Ýeke ýanýoldaşlylyk (monogam) haýwanat dünýäsinde känbir gabat gelinýän ýagdaý däldir. Meselem: adamlaryň köpüsinde wepalylygyň bolmaýşy ýaly. Käwagtlar pikir edýän bir ynsan, ýagny özüni ähli jandardan beýik saýýan, beýnisi ösen maýmyn bir haýwança bolup bilmeýär.
Ýöne haýwanlaryň käbir görnüşleri bar welin, olaryň wepalylygyny ynsan haýran galýar.

1. Gibbonlar - ömrüniň dowamynda ýeke ýan ýoldaşly ýaşaýarlar.
Gibbonlar maýmynlaryň bir görnüşidir, “kiçi adam şekilli maýmynlar” hem diýilýär. Bir monogamy ýeterlik däl, olar çagasy bolansoň, maşgala ýaly ýaşaýarlar.

2. Mertebesine laýyk, elbetde "guwlaram" ...
Bolmanam guwlara başga hili häsiýet gelişmezdi. Guwlar örän biri birine wepaly ýardyrlar. Ene guw ýumurtga basyrýan döwri erkek guw oňa höwürtge gurup berýär. We indiki ýyl jübütleşmek döwründe ýene öňki taýyny erkek guw gözleýär we tapýar.

3. Pingwinler
Köpümiziň bilşimiz ýaly, ene pingwin ýumurtga goýandan soň, iýmit gözlemek üçin 2 aýlap uzaga gidýär. Bu wagtda, "adam ýaly erkek imperator pingwin" ýumurtgany ýyly saklaýar we aýalyna wepalylyk bilen garaşýar. Şonuň ýaly-da, aýal pingwin hiç haçan bir monogamy düzgünini bozmaýar.

4. Möjekler
Örän akyllydygyny bilýän möjekler, bütin ömründe ýekeje aýaly we çagalary bilen ýaşaýarlar. Mundan başga-da, maşgalalaryna diýseň duýgur. Maşgala agzasyna hüjüm edilende, hemmesi bilelikde hüjüme geçýärler.

5. Durnalar
Kanadada durnalaar monogamiýanyň nyşanyna öwrülen guşlaryň biridir. Jübütleşmek möwsüminde we jübütlenenden soň biri-birinden hiç hili ýagdaýda aýrylmaýarlar. "Ezizim, saňa jaň ederin" diýmeýärler. Hatda ýoldaşy bilen çagalary üçin oňat höwürtge gurunýarlar.

6. Maslykçy guş (dazzarkel)
Uçýan iň agyr guş hökmünde tanalýan bu gara dazzarkalleriň nesili azlýan haýwanlardyr. Olar biri birine örän wepaly bolýarlar. Hem-de olar uly maşgala bolup ýaşaýarlar garyndaş, dost, agtyklar we ş.m.

7. Arkasy çagylly hažžyklar
Haýwanlaryň bu görnüşi, her jübütleşme möwsüminde şol bir taýlary bilen birleşýär. We çagalary çykýança, ulalýança we ösýänçä hiç wagt aýrylyşmaýarlar.

8. Amerikan Kel bürgütleri
Amerikanyň nyşany bolan bu bürgütler ýan ýoldaşy ölende ýalňyzlyk bilen doslaşyp, başga bir ýanýoldaşa bakmaýarlaram. Bu nukdaýnazardan dünýäde iň wepaly haýwanlar hökmünde tanalýarlar.

9. Albatrostlar
Ummanlaryň üstünden gaty uzak aralyga uçup bilmek ukyby bilen tanalýan albatroslar, näçe uzaga gitse-de köpelmek wagty gelende hemişe ýoldaşlaryna gaýdyp gelýär.

10. Ýaşan bolsady ýanýoldaşyna elmydam wepaly bolardy Garagurt erkegi.
Garagurt möý monogamlydyr. Emma munuň sebäbini göreliň? Sebäbi aýal jübütleşmeden soň erkegini iýýär. Şonuň üçin erkeginiň ýene bir gezek jübütleşmäge mümkinçiligi ýok. Ýöne ýaşan bolsa, aýalyna wepaly bolup galjakdygyna ynanýarys.

Bilim, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir