Bolupdur bir waka yany-yakynda, Bu waka geçi we goyun hakynda. Bu geçi gybatçy gepçi geçimiş, Goyunun yaşy bolsa ,bolupdur yetmiş. Bir ogly bar eken bu garry goyunyn, Bar arzuwy öyermek yekeje oglun. -''Gudaçylyga barsam geçin gyzyna'', Habarymy alman kowarmy yza. -''Makul bilsen kakasy baryp göreli'', -Diyeris gonşyjan garyndaş bolaly. Ar-heley bolup yola düşdüler, Yolda diyjeklerin ölçap biçdiler. Barsalar öyde gyzy bar eken, Geçinin özi öyde yok eken. ''Ejen na wagt gelerka gyzym? Derwayys işimiz bardy-da bizin'' -Girin geler ol daşa gitmedi, Goyun bolsa beyle bolar öytmedi. Dolandy geçi giden yerinden, Salamdan son habar aldy bulardan. Ene goyun habaryny geça ayytdy, Geçi habary eşidip tisginip gitdi. -''Bererin gyzym göwnese eger, Galynam salmaryn juda bir agyr''. Hoşlaşyp bulary saldy-da yola, Gyzyna-da aytman gurnady hile. Bir hepde geçenson duşuşdy bular, Hany görelin indi nenen gep bolar. -Dinlesen gonşyjan şey diydi gyzym, -''Galynyn sana-da alyber özün''. Şey diyip bir kagyz çykardy yanky, Boz-yaz bolup goyunun gaçdy renki. Bir başyndan okady yanky kagyzyn, Goyun diydi:-''duraber yadady agzyn''. Okap otyr ol yzyny üzman, -''turşy bolmasyn getirjek süzman''. Sanady özüne gerek zatlaryn, Unutmandyr gyşyna iyjek otlaryn. -''Jorajan getirgin yandagyn gowusun'', -''Petdesi ulurak, sany mün bolsun''. -''Bugday,arpa getir otuz haltadan'', -''Gyzym hem gep çekmesin baldyz,eltiden''. Sanaşdyryp otyrdy iki-ikiden, Gyzy şol wagt girdi gapydan. Aygytly hüjüme geçip dessine, Gygyryp başlady bularyn üstüne. -Ya-da tapdynmy yene-de bir hile, -Derdinden galmady çykarym ile. -Sen nam-a beydip otyrsyn kempir, -Çaltyrak gitmesen deger bir kepgir. -''Toba''-diyip tüykürdi yaka, -''Gideyin çaltyrak abray barka''. -Gelin edip alandan geçin gyzyny, -Müjerret geçirin yekeje oglumy. Toy etmek pikirini üytgetdi goyun, Şeydip tamam boldy gysgajyk oyun. K.Bayramow

Köneler, jalaylar tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir