salam deň duşlar! Men türkmeniň ýakyn taryhynda öçmejek yz galdyran halkymyzyň söwer ogly hazirki türkmenistan döwletimiziň teretorya taýdan esaslandyryjysy hem-de sowet turkmenistany esaslandyran şahsyýet barada gürrüňdeşligi açmakçy. Ol şahsyýet GAÝGYSYZ ATABAÝDYR. Gynansakda biz ol barada gaty az bilýaris.Gaýgysyz Atabaý Staliniň represiýasynyň netijesinde gül ömürleri soldurulan turkmen gerçekleriniň biridir.Ýeri gelende bellap geçsek 27-nji oktyýabr onuň doglan günüdir. Şu mynasybetli herkim özünde bar bolan maglumaty biziň bilen paýlaşsa minnetdar bolardyk. sag boluň!
Gaýgysyz Atabaý hakda ...
-
Farabi
16 years ago
- Ady: Gaygysyz
Familiyasy: Atabayew
Atasynyn ady: Serdar
Doglan yly: 1887
Aradan çykan yly: 1937
-
Farabi
16 years ago
- Şaja Batyr
-
agayunus
16 years ago
- teshnewi sende maglumat bar bolsa özüň ýazaýmaly ekeniň. Serhedimizi çyzan adam barada bilesimiz gelýän köp. özbekden bize geçen bizden başga döwlede geçen ýerlerimizem bar, takyk bilýänleriň bolsa giňişleýin ýazaý özüň. menä taryhdan onça ökde bolmandym:(
-
Annamyrat
16 years ago
- Menem kan zat bilemok. Bilyanjamden
Kakasynyn ady: Taçgök Serdar. Gowşut hanyn in yakyn adamlaryndan bolan. Gaygysyz hem şonyn eyranly ayalyndan bolan. Eyranyn bir halkyny bir zatdan halas etyar shonda berlen ayaly.
-
Farabi
16 years ago
- 1988-nji yylda Aşgabatdaky "Türkmenistan" neşiriyatdan Gaygysyz Atabayev hakda, yalnyşmayan bolsam, biografiya kitaby çap edilipdir. Yazyjysy Şamyrat Taşliyew. Bir-em Tagan Durduyew atly bir yazyjynyn goşandy bar öydyan. Kitap orsça çap edilipdir. Şol kitaby tapyp biljeginiz barmy?
-
agayunus
16 years ago
- düýn kakamdan soradym. gaýgysyz atabaýew mary şäheriniň derwezesinden geçen ýeriňde 19-fewral diýip bir oba sowulylynýan köçe bar, şol obanyň ýannyndaky obada dogulyp önüp ösüpdir. özbegistanda daşkentde okapdyr. soň mollym bolup işläpdir. turkmenistanyň öz başyna döwlet bolmak pikirini ilki öňe süren adam şol eken. türkmenistanyň serhedi çyzylan mahalay lebap bilen daşoguz welaýatlaryny özbegystan aljak bolanda şo ýerleriň taryhda türkmenlere degişli bolandygyny subut edip bilipdir. onda-da biziň takyk bilemok 2-3 welaýatymyz özbeklerde galypdyr: garagalpak (birje ýadymda galan at):(
-
Achilles
16 years ago
- 1- deryanyn anry yuzi, turkmenlerin kopusinin shu wagt "tat" diyyan bolegi(gynansagam) ozbeklerden serhet cyzylanda alnan.
2- ozbegistanyn termez shaheri, owganystan bilen arachaklik edyan shaher turkmenlerden alnyp ozbeklere berlen.
sebapler: 1-tssr guruljak wagty turkmenistanyn halky az bolan, shonun uchin deryanyn ol yuzunden yerleshen halk kop bolanlygy sebapli
2- ozbeklerin termez shaheri almagy olaryn respublika oblmagy uchin gerekli bolan. sebabi sssr'in dashayndan bir dowlet bilen arachaklik etmedik yagdayynda "astonomniy respublika" bolmaly bolyar. mysal:tatarystan
3- deryanyn ol yuzunde turkmenlerin ozal yashamadygyna sebap bolup seyitnazar seydinin setirlerini gorkezip bolar.
"dushman gechebilmez deryadan bari"-asly bolsa"ozbek gechebilmez deryadan bari" bolmaly ekeni, yone "syyasy" sebapler bilen sssr dowrunde "ozbek" sozi "dushman" sozune owrulip yazylan.
ay umuman alanda menin pikir edishim we eshiden zatlarym sheylerak...
-
ata
16 years ago
- maňyşlak (belki-de iň uly welaýat bolardy) hem gazaklaryň serhedinde galypdyr diýip eşitdim, n dereje dogry - ony welin biljek däl. Türkmenler ýaşaýandyrlar şol ýerde köp sanly, belki, DZ-ly agzalarymyz has gowy bilýändir.
Gaýgysyz Atabaý Staliniň ýygnaklaryna gatnaşan gerçek goç ýigit eken. Şol ýygnaklaň birinde Stalin döwlet/millet jogapkärlerine "haýsydyr 1 islegiňiz barmy?!" diýip sorasa, Gaýgysyz Atabaýdan başgasy yňkyny çykarmanmyş. G. Atabaý bolsa, ýerinden turup, pert/zarply ädimler bn Staliniň oturan stolyndaky suwdan az-owlak içip gaýdanmyş. Muňa dogry düşünen Stalin bolsa, TM-da Garagum kanalynyň çekilmegine perman berenmiş.
Ýa G.Atabaý ýa Nedirbaý Aýtak barada bir kitap okapdym kiçijekkäm, ýöne ýatda zat galmandyr :( Bir mekdep ýyllarynda örän aktiw we ukyplydygy barada ýazylany ýadyma düşýär çalaja!
-
ata
16 years ago
maňyşlak (belki-de iň uly welaýat )
"Maňgyşlak" bolmaly
-
yolagchy
16 years ago
- Gaygysyz Atabay Ahal wel. Mane obasynda dunya inyar. Kakasyna Tach Gok Serdar diyer ekenler. Hat-da Abdysetdar Kazynyn ''Jennama'' eserinde hem Serdaryn gahrymanchylygy wasp edilyar.
Gaygysyz Atabay sowatsyzlygy yok etmek uchin achylan Tejenin 1-nji rus mekdebinde bilim alyp bashlayar. Son bolsa yalnyshmasam mugallymchylyk gimnaziyasynda(shol dowurdaki yokary okuw jayy sheyle atlandyrylypdyr) okuwyny dowam etdiryar.
Bastutanlyk,mertlik, gayratlylyk, namysjanglyk, yaly Turkmene mahsus bolan sypatlary ozunde jemlan Turkmen merdinin omru gysga eken. Gaygysyz Atabayyn bir ogly bolupdyr, ady Kemine, Kemine aga shu wagt 70 den gechen yashuly adam, Moskwada yashayardy.Ozuninem medisina ylymlarynyn doktory hem professory diyen beyik mertabe mynasyp(eger yalnyshmayan bolsam) Turkmenistany ''respublika'' diyip yglan etdiren Turkmen merdinin, yadygarligini yykyp ya adyna ''dikatator'' dakmak bilen Turkmenin yureginden chykaryp bilen bolmaz!
Bir yash Turkmen talybyna, Gaygysyz Atabayy kim bolanyny bilyanmi diysem, ''ay ol diktator'' diyen jogap meni gaty gaharlandyrdy. Bular yaly zatlaryn ulyraklarynyn gaytalanmasy uchin, oz yakamyzy ozumiz tutawerelin!
Farabi 16 years ago- gaygysyz atabay we nedibay aytak hakda menin hem bilesim gelyar. bilyaninizden gürrün berseniz. türkmenistan-y guran asyl şular ahyry.