Şygry bilen gelýär ýazyň howasy,
Goşgyň bogny pyntyk bolup ýarylýar.
Ýürek gürsüldände wagtyň owazy
Sagadyň sesi deý howa garylýar.

Goşgularmy aldym ýazyň joşundan,
Yşnagymy yşka daglap nije men.
Ine, ýene zyba gyzlaň gaşynda
Söýgi sözlerinden baglaýan çemen.

Gözýetimde älemgoşar hal atar,
Hal atar gyzlaryň ýaňagna çenli.
Iň agras ýigde-de özün haladar,
Ýogsa-da kim duýýar serden geçenni,
Kim söýmeýär kellesini sämedip?!
(Aşygyň işini Alla oňarsyn!)
Göz bir penjiredir,
ondan äňedip,
Bahar eljirese, neneň oňarsyň?!

Düýşe girýär perileri uçmahyň,
Ýazyň ýüpek ýakymyna baksana!
Martyň howasynda yşka uçradym,
Näme boldy, ne döw çaldy aklyma?!

Garlawaçlaň gaşa meňzeş näzini
Kalbym goşgy üçin bahana bildi.
Ýaş oglan deý aşyk häli-häzirem,
Türkmeniň al-elwan baharydyr bi.

Öz-özüm oýlanýan başymy atyp,
Neneň kämil bu duýgynyň gurluşy!
Her ýazda topraga artýar hormatym,
Her ýazda täzeden söýýän durmuşy.

Men diýerin, “Seni söýýän!” diýerin,
Ýaza aşyk bolan gizlemez syryn.
Ömrüni poeziýa baglanlar deýin
Menem öz ömrümiň şahyrydyryn.

Ýaz möwsümi — tebigatyň zehini,
Her bir pasyl berekedin getirýär.
Beýik Galkynyşyň baharydyr bi,
Ýurduny söýeni bagta ýetirýär.


Seýitmyrat GELDIÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir