GÖWHER MONJUK 

Bu gyz, göýä, pelegiň gerdişi bilen käte-käte ýönekeý gullukçylaryň maşgalasynda-da dünýä inäýýän näzikden eýjejik gyzlaryň hilindendi. Onuň şaý-sepli bukjasy-da, geljege umydy-da, ýokary jemgyýetden barlyja bir adamyň gözüne ilip, onuň özüni söýüp, öýlener mümkinçiligide ýokdy. Onsoň ol halk magaryf ministrliginden kiçiräk bir gullukçynyň sözüni alaýdy. 
Geýim-gejim, şaý-sep edinmäge serişdesi bolmansoň, sadaja geýnerdi, özüni welin hak-hukukdan mahrum, betbagt saýardy, sebäbi zenan maşgala üçin synp, nebere diýen ýaly zatlar ýok; owadanlyk, gelşikli syna hem mylaýymlyk olar üçin islän maşgalasynda dogulmaga hukugyňam, şol maşgala berilmeli artykmaçlyklaryňam öwezini dolaýmaly. Olara mahsus bolan sypaýylyk, kesgir zehin hem duýgy — ine, şular garamaýak gyzlary abraýly hanymlaryň derejesine göterip, olar bilen deňleşdirip biljek ýeke-täk basgançakdy. 
Özüni iň bir nepis durmuşda, iň aňrybaş elpe-şelpelikde ýaşamak üçin doglan hasaplansoň, hemişe ejir çekerdi. Özüniň pukara durmuşyndan, ýalaňaç diwarlarynyň gözgynylygyndan, sürtülip giden oturgyçlaryndan, solak tutularyndan ejir çekerdi. Öz deňindäki başga bir aýalyň gözüne-de ilmejek zatlaryň barjasy oňa jebir berýärdi, myrryhyny atlandyrýardy. 
Pukaraja hojalyklaryny dolandyrýan keltejik breton zenanynyň sypatynyň özem onda ajy ahmyr, başa barmajak ham-hyýallary döredýärdi. Düýşüne diwarlaryna gündogar ýurtlarynyň matalary çekilen, gadymy bürünçden ýasalan şemdanlar bilen ýagtylandyrylan, bug peçleriniň yssysyna aýaklary ýüpek joraply meýmireşip ýatan epeý-epeý hyzmatçylary bolan kaşaň kabulhananyň lal-jim ümsümligi girerdi. Düýşüne gadymy agyr ştof mata çekilen, nepislik bilen ýasalan stoljuklaryň üstünde gymmat bahaly her dürli şaý-sepler goýlan bezegjaýlary, islendik zenanyň göwnüni awlap biljek atly-abraýly dost-ýarlaryň bilen üýşüp çaý içilýän anbar ysly kaşaň myhmanjaýlary girerdi. 
Üç gün ozal arassalanan saçagyny tegelek stoluň üstüne ýazyp, adamsynyň garşysyna geçip oturanda, olam çorbaly jamyň gapagyny galdyryp: «Ohow, kelemli çorba! Göwnümdäkini bilipsiň!» diýip, göwnühoş seslenende, aýaly hoşboý naharlaryň, lowurdap duran kümüş gap-gaçlaryň, gadymyýetiň gahrymanlarynyň hem-de täsin tokaýlardaky hyýaly guşlaryň suratlary çitilip, diwarlaryny bezäp duran halylaryň arzuwyny ederdi; farfor gaplarda äberilýän datly tagamlaryň, forel balygynyň gülgün etini ýa-da turajyň ganatjygyny çokjalan bolup otyrkaň, gulagyňa pyşyrdap aýdylýan mylaýym sözleri eşitmegi, aýdan zadyňy bolsa syrlyja ýylgyryp diňlemeklerini küýsärdi. 
Onuň ne geýim-gejimi, ne-de şaý-sepi bardy, asla hiç zady ýokdy. Ol bolsa diňe şu zatlary halaýardy, özüni diňe şu zatlar üçin ýaradylan hasaplaýardy. Hemmelere ýarasy, hemmeleri özüne maýyl edesi, jemgyýetde üstünlik gazanasy gelýärdi, beýleki aýallaryň özüne gözleriniň giderini isleýärdi. 
Kilisede bile terbiýelenen baý jorasynyňka setanda-seýranda görme-görşe giderdi, her gezegem şol jorasynyňkydan gaýdanda ejir çekerdi, indi şolara barmazlyga ant içerdi. Hasratdan, özüne nebsi agyrmakdan, tukatlykdan hem umytsyzlykdan ýaňa günuzyn aglap geçerdi. 
Bir gezek agşamara öýüne gelen adamsy dabaraly sypata girip: 
— Me, al, bu saňa garaşylmadyk sowgat — diýip, aýalyna uly bukja uzatdy. 
Aýaly bukjany hasyr-husur ýyrtyp, içinden gatyja kagyz çykardy. Onda: 
«Halk magaryf ministri bilen onuň aýaly hanym Žorž Ramponno jenap we hanym Luazelleri 18-nji ýanwarda, duşenbe güni ministrlikde boljak agşamlyga çagyrýarlar» diýlip ýazylandy. 
Adamsynyň garaşyşy ýaly şatlanmagyň ýerine, aýaly çakylygy janyýangynlyk bilen stoluň üstüne oklap goýberdi: 
— Ýeri, bu meniň nämäme gerek?! 
— O nähili beýle, ezizim? Men-ä sen gaty begenersiň öýdüpdim. Hiç ýerde bolaňok, bu bolsa gaty gowy mümkinçilik ahyryn, gaty gowy! Men bu çakylygy zordan aldym-a. O ýere hemmeleriňem barasy gelýär, hemme kişini bolsa çagyryp duranoklar, kiçeňräk gullukçylara-ha asla çakylyk beribem baranoklar. Sen ol ýerde ähli ýokary wezipeli gullukçylary görersiň. 
Aýaly adamsyna alarylyp seretdi-de, janyýangynly gürledi: 
— Nämede gideýin o ýere? Mende geýere zat ýok! 
Bu ýagdaý öň onuň kellesine-de gelmänsoň, hüňürdedi: 
— Teatra geýýän köýnegiňde gidersiň-dä. Meniň pikirimçe-hä, şonyň örän gowydy. 
Şonda ol aýalynyň aglaýanyny gördi-de, aljyraňňy hem gaýgyly halda dymdy. Iki sany iri gözýaş damjasy aýalynyň ýaňaklaryndan syrygyp, dodaklarynyň gyrasyna barýardy. Ol sakawlap: 
— Saňa näme bolýar? Ýeri, näme bolýar? — diýip sorady. 
Aýaly özüne zor salyp hasratyny basdy, nemli ýaňaklaryny süpürdi-de, parahat jogap berdi: 
— Hiç zat. Ýöne meniň eşigim ýok. Şoň üçinem agşamlyga gidip biljek däl. Çakylygyňy aýaly menden gowy geýinýän işdeşleriň birine beräý. 
Adamsy lapykeç bolup, oňa naýynjar garady...
(dowamy bar)

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir