Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempionlygy kesgitleýän oýunda “Milan” bilen “Inter” duşuşdy. Çekeleşikli geçen “Derby della Madonnina” derbisinde “Inter” 3-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Intere” ýeňiş getiren gollaryň ikisini Lautara Martines, beýlekisini-de Romelu Lukaku derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň, “Inter” topary 2-nji ýerdäki “Milan” arasyndaky utuk aratapawudyny 4-e çykardy.

“Serie A”-da 23-nji tapgyrda “Atalanta” öz meýdançasynda “Napolini” 4-2 ýeňdi. “Roma” myhmançylykda “Benewento” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Tapgyryň jemleýji duşuşygynda şu gije “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Krotoneni” kabul eder.


çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir