Reňkleriň adamlaryň hereketlerinde we alýan kararlarynda uly täsiri bardyr. Bu ýagdaýy dizaýnerlar we satyjylar gowy ulanýarlar (reňkleriň psihologiýasyny bilýän bolsa).
Käwagt reňk adamyň bir önümi satyn almagyndaky sebäp bolup bilýär. Alyjylaryň 93%-i önümiň daş görnüşüne seredip, onuň 84,7%-i önümiň reňklerine üns berýär.
Reňkleri dogry ulanyp bilmegimiz önümi dogry tanadyp bilmegimiz üçin gaty möhümdir. [1]

Reňkler bilen müşderä esasy üns çekmeli ýeri we oýarmaly duýgulary oýaryp bilersiňiz. Öz temaňyza görä dogry reňkleri saýlamagyňyz möhümdir. Bu logo, reklama, web sahypasy ýada önüm bolup biler.
Hatda kinolaryň hem reňkleri bardyr.
Reňkler kinodaky gahrymanlaryň halyny we häsiýetini düşündirmek üçin hem ulanylýar.

Gysgaça käbir reňkler.

Gyzyl reňk: Satylýan önüm üçin tizlik (howlukmak) duýgusy döredýär, arzanladyşda gyzyl ulanylýandyr. Işdäni açýar, tiz-tagam (fast-food) satýan ýerler tarapyndan kän ulanylýar. Hereket duýgusyny oýarýar, gan basynjyna we ýürek uruşyna täsir edýär.

Gök reňk: Parahatçylyk we ygtybarlygy görkezýär. Ynam we öndürmek duýgusyny berýär. Müşderä ynam bermek üçin ulanylýar.

Ýaşyl reňk: Saglyk, rahatlyk, dynç we tebigaty görkezýär. Dükanlarda müşderini rahatlatmak üçin ulanylýar. Adamda ynam we ylalaşmak duýgusyny oýaryp, düşünişmäge iterýär.

Melewşe (çernil) reňk: Bilgiç we hormaty görkezýär. Mesele çözmäne we ugurtapyjy bolmaga iterýär. Esasan owadanlyk üçin ulanylýan önümlerde ulanylýar.

Mämişi (pyrtykal) reňk: Höwes we hereketli bolmagy görkezýär.
Sary reňk: Begenmek, joşmak we öndürmegi görkezýär. Çagalaryň parklarynda ulanylýandyr.

Gara reňk: Güýç, häkimiýet, kuwwat we durnuklylygy görkezýär. Döwlet edaralarynda ulanylýar.

Ak reňk: Sadalyk, tämizlik we durnuklylygy görkezýär.

Çal reňk: Pes göwünlilik, ulanyşlylyk, kömek bermegi görkezýär. Yöne bu reňki köp ulanmak hiçlik duýgusy we çökgünlüge sebäp bolup biler.

Reňkleriň psihologiýasy hakynda internetde epesli makala tapyp bilersiňiz. Haýsy reňkleri bile ulanmaly we reňkleriň sazlaşygy hakynda epesli makala, surat we wideo bardyr.
Taslama edýän agzalarymyz hökman reňkleriň ulanylyşyny öwrenip iş etmeklerini maslahat berýärin. Sagbolyň…

Taýarlan: Arslan Alaýew

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir