Suyji bolyar ekip iysen, manlay derin dokup iysen! (Kayum Tanrygulyyew, "Igde").
~~~
Esasy zat-ynam. Ynansan, ahli zat gowy bolar. Hatda oz pikir edisinden hem gowy bolar. (Mark Twen, "Tom Soyerin basdan gecirenleri").
~~~
Ozune baha bermek, beylekilere baha bermekden has kyndyr. Eger-de ozune dogry baha berip bilsen, diymek sen hakykatdan hem payhaslysyn. (Antuan Sent-Ekzüperi, "Kicijik sazada").
~~~
Issizlik-gaty yaramaz kesel. Ony cagalykdan bejerip baslamaly, yogsa ulalanyndan sonra ondan hic hili gutulyp bolmaz. (Karlo Kollodi, "Pinokkio").
~~~
Mahribanym, bu dunyade ahli zadyn-baglaryn, daslaryn, yyldyzlaryn, adamlaryn oz sazy bar. (Pamela Trewers, "Meri Poppins").
~~~
Eger dunyade ahli zat manysyz bolsa, onda ozune bir manyly zady oylap tapmaga name pasgel beryar?! (Lyuis Kerroll, "Alisa tasinlikler dunyasinde").
~~~
Seyle bir berk duzgun bar: irden oyandynmy, ilki bilen yuwun, ozune timar ber, sonra bolsa oz planetan hayryna bir is et. (Antuan de Sent-Ekzüperi, "Kicijik sazada").
~~~
Menin pikirimce, in guycli zat-sabyrlylyk. Sebabi ahyrynda sabyrlylyk ahli zady yenip bilyar. (Pamela Trewers, "Meri Poppins").
~~~
Su aytjaklarymy hemise yadynda saklajagyna soz ber: sen oz ynanysyndan hem gayratly, goz onune getirisinden hem guycli, pikir edisinden hem akyllysyn. (Alan Miln, "Winni-Puh").
~~~
Indi ol ozunin sunca kyncylyklara we betbagtcylyklara sezewar bolanyna begenyardi, cunki ol oz bagtyna we toweregini gursayan ajayyplyklara has gowy baha berip bilyardi. (Hans Kristian Andersen, "Betnysan ordejik").
29.03.2021 22:40

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir