salam oglanlar/Gyzlar onatmy yagdaylariniz? gecen hepde borderline barada oran tasin bir makala okadym we shol tema barada gurrun acasim geldi. bilişiniz yali, Borderline adamlardaki kişiliginin bozulmagi hokmunde adlandyrylyar.. esasan hem yalnyz galan,gaygu gussa batyp uzyn wagtlap jebir ceken,trawma geciren we şm. yagdaylarda orta cykyan yagday. esasan hem demirgazyk yurtlarda gaty kan gabat gelyan yagday shu. indi bizin yurtlarimizda,gundogar yurtlarda da orta cikip basladi. Bir topar problemalarin birikmegi,stres,yalnyzlik, calt gaharlanmak,calt oykelemek we şm. tasirinde bolyar. 21.asira girdik we gecmis zamana bilen deňeşdirende kop babatda osdu we ozgerdi.yone adamzadin ahlak,psikolojik,ruhy taydan peoblemalari gaty kopeldi. bu babatda pikirlerinizi,dusunjelerinizi yazsanyz.... BORDERLINE
Borderline barada
-
kombat
16 years ago
- "Ol ýigitler görde ýagşy,
başy gowgaly bolmasa" (Magtymguly)
Adam başy hiç wagtam aladasyz bolmandyr. Stres adamlary beter başagaý etmek üçin häzirki döwürde tapylan zat. Oňa üns bermeli däl.
-
agayunus
16 years ago
- bu hastalykmy, häsiýetmi ýa-da adamyň öwrenişmegimi(norkomaniýa ýaly sen isläňok emma uzaklaşybam bilmeýän bir ornaşan ýagdaýmy)?
hastalyk bolsa dermany näme? häsiýet bolsa çäresi näme? endik bolsa nädip saplanyp bilmeli?
-
Pelen
16 years ago
bu hastalykmy, häsiýetmi ýa-da adamyň öwrenişmegimi(norkomaniýa ýaly sen isläňok emma uzaklaşybam bilmeýän bir ornaşan ýagdaýmy)?
hastalyk bolsa dermany näme? häsiýet bolsa çäresi näme? endik bolsa nädip saplanyp bilmeli?
Muna kesel diysek hem bolya.yone beyleki keseller yali derman dari bilen dal de, esasan psikolojik lecenye bilen duzeljek problema.we esasan hem adamyn ozune bagly bir mesele..
gecenlerde Gundogar yurtlardaki sosiyal aragatnasyk we dogan garyndaslyk bagy barada bir makala cikdi.ol yerde bu borderline bn baglanysyk barada hem yazilipdir. sosiyal taydan aktiw we dogan garyndas,dost-yar bilen aragatnasygy guycli bolan adamlarda bu yagday gaty az gabat gelyar.hatda hic gabat gelmeyar diylen yali.
asakdaki linki okap gorseniz, bu babatda maglumat alip bilersiniz..
http://www.aksiyon.com.tr/detay.php?id=31454Borderline
-
Atax
16 years ago
- men atax.özüm ahally.yaman gowy oglan.özüm turkiyede okayaryn.ay oglanlar we gyzlar başga soragynyz bar bolsa sorap bilersiniz men aytjaklaryma şundan ybarat.hemmenize durmuşda jan-saglyk yaşynyzyn uzyn bolmagyny arzuw edyarin.sagbolun.
-
kombat
16 years ago
- Ahally Mämmedä dälsiň sen.
Tanyşmak üçin Tanyşlyk mowzugy bar.
-
agayunus
16 years ago
sosiyal taydan aktiw we dogan garyndas,dost-yar bilen aragatnasygy guycli bolan adamlarda bu yagday gaty az gabat gelyar.hatda hic gabat gelmeyar diylen yali.
kelläm bulaşdy meň-ä pelen aga...borderline-adamyň kişiliginiň bozulmagy diýmek, şeýle dälmi. "borderline" diýip goýan ýeriňizde ene-ata sebäpkär bolýar esasanam muňa duçar bolmagyna diýipsiňiz. şuňa düşünmedim, adam çagalykdan ene-atasynyň täsirinde şeýle ýagdaýa düşýän bolsa bu bir içe kapanyklyk ýaly bir häsiýet bolmazmy? dogan garyndaşlary, dost-ýarlary bilen gatnaşmak islegi eýýam kiçilikden ýok bolar-a?
soň, durmuşyň stresleri, psikolojik trawma, razoçerowaniýa...we ş.m ýagdaýlarda borderline bolsa onda ondan dost-ýarlaryna zada gatnaşmagy garaşylman dostlarynyň özi kömege ylgamaly, şeýle dälmi.
umuman, dogry aýtýaňyz...esasan hem adamyň özüne bagly mesele, ýakynyň, dost-ýarlaryň näçe urunsa-da kömegi degip bilmeýä-dä adamyň özi şol tarapa ýykgyn etmese borderline bolmak üçin bahana köp, aňsat..kyn bolany özüňi elde tutyp bilmek.
-
Maxat
16 years ago
- men üçina bu temalar gaty abstract-lay(soyut), nira çeksen çekibermeli diyen yaly, makalada geçen "borderline bolanlary telefonda gürleyşindenem tanap bilyan" diyşi hasam abstract(( ))
-
kombat
16 years ago
- adamlaryň hemmesi borderline. ýöne adamlar borderlinelikde deň däldirler. Biriniňki pes, ýene biriniňki ýokary. şoň üçip, hemmämiz dertdeş joralar.
-
Pelen
16 years ago
adamlaryň hemmesi borderline. ýöne adamlar borderlinelikde deň däldirler. Biriniňki pes, ýene biriniňki ýokary. şoň üçip, hemmämiz dertdeş joralar.
:):):)
Hay onardinow Kombat.dogri aydyan.hemmamiz borderline. yone esasi mesele duygulari,gahary,begenji,ajini-suyjini konrolli bir yagdayda tutup bilmekmika diyyan.stress adamin sagligina erbet tasir edyar yone kontrol astinda tutulan stresin adamyn konsentrasiyasini artdyryar..
-
ata
16 years ago
- sabyr atly mowzukda borderline bolmakaň kiçeňräk 1 maslahat bardy, şony bärä-de goýaýaýyn:
"Ynsan ogly köplenç şu dünýäde kynçylyklara sezewar bolýar. Kämahal ynsan gerdeni olara sabyr edip, şolary çekmäge tap getirip bilenok we ynsanyň haldan-hala girmegine sebäp bolýar. Elbetde, her bir kynçylyk ýa-da synag ynsany has kämil hala getirmäge-de sebäp bolýar, şol kynçylygy ýeňip geçse, onda mukdar taýdan has täsirli bolýar, ýeňi;äýen ýagdaýynda-da, Türkmen aganyň aýdyşy ýaly:”Ýeňilen pälwan göreşden doýmaz!” diýen ýagdaý boýunça, şol kynçylyk ýa-da kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge başga usul we serişdeler bilen synanyşýar.
...
Aslynda, hiç bir ynsana çydap bilmejegi ýüküň gerdenine ýüklenmejegi Bakara süresinde aýdyň beýan edilýär. Diýmek, Allahyň güwä geçmegi bilen, biz ynsanlar her öňümize çykan kynçylyklara döş gerip, onuň hötdesinden gelip bilýän bolmaly. Diýmek, bir ýa-da birnäçe ýollary bolmaly şol ýagdaýy amal etmek üçin we oňatja pikirlenmeli, “ýedi ölçäp bir kesmeli” we mümkinçilikleri, serişdeleri, bu babatda goldaw berjek ynsanlary bir ýa-da birnäçe laý(gezek) gözden geçirmeli.
...
Sabyr barada mübärek bir ynsan many taydan şeýle diýýär: “Ynsan öz ýaşaýan gününe seretmeli. Geçen günler, barybir, geçipdir, kynçylyklaryň geçenine begenmeli, olary pikir edip, gynanmaly däl. Geljek günler hem entäk gelmändir, kim bilýär, ol günler gelýänçä, biz baky äleme göçüp gideris. Diýmek, ynsan şu gününe diş-dyrnak bolup ýapyşmaly we iň gowy ýagdaýda ryzyk agtarma, her iki älemde bagtly bolmagynä sebäp boljak amallary ýerine ýetirmeli. Geljekdäki kynçylyklara ýa “baý bolmaklyga” hem-de geçmişdäki kynçylyklara we gowulyklara görä pikir-oýa batyp, gamgyn ýa şat bolmak däl-de, elbetde, bugüniňe görä hereket etmek iň dogrusy, ýogsam, bar güýç we sabryňy geçmiş we geljekdäki wakalara dagadyp, bugüniňe hiç-hili takatyň galmasa, anha, şonda ynsan örän ejiz bolar, lagşar. ”
Hemmämiz üçin duş gelen we geljek kynçylyklara sabyr edip, Biribarryň hem goldaw bermegi bilen birlikde hötdelerinden gelmegini ýene Biribardan dilemek bilen!"
jigit 16 years ago- tehnologiya yagni dowlet osduguche anuyet hem osyar we aniyet bilen birlikde stres, yada borderline hem shol bir wagtda tasirini gorkezyar bu gowumika diyyan adam aldada bolsa