Eje hakda ýazylypdy kän goşgy,
Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar.
Ýöne Kaka hakda ýazylanok kän,
Nädip beýle pese gaçdy kakalar.
Hawa, Ýok diýjek däl, Ene mukaddes,
Sylamaly, Ejeleri söýmeli.
Ýöne diñe ejeleri däl, eýsem
Kakalarmyzada "sag bol" diymeli.
Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi,
Ýöne kakamyzam şonça söýendir.
Eje gijelerne ýatman hüwdilän bolsa,
Kaka gijelerne gala bolandyr.
Kaka bolmak ýeñil-ýelpaý däl ahyry,
Hem mähirli, Hem gazaply bolmaly.
Çaga terbiýesi näzik mesele,
Kä söwüp, Kä söýüp öwsüp durmaly.
Eje ekläp - saklap sana goşmaly,
Kaka galan zady boynuna alýar.
Ogly haýsy ýolda geljegi niçik,
Dost ýary kim-baryn bilmeli bolýar.
Eje hakda kän ýazylýar goşgular,
Kaka hakda köp ýazmaga hajat ýok.
Diñe Kakañ üçin gowy ogul bol,
Kaka şondan başga kän zat islänok.
Awtory paýlaşana belli däl. Eger siz goşgynyñ awtoryny bilseñiz Kommentarýada ýazmaklygy unutmañ
28.03.2021ý 1:39