Redmi kompaniýasy resmi satuwy başlandan bäş minut soň, 300 müň mobil gurluşyny satyp Redmi K40 tapgyrynyň smartfonlarynyň satuw rekordyny goýdy. Bu barada delovoe.tv hytaý brendiniň Weibo sosial ulgamdaky sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Belläp geçsek, bu smartfon hataryna iki model girdi: Redmi K40 we Redmi K40 Pro.
Bu modeller elýeterli bahalary bilen birlikde täsirli aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Mysal üçin, K40 smartfony Snapdragon 870 prosessory, Adreno 650 grafiki tizleşdirijisi, 20 megapiksel selfi kamerasy we 48 megapiksel esasy modul bilen, K40 Pro bolsa Snapdragon 888, Adreno 660 we 64 megapiksel esasy fotosensor bilen üpjün edildi.
Modelleriň ikisinde-de Full HD+ ygtyýarly 120 Gs displeý bar. Şeýle-de, smartfonlar 33 Wt çalt zarýadlanma eýe boldular. 
Bu smartfonuň meşhurlygyny göz öňünde tutup, kompaniýa smartfonlaryň täze tapgyryny ýola goýmagyň senesini eýýäm belli etdi. Satuw 8-nji martda dowam etdiriler.

Täzelikler, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir