salam mahriban agzalar. eyran turkmen sahrasinda mahtumguly dan sonra kop soyulen we shigirlary okunan shahyr belki kerim kurban nepes aga bolsin. sizden islen zadim shu : siz onun haysi shigryny halayaniz. tm de onun haysi goshgysi kop aydilyar we dillerde dolashyar?
Kerim gurban nepes
-
saylanan
16 years ago
- Kerim aga ýaly beýik söz ussadynyň şygyrlaryny Eýranda hem tapmak mümkin onuň öz sesi bilen SD-lerde okan goşgularyny Kümmethowuz şäherinde Stereo ``Sahy``we``Ilýar``dükanlaryndan almak mümkindir.Umuman Kerim aga hakdan içen şahyrdyr.
-
CeriumOxide
16 years ago
- salam Jeýhun aga! meň iň gowy görýänlerim:
ýazmasy agyr düşen goşgy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
-
CeriumOxide
16 years ago
- saylanan!!! senem aýranly türkmenlerdenmi?
-
galam
16 years ago
- Kerim şahyr hakyky halk şahyrydy. Ol bu derejä özüniñ halka juda ýakyn hem düşnükli goşgulary bilen eýe bolupdy. Kerim aga edebiýatda düşnükliligiñ, sadalygyñ tarapdarydy. Ýöne ol çylşyrymly poýeziýa-da uly gadyr goýýardy. “Bir şahyr bar, halk üçin ýazýar, bir şahyr bar, şahyrlar üçin ýazýar” diýerdi. Ol özüni şahyrlaryñ şahyry hasaplamazdy, halkyñ şahyry hasaplardy.
Köçämizde iki çaga uruşdy,
Her gapydan ylgap çykdy bir aýal.
Ak gapydan orta boýly Ogulşat,
Gök gapydan uzyn boýly Aýjemal --
diýip, Kerim aga halkyñ durmuşynda bolýan iñ owunjak hem häsiýetli zatlary inçelik bilen tutmany başarardy.
-
agayunus
16 years ago
- kerim aga degishli shu sozler aklymda galypdyr: "biz name ucin doguldyk? adamyn butin omri shu soragyn jogabydyr!"
-
galam
16 years ago
- onuñ goşgulary halk bilen ýaşap ýör. Ol goşgular bizi mertlige, sadalyga, ynsan gözelligine, kämillige çagyrýar. Olar däne-däne bolup, akyl zerreleri ýaly, bir okanyñ ýadynda dur.
Öwrenip ilkinji harpy diýdiler,
Gomalar şägirdiñ galpy diýdiler.
Galp şägirtden boluñ hüşgär diýdiler,
Emer-de, emjegiñ dişlär diýdiler...
Eýsem, şahyryñ şahyrçylyk senedini harlan häzirki zaman goşguçylarynyñ bir toparyna şundan beter baha bermek mümkinmi?
-
CeriumOxide
16 years ago
- ýazmasy agyr düşen goşgy - Kerim Gurbannepesow
-
saylanan
16 years ago
- mana Iranlymy diyip sorag beripsiniz. Hawa hazir-a Eyranly-yoaslym Turkmenistanly. men dilchi we edebiyatchy
-
bayram kadr
16 years ago
- salam dosdum.KERİM GURBANNEPESOW ŞEYLE BİR ADAM WELİN ONUN AHLİ GOŞGULARYNY SÖYÜP OKAMAMAK ELDE DAL...OL MAGTYMGULY AKYLDARYMYZDAN SON MENİN ÜÇİN DENSİZ TAYSYZ ŞAHSYYET
-
ceyhun82
16 years ago
- dohanlarim dogursuny aytsam gumdan tapilan yurek adli goshgysyny okan soňum näche gunläp duygulu bolyp yordym. eziz bilen gulnazin arasindaky soygy we gulnazyn ezize vepadarlygy gozlerime yaş doldyrdy.doganlar bu soygy dunyede yekeje turkmeniň gyz we oglaniniň arasinda tapilyar .we kerim aga onu bizlere katy gowy bir shekilde dushunduryär.
shondan son kerim agani gowja tanidim .we ondan yekeje shygyr tapsamda derrow alip okardym we lezzet alardym . dogry ki magtymguly bizim buyuk shahyrymyz yöne kerim aga bir bashga. we onu hich kim bilen deng edesim gelmeyar.
-
saylanan
16 years ago
- ceyhun82
Sag bol ýazanlaryňa.Kerim aganyň ``Gumdan tapylan ýürek``poemasy Söýgi simwolydyr. Emma sen ýene-de Aman Kekilowyň``Söýgi``poemasynam okagyn.Gaty üýtgeşikdir
-
ceyhun82
16 years ago
- saylanan
beren adresiň uchin kop sag bol . dogurdanam maňa shoyle bir adres gerekty . nache wagt mundan öň serdar doganym eyran turkmenlerinin pop aydimchilarindan albumyny islepdi senin beren adresinde hokmän onun da isledigini yerine yetirip bilern.
sen eyranin haysi shahrynde belki hemshehrydirs.
senin yali turkmen edebyatchi we dilchiden peydalanmak mumkynmi?
-
ceyhun82
16 years ago
- serdar jan
senin islegini yerine yetirmage meshgul .
gowjab zat tayyar edip yollajak bolyan . inshaallah yakinda
-
ceyhun82
16 years ago
- onuda sho beren adresinde tapyp bolarmyka?
-
ceyhun82
16 years ago
- mana talyplar.com agzalarindan bir teklif geldi. islesen onu bileje tayyar edeli. bormi?
sen boyle zatlarda tejrybeli yalida
-
saylanan
16 years ago
- Ceyhun sen haysy chaherden?Chata menzeshe gech
-
daKING
16 years ago
- Kerim aganyn "yashlyk dramasy"-ny 10 yashymdada yatdan bilyadim.Yadyma dushyar oyde kichirajik kitaby.kakam kitap okamny gowy gorenson.Manada shol hasiyeti gejipdir oytyan.Turkmen goshgylarny okamany gaty gowy goryan.
-
saylanan
16 years ago
- Kitap okamagy halaýanlara uly hormay goýýaryn.Daking 10 ýaşdan bari bu poemany ýatdan bilýan bolsaň-onda sen dogrudan hem edebiýaryň aşygy ekeniň
-
daKING
16 years ago
- Name uchindigini bilemok yone elime gyzykly kitap gechse shony hich tashlap bilemok saylanan.Ilkinji okan uly kitabym tomsawyer we hucklumberi fin oytyan 10yashymdady oytyan.(adyny yalnysh yazan bolup bilerin.)Mark twain yazyar.Gaty gyzykly kitap kim okamadyk bolsa maslahat beryan.soň inglis dilinde okadym (15 yashymda) ony ol hasam gowy.
Sonra bolsa durdy karowyn 10 yyl turmede atly 2 kitabyny okapdym.Gaty gyzyklyja kitap.Real durmyshdan.
men iň halayan kitabym monte kristo gaty gowy kitap.prosto super.
Kitap diyseler gyzygyp 1giden zat samradym oytyan:)
-
ceyhun82
16 years ago
- saylanan
ceyhun_karaca82@yahoo.com
mitoonim baham chat konim va sohbathamoono oonja bokonim.montazere payamet hastam
-
bond
16 years ago
- ne fahmidam.
-
saylanan
16 years ago
- Bolyar men sizin bilen hokman habarlasharyn.Ceyhun siz yone mana farscha yazman.Goryaniz-a Bond kinaya bilen yazyar. BOND mana beyleki blogda hem farscha bir zatlar yazypdyr.Men pars dal ya-da pars bilen gatyshygym yok. Turkmenin orta barmagy we ig turkmeni men.Eger menin bilen name gepiniz bolsa turkmenche yazmagynyzy hayysh edyan.
saylanan 16 years ago- Dillerde dolaşmadyk şygry ýokdur kerim aganyň.Emma ``Ýaşlyk dramasy``-``Taýmaz baba``-``Ata we ogul`` poemasyny okasaň doýup bolmaz.Döwür şeýle döwür``goşgusyny ýatdan bilmeýanler azdyr.``Gumly gelin ``-``Altyň biri``-``Gök çaý``-Gopuzly gyz``aýdyma öwrülip taryha ýazyldy. garaz haýsyny sanaýyn.Rubagylary bir dünýä.``Enemiň üçi güni ýazylan goşgy``-``Ýazmasy agyr düşen goşgy`` dagy iň goşgularyň beýgi.Bulary doly okan adam biguman HAKYKY ADAMKÄRÇILIGIŇ çäginden asla çykyp bilmez