Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Serdaryň goňşy mowzukdaky haýyşy boýunça, siziň bn TM-da ýatan taryhy şahsyýetlerden sahabalar barada bilýnje maglumatlarymy täze mowzuk halynda paýlaşaýyn diýdim. Hz.Bureyde el-Eslem - Yslamyn ilkinji baydak goterijisi(hazirTM-da) Mekkeden Medina tarap hijret etmegine Biribar tarapyndan rugsat berlipdi. Ol(SAW) hem in yakyn dosty Hz.Ebu Bekir(r.a.) bn hijret edipdiler. Olary Hira dagyna cenli mushrikler yzarlapdy, Allanyn komegi bn, kepderi we moyun hem sebap bolmagy bn olar dushmandan halas edilipdi. Olar colun icine girenlerinde yzlaryndan Suraka atly oran guycli we yindam atly kapyr yetishipdi, shonda Hz.Ebu Bekir aladalansa-da, pygamberimiz Suraka bir nazar aylanda, onun aty dyzlaryna cenli guma gomulipdi. Son ol yene cykyp yzarlap bashlanynda, pygamberimiz yenhe-de bir nazar aylanda, onun aty garnyna cenli guma batyp, yerdenem erbet ses gelmage bashlapdy, shonda Suraka oz yalnyshyna dushunip aman dilapdi, pygamberimiz bolsa ona rugsat beripdi, yone bir shert bn, yzarlap gelyanleri bashga yana gonukdirmek sherti bn. Ol, ahkykatdanam, hem yzarlap gelyan toparlaryn yoluny uytgedipdi, kowmunyn yanyna gelende bolsa: -Men hazir ynsanlaryn in hayirlysynyn, in beyiginin yanyndan gelyan - diyip owunipdi. Pygamberimiz we dosty Medina yetmankalar kapyrlaryn bashy bolan Ebu Jehil we onun yaranlarynyn goyan ustunin yuki bn 100 duye (hazirki 100 Mercedes!?) sowgadyna ynanyp, pygamberimizi diri ya oli tutmagyn kul-kuline dushenler az daldi. Sholardan biri hem Eslem kabylasynyn(tire) reyisinin(serkerde) ogly Bureyde bin Huseyb el-Eslemdi(r.a.), yagny, TM-daky Buryda Baba. Hz.Ebu Bekir colde gelyarkaler pygamberimizin bir onune, bir yzyna, bir cepine birem sagyna gecip zowzanaklayardy, pygamberimize bir zat bolaymasyn diyip goramak niyeti bn sheyle edyardi. Medina yetmankaler olaryn yzyndan Hz.Bureyde ozunin 82 toweregi atly goshuny bn yetyar. Shonda Hz.Ebu Bekir oran aladalanyar we gaygyly pygamberimizin yuzune seredyar, shonda pygamberimiz: -Ey, Ebu Bekir, gorkma, shu yerdaki 2 kishinin ucunjisi Allahdyr - diyip gowunlik beryar. Son Bureyde we atlylary golaylashanda Pygamberimiz ona: -Siz haysy kabyladan!? - diyip soranda Hz.Bureyde: -Eslem kabylasyndan - diyende pygamberimiz Hz.Ebu Bekire: -Biz salamatda(rahatlykda) - diyyar, son Bureyda: -Adyn name!? -Adym Bureyde - diyende pygamberimiz Hz.Ebu Bekire: -Biz gutuldyk, ey, Ebu Bekir - diyyar, son Bureyda: "-Sen hem sheyle bet pale bash goshdunmy, men Allanyn ilcisi, ahyryn, sen bolsa uly Eslem kabylasynyn geljekki serkerdesi, beyle pes ishe nadip bash goshdun, onda-da 100 sany yukli duye ucin!?" diyen manyda gozune seredyar we Hz.Bureydanin hidayaty(Biribara ynanmagy) ucin Biribaardan dileg edyar. Shol nazara dushunen we Allanyn hem onun hidayetini islemegi bn ol Pygamberimize: -Hawa, ey, Allanyn ilcisi, men hem Sana biyat etmage(Seni goldamaga, boyunbolmaga we goramaga) geldim, hem-de 82 atlym bn. Senin baydagyn yok ekeni, Sen bir Allanyn ilcisi we Medina girmage az wagt galdy, men senin baydakcyn bolayin, ey, Allanyn ilcisi - diyyar we pygamberimizin rugsat bermegi bn ozunin sellesini cykaryar we nayzasynyn ujuna dakyar we ozunin atlylary, pygamberimiz we Hz.Ebu Bekir bn birlikde baydak goterip Medina giryarlar. Ol sheylelik bn Yslamiyetin ilkinji bayrakdary bolyar we Pygamberimiz tarapyndan "Pygamberin baydakcysy" atly beyik at berilyar. Pygamberimizin "Yslamiyetin we menin adym gunun dogup batyan her yerinde eshidiler!" manysyndaky hadysy boyunca, ol Merwe gelyar we Merwde Turkmen halkyna Yslamiyeti dushundiryar we sowesh-jenjelsiz Turkmenlerin Yslam dinini kabul etmegine sebap bolan beyik shahsiyetlerin(sahabalaryn) biri bolyar. Ony son hakim edip belleyarler we ol 10 yil merwde hakim bolup adalatly hokum edyar. Ondan son bolsa Hakem b.Gyffary(r.a.) hakim bolyar. Hazir olaryn ikisinin hem mazarlary gadymy Merw(hazirki Bayramaly shaherinin gyrasynda) shaherinin icinde duryar. Olar barada pygamberimizin hadysy bar:"Olar Magsharda giden yerlerinin ynsanlarynyn onderleri(serkerdesi=shepagatcysy) bolarlar !" manysynda. Galyberse-de, yene bir hadysda olar ucin:"Sahabalarym gokdaki yildyzlar yalydyr, haysysyna eyerseniz, olar sizi mana getirer, men bolsa sizi Allaha akiderin!" diyilyar. Sahabalara, sozun doly manysy bn, uyyan ynsanlardan etmegini Biribardan dilemek bn!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir