Salam hormatly agzalar, myhmanlar we mahribän sessiz gyzlar:) Şu gün “Zaman” gazýediniň köne sanynda “Dünýäniň iň gymmat kitaby” diýen bir ýazgyny okadym. Özi bary-ýogy 13 sahypajyk welin bahasy 153 million ýewro. Awtory Tomas Aleksandr Hartman. Kitabyň dili nemesçe. Awtordan bahasynyň näme üçin beýle gymmatdygy soralanda, “13 sahypalyk kitaby 30 ýylda ýazdym”, diýip jogap beripdir. Kitapda “Nirden geldik? Nirä barýarys? Amala aşyrmaly zerur wezipämiz näme?” şu soraglara jogap bar. Kitap intäk satywda ýok. 2009-da Dubaýda geçiriljek sergä çykarylýança gulp astynda saklanar. Ondan birje şygyry şu oktýabr aýynda Frankfurtda geçiriljek sergide 1, 53 million manada satywa çykaryljak. Kitabyň birje nusgasy bar. Eger muny satyn alan tapylsa kitap 153 dilde terçime edilip neşire beriler. –ýazgynyň gysga mazmuny şuňýaly. Çyndanam bu kitabyň içinde nämeler ýazylgyka? Bu soraglara jogap bermek üçin awtora 30 ýyl gerek boldymyka? Siz özüňize berip gördiňizmi şu soragy, nähili netijä gelýäňiz? Bu soragy eşidip men: 1. arkama seredip ýaşap geçen günlerime “oh, elhamdulillah” Öňimdäki ýaşamaly günlerime seredip “ýak, bismillah” diýýän 2. kelläme plasmas kerpiç gaçan ýaly seňselläp durýan. durmuşda nähili perwasyz ýaşanlygym ýadyma düşýär 3. gelen ýerim garaňky, gitjek ýerim garaňky ýaşamaly ýer şu ýeri...bas, ýaşa iň soňkyňdan.... -diýýän. Ýokardakylar meň wariýantlarym. Siz näme jogap berýäňiz şu soraga? Ýazyjy ýaly uzak pikirlenjek bolsaňyza işim kötek:D:)

Köneler, agayunus tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir