Witka Borzenkow raýon merkezindäki bazara gidip et satdy (Ol öýlenjek bolýardy,
pul zerur gerekdi). Bazarlyk işini bitirensoň, ol larýoga bardy-da, bir-iki bulgur
çakyry jyňkydyp, daş çykdy. Ol çilim çekip durka, ýanyna bir ýaş gyz geldi-de:
— Çilim otlaýyn-la! — diýdi.
Gyz çilim otlap durka, Witka ony elin synlady. Gyz ýaşdy. Ýöne, näme üçindir,
ýüzi ýellenendi, barmaklaram sandyrap durdy.
— Öten agşam köp içäýipsiň öýdýän? — diýip, Witka gönümel sorag berdi
oturyberdi.
Nebsewürlik bilen çilim soran gyzam ýagdaýyny gizlejegem bolup durmady.
— Ýogsam näme.
— Kelläňi düzetmäge-de puluň ýokdur — diýip, Witka has içgin aralaşyp başlady.
Özem haly teň adamynyň ýagdaýyny soraman bilýänliginden hoş boldy.
— Pulum ýok. Sende barmy?
(Et satylyp bolunýança, çakyrly larýoga girilip-çykylýança ol gyzyň bir gapdalda
bukulyp, özüni ýörite garawullanyny Witka çakam etmeýärdi).
— Ýör onda, kelläňi düzedeli.
Inçesagt, ýüzi ýakymly gyzy Witka halady. Onuň ýüzüniň çişi, gizlemän,
ýagdaýyny gönümel aýdyşy bolsa ýaş ýigidi birneme tolgundyrdy.
Çakyr satylýan larýoga girdiler. Witka derrew bir çüýşe çakyr bilen iki sany
bulgur alyp geldi. Öňürti özi bulgurýarym gönderip, galan çakyryň hemmesinem
gyza guýup berdi. Soň daşaryk çykyp çilim otlandylar. Witkaň keýpi oňat boldy,gyzyňkam oňat boldy. Ikisiniňkem oňat boldy.
— Şu ýerlimiň?
— Hawa. Ýaşaýan ýerim uzagam däl — diýip, gyz elini salgady. — Taňryýalkasyn.
Özüme geläýdim.
— Ýene meýliň bolsa-ha...
— Içsegem bolman durmaz. Ýöne, bu ýerde-hä däl.
— Eýsem nirede?
— Bize gitsegem bor. Öýde hiç kim ýokdur...
Witkanyň kalbynda bir ýumşaklyk, näziklik peýda boldy. Oba çenli awtobus
sagatýarym ýöreýär. Wagtam entek giç däl. Soňky awtobus ugraýança bir topar
zada ýetişmek boljak.
Witka näçe çüýşe içgi aljagyny oýlanyp durka:
— Meň joramam bardyr — diýip, gyz içgini köpräk almalydygyny aýlaw bilen
syzdyrdy.
Witka iki çüýşe gyzyl, bir çüýşe-de ak aldy. Şeýdip olar edil köne ülpet ýaly
tirkeşip bazardan çykdylar.
— Bazara näme üçin geldiň?
— Et satdym. Öýlenjek bolýan. Harjy gerek.
— Be-e.
— Öýlenjek. Besdir indi. Sallahlykdanam halys irdim.
Gelinligiň barka, öýlenjek bolup ýörkäň, gabat gelen nätanyş gyz bilen beýdişip
ýörmegiň gelşiksizdigi barada Witka pikirem etmedi. Gaýtam häzir Witka üçin
nätanyş bilen tirkeşmek öz gelinligi bilen tirkeşenden gyzykly bolup duýuldy.
— Gelinligiň gowy gyzmy?
— Näme diýsemkäm? Öýdeçilräk. Gowy hojalykçy boljak.
— Söýýäňmi?
— Näme diýsemkäm? Bir mahalky ýaly ýüregiňi jigledip barýan söýgi bar diýsem-
ä ýalap sozledigim bolýa. Aý, öňi-soňy öýlenmeli-dä.
— Ýalňyşaýma. Bir ýalňyşsaň-a, bu meselede ömür ökünip geçmeli borsuň.Umuman, ol ikisiniň arasynda şol hem şoňa meňzeş gürrüň bolup, ahyr gyzyň
ýaşaýan ýerine ýetdiler. (Gyzyň ady Ritady). Gep-gürrüň bilen Witka haýsy köçe
bilen, nädip gelenlerinem duýman galdy. Ritanyň ýaşaýan jaýy köneräk, ýöne
ýene ýetmiş-segsen ýyl saklanjak jaýdy.
Üç otagly jaý arassajady, akja matalar bilen bezelendi. Ol ýagdaý Witkanyň
keýpini göterdi. Durmuş-da. Çüwse, rysgalyň agzyňa geläýýär.
— Hany joraň?
— Biraz garaş. Men oň yzyndan gideýin.
— Garaşaýyn welin, ýüpsüz daňyp goýaýmagyn. Bormy?
— Men derrew dolanaryn. Içiň gyssa radiolany açaý.
Näme üçin bu gyz bilen ähli zat ap-aňsatka? Bary-ýogy bäş minut bäri tanasa-da,
Witka ol gyzy ömri boýy bilýän ýalydy. Ine saňa durmuş! Ol gyzyň aladaly,
gaýgyly hem akylly gözleri bardy. Birden-birden Witka ony bagryna basyberesi
geldi, näme üçindir oň gyza nebsi hem agyrdy.
Rita çykyp gitdi. Witka jaýyň içinde gezmelemäge başlady. Radiolanam açmady.
Radiolasyzam onuň ýüregi gürsüldäp, begençden dolup durdy.
Bolan waka soň Witkanyň ýadyna düşýär. Ritanyň jorasy geldi. Ol Rita görä
görmeksizräk, lakgyrak, ýaşam birneme ulurakdy. Ol gyz gapydan girenden,
eňegine jaň dakylan ýaly gepläp başlady, bir mahal sirkde işlänini, göreneşidenlerini aýdyşdyrdy... Soň içmäge oturdylar. Witka stoluň başynda Ritany
ogşap aldy. Ritanyň jorasy bolsa, Witkanyň eden hereketlerini tassyklap baş atdy.
Rita bolsa henek edip Witkanyň goşaryna uran boldy. Rita ýaş ýigidi iteklän kişi
bolsa-da, oňa tarap gysmyljyrady, boýnundan gujaklady.
«Ine saňa durmuş! Men nähili zor adam!» — diýip Witka içini gepletdi.
Soň Witka özüni ýitirdi. Näme edip, näme goýanynam bilmedi. Ol özüne gelende,
bir köne haýatyň düýbünde ýatan ekeni. Nirede ýatanyny, bu ýere nädip düşenini
aňşyrjak bolup özüni kän gynady. Onuň kellesi güwläp, çekgeleri sanjyp durdy,
bokurdagy gurap, agzyndan ot çykýardy. Ol Rita atly gyzy zordan ýatlamaga
ýarady. Içgä nämedir bir baş aýlaýan zat goşup berenlerini, şeýdibem puluny
alandyklaryny çaklady. Pul hakdaky pikir ony birneme janlandyrdy. Ol kynlyk
bilen ýerinden turup, jübülerini barlaşdyrdy. Elbetde, pul ýokdy. Witka haýata
ýapyşyp, töwerege ser saldy. Golaý-goltumda Ritanyň jaýyna meňzeş jaý
görünmedi. Köçe-de, görünýän jaýlaram düýpden başgady.
Witka heniz bazardan çykmanka, bir onlugy sagat jübüsinde gizläpdi. Ol-a bar
ekeni. Ol nirä barýanynam bilmän, ýola düşdi, bir garryja adam gabat gelende
bolsa, awtobus stansiýasynyň nirededigini sorady. Duralga asyl daşam däl ekeni.
Ilki göni, soň çepe, göni köçe bilen gidibem ýene çepe sowulaýmaly ekeni.«Şeýtseň duralga göni maňlaýyňy dirärsiň». Duralga barýança Witkanyň ýüregi
şäherli bezzatlara bolan ýigrençden doldy. Şolara bolan gazapdan ýaňa onuň
kellesiniň agyrysam kiparlady. Olardan ar almak höwesi döredi.
—Bolýa, bolýa. Men entek size görkezerin — diýip, ol samrady.
Diýse-de, ol ýaramaz adamlar bilen näme etjegini welin göz öňüne getirip
bilmeýärdi. Bir zat bellidi — bu wakanyň soňy oňlulyk bilen gutarmaly däldi.
Awtobus duralgasynyň ýanyndaky larýok gijä çenli işleýärdi. Onuň töweregi
mydama märekelidi. Witka bir çüýşe çakyr aldy-da, ony çüýşäniň bokurdagyndan
jyňkytdy, boşan çüýşäni bolsa agaçlaryň arasyna dazladyp zyňyp goýberdi. Şol
mahal onuň golaýynda duran çalarak serhoş üç adamynyň biri:
— Agaçlaryň arasynda adam oturan bolsa nätjek? — diýdi.
Ol soragdan soň, yrsarap duran Witka bilindäki flot kemerini çözdi-de, onuň bir
ujuny eline sarady, kemeriň tokaly tarapy boş galdy. Şol adamlaň gabat gelenini
Witka kemem görmedi.
— Agaçlaryň arasynda adam bar diýýäňmi? Adam näme işlesin. Siziň bu bitli
şäherjigiňizde nä adam barmy?
Ol üçüsi bir-birlerine seredişdiler.
— Eýsem biz adam dälmi?
— Siz adam däl. Size haýwan diýerler, haýwan. Onda-da ganjyk.
Üç adam Witkanyň üstüne, Witka-da üç adamynyň üstüne hüjüm etdi. Olaryň
biri-hä kellesine degen tokanyň zarbyna derrew ýere ýazyldy, beýleki ikisi bolsa,
kellelerini urgudan gorap, aýak bilen Witkany ýykjak bolýardylar. Birden olar:
— Haý ýetiň, biziňkileri urýarlar!— diýip gygyryşdylar.
Bir ýerden ýene bäş sany adam atylyp çykdy. Dogry, Witkaňam gözhakyny
berdiler. Kimdir biri yzdan gelip, elindäki boş çüýşe bilen onuň depesinden
inderdi. Her hal Witka ýykylman saklandy. Onuň kemsidilen ýüregi birneme
aram tapdy.
Witkanyň üstüne hüjüm edýänler hapa-hapa sögünýärdiler, öz-özleri bilen
çakyşýardylar, tertipsiz loňkudyklaşýardylar. Şeýdibem bir-birlerine zeper
ýetirýärdiler. Witka bolsa ol ajym-büjümlikden peýdalanyp, kemerini mäkäm
işledýärdi.
Bir ýerden milisiýa peýda boldy. Adam bary üýşüp, Witkany haýat bilen larýogyň
arasyndaky darajyk burça gysdylar. Witka kemeri bilen goranyp, ýanyna adam
eltmeýärdi. Milisioneri öňe goýberdiler. Gany gyzan Witka milisioneriň kellesine
kemer bilen ýelmäp goýberdi. Iň erbedem kemeriň tokasynyň iç ýüzüne gurşun
guýlandy. Şonuň üçinem ol degende degen ýerini owradyp barýardy. Milisionerýykyldy. Onuň ýykylanyny gören adamlar aňk bolup, ah çekdiler. Bolmasyz işiň
bolandygyna Witka şondan soň düşünip galdy. Ony eltmeli ýerine eltdiler.
Bolan betbagtlygyň habary Witkanyň ejesine ertesi baryp ýetdi. Irden ony ýerli
milisiýa çagyryp, şäherde oglunyň nämeler edenini birin-birin aýtdylar.
— Eý, Hudaý! — diýip, garry allaniçigsi boldy. — Indi ony näderler?
— Näderler. Türmä salarlar. Milisioneriň kellesi ýarylypdyr. Özem keselhanada.
Olar ýaly iş üçin türmeden başga ýere äkitmezler. Bäş ýyl töweregi bererler. Nä,
beýder ýaly ol aklyndan azaşypmy?
— Eý, Hudaý, her edip-hesip edip ýardam kylaweri! — diýip, garry ot-elek boldy.
— Kömek ediň!
— Aýdýanyň näme? Men nädip kömek edeýin?
— Wah, içendir ol, içendir. Içse aklyndan azaşaýýa-da...
— Meň elimden gelýän zat ýok, garry. Ol eýýäm eltilmeli ýerine eltilipdir. Eýýäm
dokumendem ýazandyrlar...
— Kim kömek edip bilerkä?
— Kim kömek etsin?! Hiç kimem başarmaz... Milisiýa gidip, ýagdaýyny bir doly
bilişdir. Ýöne, olardanam saňa kömek ýokdur.
Ýeňil aýak, arryk, damarlak pahyr oba içinde elewräp bildi. Ol oba Sowetiniň
başlygynyň ýanyna-da bardy. Olam ozal aýdylan sozleri gaýtalady.
— Men nädip kömek edeýin? Häsiýetnama ýazyp beräýmesem, başga-ha elimden
gelýän zat ýok. Barybir häsiýetnama talap ederler. Şonda oňat edip ýazaryn.
— Ýazaweri, janym, oňat edip ýazaweri. Sag bolsa, garynjaňam göwnüne
degmezdi diýip ýaz.
— Adama ýara salan bolsa, sagmy-serhoşmysyny sorap duraslary ýok-la. Näme et
diýsene? Sen, gowusy, şol ýaralanan milisioneriň üstüne git. Belkem, ýarasy
onçakly agyr däldir. Agyr bolmanda-da...
— Beren maslahatyň üçin Alla seni ýalkasyn, janym, Alla ýalkasyn!..
Witkanyň ejesi raýon merkezine tarap eňdi. Bäş çaganyň enesi bolan ol pahyr
entek gaty ýaşka dul galdy. Kakasynyň wepat bolandygy baradaky habar gelende
(Bir müň dokuz ýüz kyrk ikide) Witka emýän çagady. Garrynyň uly oglam 1945-
de wepat boldy, gyzy kyrk altyda açlykdan gitdi. Soňky iki ogly ölmän sypdy,
olaram heniz oglanka FZU-a okuwa gidip, häzirem başga şäherlerde ýaşaýardylar.
Witkany bolsa o pahyr zordan adam etdi. Özi iýmän iýdirdi, özi geýmän, geýdirdi.
Azaby köýmedi. Witka daýaw ýigit bolup ýetişdi. Onuň ähli zady gowy welin, şuiçmesi bar-da. Içse-de, halys bolmajysy bolaýýar. Atasyna çekipdir-dä. Ýatan ýeri
ýagty bolmuş, o pahyr obada ýumruklaşma bolsa birinem sypdyran däldir.
Garry milisiýa baranda, hakyt düýnki awtobus duralgasynda bolan wakany ara
alyp maslahatlaşyp oturan ekenler. Witka milisioneriň-ä mazaly hakyny beripdir.
Ol, dogrudanam, keselhanadady. Ýene iki sany serhoşam keselhana düşüpdir.
Olaram Witkanyň kemeri sebäpli.
Kemere üns bilen seredýärdiler.
— Gör-ä haramzadanyň tapýan zadyny! Göräýmäge kemer-dä. Emma agramyny...
Hernä gapyrgaň ýüzüne uraýmandyr...
Şol mahalam Witkanyň ejesi jaýa girdi. Ol bosagadan ätlän badyna dyzyna çöküp
jowrandy, ýagşy dilegler etdi, haýyş etdi.
— Siz edil perişde ýalysyňyz-la. Wah, siziň kelläňizem akyldan doludyr-la...
Birneme rehimdar bolaweriň. Kömek ediň. Witkamyň günäsini geçiň! Wah, ol
serhoş bolandyr. Serhoş dagy bolmasa iň soňkuja köýnegini beribem adamlara
ýagşylyk edýändir. Adam çagasynyň göwnüne-de degýän däldir...
Ketderägi bolsa gerek, stoluň aňyrsynda Witkanyň kemerini elläp oturan
milisioner sadadan, düşnükli gepledi.
— Hany, garry, sen entek ýeriňden bir gal. Beýder ýaly bu ýeri buthana däl. Hany,
gel, muny gör...
Naçalnigiň mylaýym sözlerinden birneme ruhlanan garry ýerinden galdy.
— Hany, ogluň kemerini bir gör. Nä ol flotda gulluk edipmidi?
— Hawa, hawa. Flotda gulluk etdi, flotda.
— Muňa bir seret. — Naçalnik kemeriň tokaly ýerini saldarlap gördi. — Şuň bilen
bir ursaň adam ölerem. Gapyrga dagy degäýse gutardygy hasap edäý. Ganhorluk.
Häzir doktorlar üç adamynyň janyny halas etmek üçin göreşýärler. Sen bolsa,
günä geçmek hakda gürrüň edýäň. Seň ogluň üç adamyny keselhana dykdy
ahyryn. Olaň birini bolsa gulluk wezipesini ýerine ýetirip ýörkä şeýtdi. Özüň
oýlanyp gör, garry, heý şolar ýaly wagşylykdan soňam günä geçmek hakda pikir
edip bolarmy?
Ene ýüregi şeýle-dä. Öz çagasy betbagtlyga uçranda, ol başga biriniň akylly
maslahatynam kabul edip bilmeýär. Her hili söz bilen, her hili gep bilen enä öz
oglunyň günäkärdigini ynandyrjak gümanyň ýokdur.
— Wah, eziz balalar! — diýip, garry ýene möňňürdi. — Serhoşlukda beýle zatlar
bola-bola gelýändir-le... Nebsiňiz agyrsyn...
Garrynyň ýagdaýy gözgynydy. Onuň sandyraýan sesinde haýpygelijilik, ejizlikalamaty bardy. Milisioner diýilýän halk, ýogsam, onçakly ýüregi ýuka-da däldir.
Emma olaram enäniň bolşuna seredip bilmediler: kimisi aňyrsyny bakdy, kimisi
çilim otlanan boldy.
— Ol meň ýeke-täk öýdeş oglum ahyryn. Meni eklejegem şol, saklajagam. Özem
öýlenjek bolup ýördi. Indi ony türmä salaýsalar, gelinligi näder? Ýa gelýänçä
garaşar öýdýäňizmi? Garaşjak gümany barmy. Gelinligme-de nebsim agyrýar.
Gül ýaly gyz, özem oňat maşgaladan...
— Ogluň şähere näme iş bilen gaýdypdy? — diýip, naçalnik sorag berdi.
— Et satmaga. Bazara, etjagaz satmaga gaýdypdy. Pul gerekdi. Gelin edinjek
bolsaň, ýogsam puly nireden aljak?
— Ogluň ýanynda gara köpügem ýok ekeni.
— Eý, Hudaý! — diýip, garry howpurgady. — Oň pullaryna näme bolduka?
— Puluna näme bolanyny özünden soramak gerek, özünden.
— Wah, ogurlandyrlar, ogurlandyrlar. Şoň üçinem, jany ýangynly oglan uruşmaly
bolandyr. Puluny ogurlandyrlar. Julikler ogurlandyr, julikler...
— Puluny žulikler ogurlan bolsa, biziň işgärmizde näme günä bolup biler? Ony
näme üçin urýamyş ol?
— Garma-gürme-de oňa-da degäýendir-dä.
— Her garma-gürmede, şeýdip, birimizi urup ýykjak bolsalar, basym bizde
milisionerem galmaz. Siziň ogullaňňyz gaty gyzma bolýalar. — Naçalnik kesgitli
sözledi. — Günä geçmek diýen zat bolmaz, garry. Ogluň etmişine görä temmi alar.
— Wah, perişdeler, men garra nebsiňiz agyrsyn — diýip, garry ýene ýalbaryp
başlady. — Men betbagta rehimiňiz insin. Men ýaňy durmuşyň gyrasyndan
girdim. Şu mahala çenli oňly gün gören däldirin. Oglum işeňňir ogul. Ynha,
öýlense dagy gül ýaly adam bolup gider. Rehim ediň. Menem ölmänkäm agtyga
guwanaýyn...
— Gep bizde däl, ene, sen şoňa düşün. Prokuror bar ahyryn. Biz seň ogluňy
goýberäýsek, nämä esaslanyp boşatdyňyz diýen sorag bererler. Oňa näme jogap
bereli. Biziň beýtmäge hakymyz ýok, hakymyz. Men seň ogluň ýerine türmede
oturyp bilmen ahyryn.
— Belkem şo urlan milisioneriň ugruny tapyp bolar? Öz elim bilen dokan matam
bar. Belkem...
— Ol senden zat almaz — diýip, indi naçalnik birneme sesini gataltdy. —
Adamlary oňaýsyz ýagdaýda goýjak bolma. Bu ýagdaý iki garyndaşyň senemenesi däl ahyryn.— Indi men nirä ýuz tutaýyn, balalam? Sizden ýokarda adam barmy?
— Goý, prokuroryň ýanyna gidip görsün — diýip, duranlaryň biri maslahat berdi.
— Melnikow, garryny prokuroryň ýanyna ugrat — diýip, naçalnik buýruk berdi,
soňam ýene garra tarap öwrüldi-de, ker bilen ýa-da düşünjesiz bilen gepleşýän
ýaly äheňde sözledi. — Bar prokuroryň ýanyna. Ol bizden ýokarydyr. Goý, ol saňa
düşündiriş bersin. Biz seň ogluňy boşadyp bilýäsmi ýa-da ýok. Sen dogry düşün,
ene, bärde seni aldajak bolýan adam ýok.
Milisioner bilen tirkeşip, garry prokuroryň ýanyna gitdi. Ýolda ol Melnikow bilen
gep alyşmaga synanyşdy.
— Balam, Witka ony erbet ýaralapmy?
Milisioner Melnikow hem oýlandy, hem dymdy.
— Sud edäýseler, näçe ýyl keserkäler?
Milisioner giň-giň ädimläp, dymyp barýardy.
Gapdalyndan gypydaklap barýan garry her edip-hesip edip, uzyn milisioneri
gepletjek bolýardy.
— Dymma, balam, sen maňa düşündir, balam. Seňem eneň bardyr. Biz eneler
şeýle-dä. Häzir geplän bolup barýan welin, her aýdan sözümem bagryma sanjy
bolup ornaýar. Näçe ýyl keserkäler, ä?
Milisioner Melnikow gümürtik jogap gaýtardy.
— Ynha adamynyň mazarynyň üstünden gümmez dikýäler, mazaryň töweregini
syryp-süpürýäler. Nä o zatlar ölüler üçin gerekdir öýdýäňmi? Elbetde, dirilere
gerek. Öldüň – öçdüň. Öleňsoň näme etselerem seň üçin atyň gulagy ýaly des-deň.
Garry allaniçigsi boldy. Asyl ol saklandam.
— O gepleň näme? Sen näme diýjek

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir