Amal bolmajagyny añ etmez ykbal,
Ômrùñ manysydyr yshk doly ahwal,
Arzuwda ôterâtk bolmagym ahmal,
Belki kalpda belki añyñdadyryn.

Aljyratsa durmush aylap bashyñy,
Kimler gollar,kimler gallar dashyñy,
Bolup mydam alçy gopyan ashygyñ,
Kà sagyñda kàte soluñdadyryn.

Shatlygyñy kim paylashmaz aytsana?
Gussañ meñki aytmasañam aytsañam,
Sen meni has bashgaçadyr ôytseñem,
Mydam hak dostlaryñ sanyndadyryn.

Yol uzakdyr çyg sùyt emen adamzat,
Hasrat howuñ bassa kalbyña dyñzap,
Iñ zerur pursatda yetishshe bir zat,
Bil,dileglem bilen yanyñdadyryn.

Gùlshirin Hanowa.

Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir