Awtoulag mahabatlarynyň iSeeCars amerikan agregatory iň ygtybarly awtoulaglaryň reýtingini düzdi. Sanawa agyr zeper ýetmän 200 müň mil (322 müň km) geçip bilýän awtoulaglar girdi. Barlagyň çäklerinde 2020-nji ýylda satylan 11,8 milliondan gowrak awtoulag seljerildi.

Reýtingdäki orunlaryň aglabasyny “Toyota”-nyň modelleri eýeledi. Birinji ýeri “Land Cruiser” aldy - oňa 200 müň mil geçen ýolsuz ýerlerden ýöräp bilýän ulaglaryň 16,3 göterimi girýär.

“Rowaýata öwrülen bu ýanbermez ulag iň agyr şertlerde-de, azyndan, 25 ýyl hyzmat etmek üçin niýetlenen. Ýolsuz ýerlerden sürmek adaty zat hasaplanylýan ençeme ösýän ýurtlarda bu awtoulaga bil baglanýar"-diýip, iSeeCars ýazýar.

Ikinji orny yzyndaky modelden iki esse öňe saýlanan “Toyota Sequoia SUV” (11.2%) eýeledi.

“Land Cruiser” ýaly, “Toyota Sequoia”-da hem berk pikap şassisi we sekiz ýolagçyny ýerleşdirip biljek üç hatar oturgyç bar. Ol uzak aralygy geçmäge ukyply we agyr ýükleri çekip bilýän örän başarnykly maşgala ulagydyr"-diýip, reýtingi düzüjiler belleýärler.

Üçünji ýeri “Chevrolet Suburban” eýeledi (5.1%). Bazar barlagçylary, reýtingde “General Motors”-yň Suburban bilen bir platformada gurlan we köp tarapdan özara baglanyşýan beýleki awtoulaglary hem öz içine alýandygyny bellediler.
Bulardan soň reýting şeýle dowam edýär:
4-nji ýer: “Ford Expedition” - 4,9%
5-nji ýer: "Toyota 4Runner" - 4.1%
6-njy ýer: "Toyota Avalon" - 3,9% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk sedan)
7-nji ýer: “Chevrolet Tahoe” - 3,9%
8-nji ýer: “Toyota Highlander Hybrid” - 3,8% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk krossower)
9-njy ýer: "Toyota Tundra" - 3,7%
10-njy ýer: "GMC Yukon XL" - 3,6%
11-nji ýer: “Honda Ridgeline” - 3,4%
12-nji ýer: "GMC Yukon" - 3,3%
13-nji ýer: “Honda Odyssey” - 2,9% (ilkinji 16-lykdaky ýeke-täk wen)
14-nji ýer: "Toyota Tacoma" - 2,8%
15-nji ýer: “Lincoln Navigator” - 2,6%
16-njy ýer: "Toyota Prius" - 2,6%

Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir