gadyrly agzalar men dogrusy kemsitmek we kemsidilmek temasynyň töwereginde ýazylanlary okap kemsindim.elbetde, kabir jogap ýazanlaryň pikir alyşmak derejesine çykyp bilmeýşlerine. indi, kemsitmek we kemsidilmek meselesi barada aýtsam hiç bir ynsan ol ýa-da beýleki bir tarapdan hiç kimden ýokary däldir. hemmämiz Allanyň hem-de kanunlaryň öňünde deňdiris. emma bu kemsitmek tendensiýasy indi biziň ilde iki asyr bari dowam edip gidip otyr. ilki ors gelmişekleri mazaly edip bizi kemsitdiler,soň bolsa bu ýagdaý endik boýunça başgarak görnüşlerde döwam etdirilýar. ýöne gynansakda bu kemsitmek mehaniziminiň guraly öz türkmenlerimiz.bu nogsanlyk biziň jemgyýetymiziň ähli gatlagyna ymykly ornaşypdyr.halkymyz ýurdumyzda bir kemsidilse, daşarda iki kemsidilýär.muňa orsyýetde,turkiýede iş gözläp enteşip ýören adamlarymyz mysal bolup biler.yurdumyzda bolsa barlylaryň ýoksullary kemsitmegi,işliniň işsizi kemsitmegi,wezipeliniň wezipesizi kemsitmegi,şäherliniň şähersizi kemsitmegi merkezliniň çet ýerlini kemsitmegi,daşardan geleniň biziň hasabymyza pullanyp(firmalardaky wakalar,gyz geline ýan garamaklary,kanunçylygymyzy aýak astyna almaklary)raýatlarymyzy kemsitmegi meseläniň çynlakaýdygyny görkezmeýärmi näme. meniň pikirimçe bu mesele döwlet derejesine çykarylmaly we mejlisiň gün tertibine goýulmaly.goý halkyň wekilleri halkymyzyň kemsidilmeginiň ugrunda iş alyp barsynlar.

Köneler, teshnewi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir