Kanada geçen ýyl zähmet migrantlary üçin has özüne çekiji ýurt boldy. Şeýle maglumaty iki halkara kompaniýasynyň (BCG we The Network) hünärmenleri bilelikdäki barlag işiniň netijesinde anykladylar diýip, vse42.ru habar berýär.

Maglumatlara görä, Kanada gazanç etmek maksady bilen öz ýurduňdan gitmek üçin has özüne çekiji döwlet bolup durýar. Reýtingde ol hatda ABŞ-ny hem gysyp çykardy.
Bu barlag işi 190 ýurtdan 209 müň gatnaşyjynyň, takmynan, 50%-iniň gazanç etmek üçin öz ýurtlaryndan gitmäge taýýardygyny görkezdi. Bu 2014-nji we 2018-nji ýyllaryň görkezijilerinden azdyr — degişlilikde, 64% we 57%. Sorag edilenleriň pikiri boýunça, göçmek üçin özüne çekiji ýurtlaryň onlugyna Awstraliýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Singapur, Fransiýa, Täze Zelandiýa hem girdi.

“Iş üçin iň meşhur ýerleriň ilkinji onlugynda ýokary orunlary eýelemegi başaran ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly koronawirus ýagdaýy az. Bu ýurtlara Kanada, Awstraliýa we Ýaponiýa degişli. Mundan başga-da, saglygy goraýyş pudagynda üstünligi üçin dünýä bileleşiginiň öwgüsine mynasyp bolan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden iki ýurt – Singapur we Täze Zelandiýa – bu reýtinge täze girenler boldy” – diýip, derňew işinde bellenilýär.

Sorag-jogap, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir