Ertesi okuwda Rówşene hiç hili seretmedim. Ol maña ùns berdimi, bermedimi bilmedim. Men oña hiç hili úns bermezligi ýúregime dúwdim. Bir zady berk ýúregime dúwsem şonam etjek bolŷan...

Ondan soñ 3-4 gún geçdi...

Bir gún okuwdan gelemde ejem:

– Bol gyzym eşikleriñi çalyş Ata kakañlara gideli. Bu gún olar úýşmek edýáler.Senem hôkman alyp gel diýip Altyn gelnejeñ sargap goýberdi.- diŷdi.

Men náme etjegimi bilmedim. Ejemiñ meni náme diýsemem alyp gitjegini bilýán birdenem kelláme gowy pikir geldi:

– Wii eje men bu gún okuwda talyp joşguny bolýa şoña gitmelidim.- diýdim.
– Waheý gyzym Altyn gelnejeñ gynanarda barmasañ.
– Eje gynanmaz, sen şeýdip aýtsañ. Meñem gidesim gelýále, ýóne deñ dúşdidâ.
– Borda aýdaýaryn şeýdip. Okuwyña gitmeli bolsa git gyzym galma.
Hany onda men gideýin. Senem iýip içde onsoñ git. Açlygyña gitme.- diýdi.

– Bolýa eje. Házir iýip içip onsoñ giderin. Sagbol ejejan agşam górişeris. Salam aýtgyn Altyn gelnejemede, Mahri bilen Melegede.
– Sagbol Nesip bolsa gyzym sag otur.- diýip ejem çykyp gitdi.

Men bolsa iýmán içmân ýenede Rówşeniñ Merjeni gujaklap baryşyny ýatlap dálliráp agladym...
Şol gún óŷde ŷeke ôzûm bolandanmy ŷa şol gûn ŷûregimden sôŷen oglanymy şeŷle añsatlyk bilen dûşinişmezlik bilen elimden gidirenime gynanyp gaty kán agladym...

Wah şol gûnlerim ŷadyma duşse hâzirem gynanŷan...

Ondan soñ ep eslije wagt geçdi... 2 aŷa golaŷ wagt bolandyr Rôwşeni gôrmedigime.Ŷône ejemden eşdŷâdim ol barada. Ejem gidŷâdi olara her gezegem men bir bahana tapyp galŷadym... Olam hiç meni innemeŷâdi.Okuwda kâwagt şol Merjen bilen kikirdeşip gulagyna bir zatlar pyşyrdap gûlişip barŷanlaryna gôzûm ilŷârdi. Hamala men oñ ômrûnde, durmuşynda hiç hili hiç wagt bolmadyk ŷaly...

Bir gûn okuwdan geldim... Ejem işdedi. Óýde ýeke ózúm gapy kakyldy acsam Rôwşen dur ne salam ne selim bar. Ne ŷylgyrÿa, ne-de bir ŷúzi ûŷtgeŷâ dúŷbinden hiç hili meñ garşysynda duranym tâsir etmeŷân ŷaly ôzûni alyp barŷardy.

Ol elindâki paketi ôñûmde goŷduda:
– Ŷygna Bâgûl gelnejeme ber diŷip yzyna ôwrûlip ŷôrejek wagty men:
– Rôwşen dursana bir minut - diŷip sakladym.
Ol biperwaŷ yzyna seretdi-de:
– Çaltrak gûrle, işim kân - diŷdi.

Men ŷuwaşlyk bilen naŷynjar sesde:

– Meni Bagyşla, ŷône men saña biwepalyk eden dâldirin - diŷdim.

Ol gaharly ŷylgyryşyny etdi-de:

– Nâmâñ biwepalygy, nâmâñ gûrrûñi men dûşinmedim - diŷeninden el telefonyna jañ geldi, ol bolsa telefonyny aldy:
– How Balam barŷan otyryber maşynda ynha
bardym janym - diŷip yzyna ôwrûldide gitdi. Meñ diŷjek sôzlerimi diñlemegem islemedi. Menem gapymyzy gahar edip gaty ŷapdym. Hamala şeŷdip ŷapanym bilen hemme zat geçjek ŷaly. Soñam ŷenede içimiñ ŷangyjyna agladym...

Şol gûn meniñ ilkinji hem iñ soñky sôŷgûme garalanan uly nokat goŷupdy, çûnki şol gûn men ŷúregimdâki Rôwşene bolan sôŷgúmi hiç haçan hiç ŷerde gôrkezmejegime ant içipdim...

Şeŷlelik bilen men ol sôŷgûmi ômûrlik gômdûm....

Dowamy bar.....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir