Başga gözelleri asla islämok,
Maňa ýekeje sen gerek,ynanaý.
Başga gözellere bägül beslämok,
Al,bu bägüllerim saňa do:lan aý.

Gözleriň meňzänok,özge gözlere,
Näzleriňem özge näze meňzänok.
Şoň üçin bakamok özge gyzlara,
Özgelerden asla bagtym gözlämok.

Şahyr,Kerim agaň aýdyşy ýaly,
Sen deý gyz,müň ýyldan dogar ýene-de.
Olam mähir bilen güllerden doly,
Owadan,asuda,ajap senede.

Seniň ýaly,gyzy söýmek bagt maňa,
Taýym bol,ýarym bol bagtymy açyp.
Ynanaý,ynanaý ýekeje saňa,
Törimiň gapysy,gujagym açyk.

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir