla ýagşylyk we erbetlikleri takdyr edip ýazandan soň bularyň ýagşy we erbet bolşyny şeýle düşündirdi: Kimdir biri ýagşylyk etjek bolup edip bilmese, Jenaby Hak (Allatagalla) muny edien nogsansyz bir ýagşylyk edip ýazar. Eger biri ýagşylyk etmäge niýetlense, soňam şol ýagşylygy etse, Jenaby Hak şol ýagşylygy on esseden başlap ýedi ýüz esse edip, hatda has köp edip ýazar. Kimdir biri erbetlik etmäge niýetlense soňam etmese, Jenaby Hak muny nogsansyz bir ýagşylyk edip ýazar. Eger biri erbetlik etmäge niýetlense, soňam şol erbetligi etse, Jenaby Hak ony diňe bir erbetlik edip ýazar.”

Edebiýat, korpejik tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir