Temanyñ adyny görüp ynanmaýan bolsañ onda ýalñyşýañ dosdym. Sögüşen söýgüliñiz bar bolsa (gyz, oglan tp ýok) onuñ siz barada pikirlenmegini islärdiñiz şeýle dälmi? Ony siz edip bilersiñiz. Hawa, başaryp bilersiñiz, ynanjyñyz, we zehiniñiz bilen. Islän zadyñy şo adamyñ içinde özüne diýdirip bilersiñiz.
Telepatiýa diýip öñ eşdipmidiñiz? Hany Türkler Telepati Iñlisler Telepathy diýýärdilerä, köpümiz gabat gelendiris şeýle dälmi? Bilmeýänler üçin gysgaça düşündireýin, Telepatiýa bir adamyñ zehinine pikirine öz zehiniñiz we ynanjyñyz bilen girmekdir. Telepatiýa bilimde subut edilendir. Telepatiýa bilen siz bir adamyñ düşünjelerine girip onuñ näme etmelidigini näme pikir etmelidigini sen belläp bilersiñ, we bu hakykatdanam işe ýaraýar.
Ilki bilen tema geçmeden öñ şuny bilmegiñizi isleýän, eger siz oña islän zadyñyzy pikir etdirip bilseñiz saýlap saýlamazlyk onuñ işi, ýagny saýlasa siziñ diýdirdigiñiz zatlary diýer eder, saýlamasa diýmez, bu onuñ haky. Ýöne sizi pikir edip biler, belki yzygyderli edip dursañyz aklyna diñe siz gelip durarsyñyz we belki siz barada gowy pikirler edip biler. Hem etýän işiñize ynanmagyñyz gerek bu gaty gerekli unutmañ, etýän işiñize, zehiniñize ynanyñ. Zehin adamda bolan iñ uly güýçdir. Ynanmasañyz işiñiz biraz kynlaşar. Etjek kişiñiz sizi tanaýan bolmaly ýagny siz bilen belki öñ gürleşendir belki siz bilen bile oturyp wideo görendir we ş.m. Eger sizi tanamaýan bolsa bu iş bolmaýar diýen ýalydyr. Hökman sizi tanamaly we arañyzda geçen bir zat bolmalydyr. Siz şo energiýa bilen etýäñiz şuny şo energiýan güýji bilen etýäñiz. Energiýa siziñ ýüregiñizde ýagny döşiñ ortarasynda durýar diýip bileris. Bu berjek düzgünimi irden etmelidir ýagny etjek kişiñiz ukyda bolmaly däl hökman turan wagtyny belläñ we şonda ediñ.
Geliñ onda tema geçeliñ. Ilki bilen ýorganyñyzda uzynlygyna ýatyñ. Iki eliñizem kelläñiziñ ýeñsesine goýuñ. Gözleriñizi ýumuñ, özüñizi Älemiñ merkezinde hasapla, bilýän Älemiñ merkezine gitmediñ ýöne aklyñdaky bir zat janlandyr we janlandyrmany gowy ýerine ýetirmegiñ gerek. Ýagny gowy hakyky ýaly janlandyr. Sen Älemiñ merkezinde dursuñ. Hemme ýer garañky. Isleýän adamyñy ýagny söýgüliñizi öñüñüzde, göni öñüñizde ýyldyzlaryñ yşygy bilen çykyp duranyny göz öñüne getiriñ. Söýgüliñiz ýyldyzyñ yşygyna ýagny ýagtysyna siziñ garşyñyzda görünsin we muny duýuñ şolar ýaly pikir ediñ. Ol hiç zat etmesin diýmesin diñe sizin gözüñize baksyn. Öz ýüregiñizden onuñ ýüregine ýaşyl yşyk geçenini pikir ediñ, we onuñ gulagyna egilip ýuwaşjadan, men Serdar (öz adyñyz sizde), men Serdar, men Serdar, diýip biraz gaýtalañ. Ýuwaşjadan diýiñ we şo ýuwaşja pyşyrdyny beýniñizde duýjak boluñ. Soñra «Serdar seni göresim gelýär, Serdar seni göresim gelýär, Serdar seni göresim gelýär» diýip ýuwaşjadan gaýtalañ ýagny şeýle pikir ediñ. Bu diýenleriñiz onuñ kellesinde «Serdarmeni göresi geldimikä ?» diýen pikir bilen oýanar. Soñra «Serdar seni söýýän, Serdar seni söýýän, Serdar seni söýýän» diýiñ, we yza çekiliñ. Çekileñizde ýaşyl yşygyñ has güýçlenendigini pikir ediñ. Soñra ol sizi gujaklasyn, we sizem ony gujaklañ, edil şowagt bile geçen gowy günüñi duýjak bol we pikir et. Belki bile nahar iýensiñiz, belki gürleşip gülensiñiz, belki bile daşarda aýlanansyñyz, ana şo duýgyny kelläñizde janlandyryñ pikir ediñ. Soñra ýene «Serdar seni söýýän, Serdar seni söýýän» diýip gulagyna pyşyrdañ. Boldy, şular ýaly, siziñ diýen zatlaryñyz hökman kellesinde janlanar belki soñurak janlanmagam ahmal ýöne şo pikirler we siz şonuñ aklyna gelersiñiz. Hökman ynanyñ, we bir däl yzygyderli edip duruberiñ.
Siz bu tema barada näme pikir etýäňiz ?
Ayalyn bilen urusan bolsan yada soygulin bilen urusan bolsan goy ol seni pikir etsin
-
Nirvana
3 years ago
- Bu ýazylan ýalñyşmasam Astral travel telepathy bolmaly, dogrumy?!
-
#dali
3 years ago
- Oran tasin
-
Nirvana
3 years ago
- dali, ynanýañmy bu zatlara?!
-
#dali
3 years ago
- Howwa ynanyan
-
#dali
3 years ago
- Yone barlap goremok barlasamam mende bolmayara
-
Nirvana
3 years ago
- Belki bolar, ynanýan bolsañ barlap gör. Soñ netijesini bizede aýt
-
Nirvana
3 years ago
- Biz ýatmazymyzdan öñ biriniñ pikirini etsek, shol gije düýşümize girýär.
-
#dali
3 years ago
- Ay on bile bolanyn bolmaly sol yeri bolanokda natanyslaram in barkisi iki gezek gabatlasyp salamlasanynam bolyan bolsa barlap gorsenem bolya
-
#dali
3 years ago
- Howwa ol duysi bilyan name pikir etsem duysime girya menem
-
Nirvana
3 years ago
- Hökman bile bolmak diýenok. Esasy biri- biriñizi tanamaly. Bile bolan bolsaňyz añsat bolar diýjek bolýar.
-
Nirvana
3 years ago
- Howwa ol duysi bilyan name pikir etsem duysime girya menem.
Onda buda bolýandyr.
-
#dali
3 years ago
- Howwa ola sol birinden algyn bolsa gulagyna men bergimi berjek diysen sony pikir edermika
-
Nirvana
3 years ago
- Xexe. Barlap gör.
Senem algyñy alyp bilmän gezip ýörenlerdenmi?
-
#dali
3 years ago
- Hahaha Ay bir iki adamdan algym bardy sony sorap bilemok
-
#dali
3 years ago
- Nirvana sozune dusunmedim name manyny berya?
-
Nirvana
3 years ago
- Sorap almaly bolsa duran ýerimiz. Möçberi kän bolsa, oñam ýagdaýy gowy bolsa, çekinme sora.
-
#dali
3 years ago
- Bir ikigun irden gulagna aydyp goreyin hany
-
Nirvana
3 years ago
- Buddizmde ähli isleglerden dynmak, täsir etmek, hyjuw etmek we aňyň, ruhuñ iň ýokary derejesine ýetmek.
Musical group ady Nirvana.
-
#dali
3 years ago
- Hm dusnikli senem psihologiya bilen gyzyklanyan oytyan
-
Nirvana
3 years ago
- Hawa senemmi?
-
#dali
3 years ago
- Ay menem az owlak yone gaty agyr ylym hasaplayan sondan tehnologiya ylmy has anst gorunya man
-
#dali
3 years ago
- Ay menem az owlak yone gaty agyr ylym hasaplayan sondan tehnologiya ylmy has ansat gorunya mana
-
Nirvana
3 years ago
- Ýok agyr däl.
Okaýañmy bir ugurda ýa entek orta mekdep okuwçysymy?
-
#dali
3 years ago
- Ýok häzir işleýän 2016-2018 okadym letseýda kompýuter ugrundan işden daşary windows antiwirus gurnaýan
-
#dali
3 years ago
- Sen okaýaňmy ýa-da işleýäňmi
-
Nirvana
3 years ago
- Onda 1999ý bolýañmy.
Tüweleme molodes işiñde üstünlik. Meñ tehnologiýa bilen o diýen aram saz däl.
Men okaýan.
-
#dali
3 years ago
- Ýok men 1995.Sen nirde okaýaň?
-
Nirvana
3 years ago
- Dashary ýurt (syr bolup galsyn)
:)
-
#dali
3 years ago
- Saňa-da tüweleme psihologiýa dan köp zatlary bilýän ekeniň.
-
#dali
3 years ago
- Hm düşnükli saňa-da üstünlik.
-
#dali
3 years ago
- Hany bor onda menä ýatmakçy sizde-hä bilemok bizde eýýäm giç sagbol
Nirvana 3 years ago- Bu hadysany bashdan geçirip göremedigim üçin anyk dogrudyr ýa-da ýalandyr diyip biljek däl. Aslynda bu ruh bilen bagly bir zat. Alymlar adamyň ruhunyn beýnisinde ýerleşýändigini kesgitlediler. Bashga birinin düýşüne, pikirlerine girmek parapsihologiýa ylmyndaTelepatiýa ukyby bilen mümkindigini, ýagny ýerine ýetirip boljakdygyny aýtýarlar.
"Para" ýanynda ahyrynda, "Psychische" ruh manydadyr.
Parapsihologiýa; aşa duýgur duýgy, psihokinez, ölümden soňky durmuş ýaly mowzuklar bilen baglanyşykly adaty hadysalar; tejribe usuly arkaly köp dersli (köp usully) okuw.
Telepatiýa; adamyň kellesinde bolup geçýän zatlary ýa-da gaty uzak hadysany duýmak ukyby, arasynda hiç hili serişdesiz, duýgy baglanyşygy.
Beýnimiz uklap ýatyrka alfa ýygylyklaryny çykarýar. Bu beýnimiz iň asuda we düşünjelerimiz has aýdyň bolanda bolýar. Alfa prosesinde beýni özüne berlen ähli huşsuz teklipleri kabul edýär. Başgaça aýdylanda, alfa tolkunyny ulanyp, isleýän adamyň düýşlerine girip bolýar.
Meselem söýgùliñ pikirine girmek islesen onuñ bilen ara-baglanyşygyňyz bar bolsa, ýygy-ýygydan duşuşýan ýa-da jynsy gatnaşykda bolýan bolsaňyz, işiňiz has aňsat, sebäbi bu adamlar bilen göze görünmeýän energiýa baglanyşyklaryñ bar we bu baglanyşyklar beýleki tarap (söýgüliñ) bilen telepatizasiýany aňsatlaşdyrýar.
Rus alymlarynyň pikiriçe, aň-düşünje hemişe telepatiki aragatnaşygy başdan geçirýär. Diňe adamlarda däl, ösümliklerde we beýleki janly-jandarlarda-da energiýa üznüksiz geçirilýär.