Bedasyla beglik ýetse bir günde,
Alar awun, salar guşun aňlamaz,
Ýarlygy ýörigen nurbatsyz begler
Pukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz.

Belet başlar dogry ýoly çen bile,
Akyl adam söz başlamaz
«men» bile,
Namart otyr, geňeş eýlär zen bile,
Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz.

Mertden dileg etseň,
aýdar: «hup bolar!»
Bir bagşaşdan ýetmiş bela
dep bolar.
Muhannes geňeşi çölde köp bolar,
Duşman görse, tutar işin aňlamaz.

Hak ýoluna her kim
haýr-yhsan kylar,
Kyýamat gün bir ýerine on geler.
Namart duşman görse,
gussadan öler,
Goç ýigitler tördün, bäşin aňlamaz.

Magtymguly, beg
ýanynda til başlar,
Gylyjy-gaýraty bolan il başlar,
Mertden bolan ýygyn
görse, ýol başlar,
Namart ogly deňin-duşun aňlamaz.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir