Sözüň süýji,mähir doly ýüzüňde,
Dünýäde sen deý mähriban adam ýok.
Gasynly elleňde,jady bar ýaly,
Seniň tagamlaňdan doýup bolonok.
Aladalam,gaýgylam uçyp gidýär,
Mähir bilen sypalaňda başymy.
Seň öňiňde entek,borjym kän meniň,
Allam uzak etsin seniň ýaşyňy.
Gara saçyň çalaranna gynanma,
Çal saçlaryň,nurly ýüziň bezeýär.
Ogyň toý edenok diýip gynanma!
Ol saňa meňzeýän,gyzy gözleýär.
Meň ýazasym geldi,ýene sen hakda,
Sen hakynda ýazsamda öň nijeme.
Ejem maňa,süýji arzuwlar edýär,
Meňem süýji arzuwlarym Ejeme.
TM. 3 years ago- 👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼gowy gosgy.Jennet ejelerimizin ayagynyn asagyndadyr.Ejelerimiz uzak yasasyn