Kolizeý dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekýän Rimiň iň gelim-gidimli ýeridir. Kolizeý biziň eýýamymyzyň 72-nji ýylynda gurlup, ol dünýäde iň uly açyk meýdan sahnasy hasaplanylýar. Kolizeý 189 metr uzynlykda, 156 metr inlilikde, 24000 inedördül metr meýdanly, 48 metrden gowrak beýiklikde ellips şekilli binadyr. Onuň gurluşygynda ulanylan mermeriň umumy mukdary 100000 kub metr diýlip çaklanylýar. Italiýadaky Kolizeý 100 müňden gowrak gurluşykçylaryň gatnaşmagynda 8 ýylda gurlupdyr. Binanyň ilkinji ady „Flawian meýdan sahnasy„ bolup, ol imperatorlaryň Flawian dinastiýasyny aňladýar. Kolizeý neronyň seýilgähiniň bölegi bolan Kolossuň ägirt uly heýkeliniň golaýynda ýerleşýär. Onuň häzirki ady Kolossuň heýkeli bilen baglanyşykly gelip çykandyr. Rimdäki Kolizeý 80-den gowrak gapydan ybaratdyr we 50000-e golaý tomaşaçy oňa ýerleşip bilýändir. Gadymy rimliler Kolizeýde bolýan wakalara mugt tomaşa edipdirler. Kolizeýde festiwallar bilen bir hatarda oýunlar 100 güne çenli dowam etdirilipdir. Gadymy rimliler käwagt Kolizeýi suwa basdyrypdyrlar hem-de göwün açmak üçin onuň içine kiçi gämi salyp, deňiz uruşlaryndan sahna görkezipdirler. Biziň eýýamymyzyň 847-nji we 1231-nji ýyllarynda bolan ýer titremeler Kolizeýe köp zyýan ýetiripdir. Kolizeý häzirki wagtda hem rim ýaşaýşynyň üns merkezinde saklanýar. Millionlarça adamlar her ýylda bu gözel ymarata özlerini Gadymy Rimiň döwründe ýaşaýan ýaly duýmak umydy bilen gelýärler. Kolizeýiň şekilini Italiýanyň bäş sentlik ýewro teňňesinde görmek bolýar.