Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Pidakärlik barada aýratyn mowzuk ýok ekeni, men hem açaýyn diýdim. Näme sebäp boldy diýseňizem : 1- Kä mowzuklardaky pidakärlikli ýagdaýlar, aýratynam, TTM-ler baradaky ýazgylar; 2- Türkiýede her ýyl geçirilýän "Türk dili ýaryşmasy" we şol ýerdäki aýdylan, görülen zatlar (diňe eşretli tarapy tanalýar dünýäde, onuň yzaly ýerinem bir görseler...) 3- Ylýas Amangeldi aganyň "Kalir dudaklarda şarkimiz bizim" atly eserini (Türkçesi bar mende) okamaga başladym. Men başaryp bilsem, bu babatda ilki Pygamberimiziň (SAW), soň sahabalarynyň, soň bolsa, 14 asyr soň gelselerem, şol sahabalara örän meňzeş aýratynlyklardaky Türk mugallymlarymyzyň eden, edýän we etjek pidakärlikleri barada mysallar arkaly ýazmakçy, enşallah. Aşakda bölek-bölek ýazgylar bn dowam ederin-dä wagtyň geçmegi bn. Sizem bu babatda bilýän goşantlaryňyzy goşup bilersiňiz, açylan degişli linkdir ýazgylary hem goýup bilersiňiz. Meselem, aA aga nädip ilkinji TTM-niň açylany barada ýörite bir blog açypdy öýdýän. Öňünden goşjak goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir