Harazban eline düşse algyr baz,
Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin,
Bir çopan goluna degse bir almaz,
Çakmakdaşy eder, gadryn näbilsin.

Kämil bolmaz ol
şerbetden datmagan
Pähim eýlemez
söz magnyga ýetmegen.
Däli-Mejnun yşk eseri etmegen
Perizat Leýliniň gadryn näbilsin.

Dynçlygyň gadryny bilmez armagan.
Beglik ede bilmez berim bermegen
Çölde açlyk muşakgatyn görmegen
Öýde yssyg nanyň gadryn näbilsin.

Ötenden soň, adam aňlar döwletin,
Bilmez döwlet bilen geçen nobatyn,
Çekmän kişi bimarlygyň zähmetin,
Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

Rismanyn berk edip,
labyr salmaýan,
Girdaba ugraşar häzir bolmaýan,
Keştisi kölegde bendil almaýan,
Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.

Garry, ýigit bir ykrarda durmasa,
Ulag gadryn bilmez, kişi armasa,
Ördek, guba gazlar çöli görmese,
Ser-çemenli köl gadryn näbilsin.

Aýralyk oduna ýanyp-bişmeýen,
Zalymlar elinden ülke aşmaýan,
Watandan aýrylyp,
ýalňyz düşmeýen
Ülkesinde il gadryn näbilsin.

Magtymguly diýer, ýaru-hemdemge,
Geliň şükr edeliň, dostlar, bu demge,
Zatynda söz pähmin bilmez adamga
Müň many söz diýseň,
gadryn näbilsin.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir