Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Okuwlar, işler bn armaň-da :) Degişmäni bir tarapa goýup, asyl mowzuga gelsem: Türkiýäň kalendaryna görä, bu günüň (26 Sep) gijesi Gadyr gijesi bolmaly! Aslynda, Gadyr gijesini bir gijä sygdyryp goýbermeli-hä däl welin, ýöne ýene-de şu gün degişli gün bilinensoň, men hemmäňizi mübärek Gadyr gijesi bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Birje gije, ýöne 83 ýyldan has bereketli, haýyrly bir gijeligi beýan edilýär aýat arkaly. Garaz, Alahdan birje gije-de bir ömür boýy gazanylyp biljek sogap mümkinçiligi bize! Ertir/şugün gündiz ymyklyja dynç alynyp, gijeden has oňat peýdalanylsa amatly şoň üçinem! Hawa, mümkin bolsa Gadyr gijesinde bize-de atma-at aýratyn dileg etmegiňizi haýyş edýärin, hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Şu gijä degişli aýratyn dileglerden biri bolsa, hadys arkaly beýan edilipdir, ynha: Hz. Aýşa (radyýallahu anha) Pygamberimizden:"Eý, Allahyň Resuly, eger Gadyr gijesine gabat gelsem, nähili dileg edeýin?" diýip soraýar. Pygamberimiz:"Allahümme inneke afuwwun, tuhibbu'l-afwe fa'fu anni. (Allahym! Sen bagyşlaýyjysyň, bagyşlamagy söýersiň, meni hem bagyşla!)" Aýratyn Gadyr süresini hem goýaýyn bärä: Kuranyň 97-nji süresi bolan Gadyr süresi Mekkede inýär. 5 aýatdan ybaratdyr. Gadyr gijesi barada maglumat berýänligi üçin, Gadyr süresi adyny alýar. Gadyr sözi many taýdan azamat, beýiklik we ygtybarlylyk diýmekdir. 1- Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde indirdik. 2- Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? 3- Gadyr gijesi, müň aýdan has hayyrlydyr. 4- Ol gijede Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde) her iş üçin ýerýüzüne inerler. 5- Ol gije esenlik, bereket doludyr we tä şapak sökýänçä-de dowam eder. (Gadyr, 97 / l-5) Şu gije etjek tobadyr dilegleriňizi, etjek ybadatlaryňyzy, okajak Kuranlaryňyzy/süreleriňizi, haýyr-sahabatlaryňyzy we ş.m. Biribar esseleri bn kabul etsin! Dilegleriňizde ýatlanmak dilegi hem-de: "Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
Gadyr gijäňiz mübärek bolsun!
-
ultimatum
16 years ago
- 26syndan 27sine geçilýän gijemi gadyr gije?
-
ata
16 years ago
- Türkleň sözi bar:"Her adamy Hyzyr bil, her gijäni Gadyr bil!" diýip.
Aslynda, hakyky manysy bn şu ýagdaýa ynanyp(iň azyndan Gadyr gijesi baradakysyna), oňatja niýet bn amal edilende, Biribaryň şoňa görä yhsan bermegi örän adaty ýagdaý bolsa gerek. Garaz, Gadyr gijesi ýekeje gijä sygdyrylmasa gowy-da! Galyberse-de, Gadyr gijesiniň yşaratlary bar diýilýär, bilýänlerimden:
Irden turaňda howa mylaýym, azajyk ýagyş sepeläp biler, gün çykyp, şähdiňi açyp duran we myýmyjak şemal öwüsýän bolmaly. Mümkin, ýene birnäçe aýratynlyk bolup biler! Olaram bilýänler ýazsa, uly hyzmat etdikleri bolar!
Garaz, bir ömürlik şeýle wajyp bir gije şoň üçinem, bu gijäniň ähmiýeini oňat öwrenip, şoňa laýyklykda onuň bereketinden peýdalanjak ýagdaýa gelmek has amatly bolar, enşallah. Belki, gündizi ýatylsa-da, gijesi hiç ýatylman, Kuran okalyp, namaz okalyp, haýyr-sahabat edip we ş.m. gowy amallar edip, öz nesibämizi ymykly aljak bolalyň!
Şony dilemek bn!
-
ata
16 years ago
- Hawa, Ultimatom, şeýle!
Häzir Tm-da, TÇ-da, UK-da 26-syna geçdik, a US-da entägem 25-i ýöne :)
-
ultimatum
16 years ago
- Azajyk galdy nesip etse geçmeli häzir :P
-
ata
16 years ago
- ha-ha :)
neme, 1 hadysda "...orazalyň ukysy ybadat..." diýip geçýärdi öýdýän, Gadyr gijesini hem "ybadat" edip geçermikäm diýýän men-ä :)
-
CeriumOxide
16 years ago
- ata agam görünenok diýýädim.
gadyr gijesem ýetip gelýä, hökman geler diýýädim.
pikir edişim ýaly geläýdi :D
agam ýitdiňlaý!
-
ata
16 years ago
- köpräk geleýinmi bärä, Serdar?! :)
aý, üstden düşýäler-ä, pylany, pismidan diýip :)
şikaýat edip başlaýynmy, ha-ha-ha :)
Gelýän-le aram-aram. Gadyr gijesi barada hiç kim hiç zat ýazmandyr welin, men hem "ýetişikli ýegen soltan" ýaly bolup geläýdim-dä, ynha :)
-
ata
16 years ago
- wiý, men okap duryn-a her gün diýen ýaly bärini hem:) "Gadyrly myhman"-lardan biri bolýan, kämahalam "hormatly agza" :)
Sahypa täzelenipdir, Gadyr gijesinde-de birnäçe säwligi aýrylmazmykan-aýt :)
Dileg etmeli öýdýän bu babatda-da :)
Harmanyňky ýaly 1 mowzugy şol 1 ýazgy bn süýndirip "soňky ýazylan mowzuklar" şol ýazgy bn doldrumagam gowy tär welin, ýöne agzalar aktiwje, tüweleme, täsiri kän bolanok :)
-
agayunus
16 years ago
- gadyr gijäniň ýörite alamatlary bolmaly. hany göreli, hakyky gadyr gijesine gabat gelmek nesip edermikä, inşallah. öň bir sapar gabat gelipdim. o wagtlar ýöne bilemokdym gadyr gijäniň alamatlaryny. üýtgeşik gije diýip geň görip otyrypdym daşaryda. gyş mahaly bolsa-da ýeke žempirlije üşemändim, içiň huzurly rahat bolýan eken. ýene birje gezek şu aklym bilenem gabat gelip görsemdä:(
-
agayunus
16 years ago
- KANDILIMIZ MüBÄREK BOLSUN...
http://www.yazgulu.com/kartlar/kadirgecesi02.php
http://www.yazgulu.com/kartlar/kadirgecesi01.php
DOGA-DILEGLERIŇIZ BEÝIK ALLA-TAGALANYŇ DERGÄHINDE KABUL BOLSUN...
-
garabekewul
16 years ago
- ahlinizin hem gadyr gijaniz gutly mubarek bolsun!!!
goy hemmanizin eden doga dilegleriniz kabul bolsun!!
edyan doga dileglerinizin arasynda men gunalinin hem birazajyk hem bolsa gunalerinin gecilmesini dileg edin
diyip..........
-
kakabay
16 years ago
- gadyr gijäňiz gutly mübärek bolsun gadyrly agzalar!
agajan üçün dova okan zamanyňyz menem yatdan çykarmaň.azam bolsa gayrad edip goyberiň...galanyny gurbanlykda geçirerisda!
-
ata
16 years ago
- Şu Gadyr gijesi ülkelere görä-de üýtgeýär, dogrudanam :)
TÇ-de we TM-da aýry günlerde, meselem.
Hakykatda, geçen 6-njy gün bolupdyr biriniň başga ýerde ýazmagyna görä, a biz dün agşam belledik UK-da, bu agşam Tm-da we ş.m. :)
Aslynda, bu gijäniň gündüzi üçin degişli bärde kä aýratynlyklar ýazypdym ýokarda, şolardan birnäçesi bolsa-da kanagatlansa bolýar! Bugün örän güneşlidi, belkem, bu gijedir :)
-
ata
16 years ago
- Men Kandiller (mübärek gijeler) we olardan peýdalanmak atly mowzugymda edip bolaýjak kä gowy zatlar barada ýazypdym, bärä-de goýaýayn olary:
KANDİLLERDEN PEÝDALANMAK:
Bütin kandil gijelerinde edilip boljak, bagyşlanmagymyza, köp mukdarda sogap gazanmagymyza, Biribaryň razylygyna, ruhy taýdan galkynyp össmegimize, bela-beterlerden goranmagymyza sebäp boljak möhüm zatlardan biräçesini sanaw halynda ýazsak:
1. Gurhanyň asly we tefsirleri(meal) okanmaly; okaýanlar diňlenmeli; oňaýly ýerlerde Gurhan okatdyrylmaly; Kelamullaha bolan söýgi, hormat we baglylyk duýgylary täzelenmeli we kuwwatlandyrylmaly;
2. Pygamberimize (SAW) salawatlar getirilmeli; Onun
ň şepagatyny umyt edip, ymmatyndan bolma pikiri/aňy täzelenmeli;
3. Kaza, nafile namazlar kylynmaly; bar bolsa şol gijä degişli aýratyn namazlar okanmaly, kandil gijesi, asly boyunça ybadat we ybadatda yhsan düşünjesi bilen geçirilmeli;
4. Tefekkür (Biribaryň hikmetleri barada pikir) etmeli; "Men kim, nireden geldim, nirä barýaryn, Allahyň menden isleýän zatlary näme?" ýaly durmuşyň wajyp meseleleri barada pikir ýöretmeli;
5. Geçen wagtyň hasaby edilmeli we häzirki wagtyň hem-de geljegiň plan we programmasy döredilmeli;
6. Günälere yhlas bilen toba edilmeli; şol gijäniň iň soňky gije bolup biljegini kabul edip, has laýyk ýagdaýda amal etjek bolmaly;
7. Köp zikir(söz billen Allahy öwme) we dileg etmeli ;
8. Möminler bilen halallaşylmaly; olar bilen gatnaşygmyz taýdan razylyklary alynmaly;
9. Küs we öýkelänler ýaraşdyrylmaly; göwünleri razy edilmeli, gamgyn ýüzler güldürilmeli;
10. Ynsan özüne we beýleki mömin doganlaryna, hatdâ, adyny hem ýatlap dilegler etmeli;
11. Üstümizde haklary bolanlar gözllenip, halallyk soralmaly; wepa we hormat ahlaky ýerine ýetirilmeli;
12. Yetim, hassa, maýyp, garry bolanlar zyýarat edilip, söýgi, şepagat, hormat, sowgat we sadakalar bilen şatlanndyrmaly;
13. Şol gije bilen baglanyşykly aýatlar, hadyslar we bularyň ýorumlary degişli kitaplardan peýdalanyp, ya şahsy ýa-da umumy ýerlerrde okanmaly;
14. Şol gijä laýyklykda dini duşuşyklar, paneller, seminarlar. konferanslar we söhbetler eddilmeli, wagyz-nesihat diňlenmeli; goşgylar okanmaly; ylahy sözler bilen köňüllerde aýratyn höwes döredilemli;
15. Kandil gijesiniň agşam, ýatsy we ertir namazlary mümkin bolsa jemagat bilen hem-de metjitlerde kylynmaly;
16. Sahabalar, alymlar we öwliýa gonamçylyklary zyýarat edilmeli; ruhlary hoşnut edilmeli (aýat okap ruhlaryna bagyşlap) we olaryň ruhy mertebeleri hormatyna şahsy we umumy haýyr üçin Haka ýalbarmaly;
17. Wepat eden ýakyn dogan-garyndaşlarymyzyň, dostlarymyzyň we ulularymyzyň mazarlary zyýarat edilmeli; iman doganlygyna degişli sadyklyk ýerine ýetirilmeli;
18. Durmuşdaky manewî(ruhy taýdan) beýikleriň, Yslam alymlarynyň, mugallymlarymyzyň, ene-atalarymyzyň, dostlarymyzyň we beýleki ýakynlarymyzyň kandilleri gönüden-göni gidilip ýa-da telefon, faks, e-mail çekilip gutlanmaly; dilegleri islenmeli;
19. Bu kandil gijeleriniň gündizlerinde mümkin bolsa agyz beklemeli;
20. Gadyr gijesiniň hakymyzda segsen üç ýyllyk ybadat bilen geçen ömre deň bir ömür hökmüne geçmegini, Gadyr gijesi hormatyna rahmeti Ylahydan nyýaz etmeli.
-
ata
14 years ago
- şu gije Gadyr gijesi bolmaly turkiya gora. etjek tobady dilegleriňizi,
etjek ybadatlaryňyzy, okajak
kuranlaryňyzy/süreleriňizi, haýyr-
sahabatlaryňyzy we ş.m. biribar
esseleri bn kabul etsin!
-
Yalan
14 years ago
- hay sagja bola ata! hemmanizin gadyr gijaniz mubarek bolsun!!!
ata 16 years ago- GADYR GIJESİ BARADA GIŇIŞLEÝIN MAGLUMAT:
AÝATLAR:
اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةٍ مُبَارَكَةٍ اِنَّا كُنَّا مُنْذِرينَ () فيهَا يُفْرَقُ كُلُّ اَمْرٍ حَكيمٍ
Bes-belli bolan (we hakykaty beýan edýän) Kitaba (Gurhana) ant bolsun: Biz ony (Gurhany) mübärek bir gijede indirdik. Şübhesiz Biz (hakdan sapanlara hakykaty öňünden) duýduryjydyrys. Ol gijede her hikmetli iş tarapymyzdan bir emir bbilenn şol wagt ýazylyp belli edbilenr. (Duhan / 2-4)
اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةِ الْقَدْرِ () وَمَا اَدْريكَ مَالَيْلَةُ الْقَدْرِ () لَيْلَةُ الْقَدْرِ خَيْرٌ مِنْ اَلْفِ شَهْرٍ () تَنَزَّلُ الْمَلئِكَةُ وَالرُّوحُ فيهَا بِاِذْنِ رَبِّهِمْ مِنْ كُلِّ اَمْرٍ () سَلَامٌ هِىَ حَتّى مَطْلَعِ الْفَجْرِ
Biz ony (Gurhany) Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? Gadyr gijesi, müň aýdan hayyrlydyr. Ol gijede, Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde), her iş üçin iner durarlar. Ol gije, esenlik doludyr. Tä şapak sökýänçä-de dowam eder. (Gadyr / l-5)
HADYSLAR:
• Hz. Aýşa (radyýallahu anha) Pygamberimizden:"Eý, Allahyň Resuly, eger Gadyr gijesine gabat gelsem, nähili dileg edeýin?" diýip soraýar. Pygamberimiz:"Allahümme inneke afuwwun, tuhibbu'l-afwe fa'fu anni. (Allahym! Sen bagyşlaýyjysyň, bagyşlamagy söýersiň, meni bagyşla!)"
• “Pygamberimize (SAW=Sallallahu Aleýhi we Sellem=Allahyň salamaty Oňa bolsun) ymmatynyň ömri görkezilýär. Resulallah (SAW) hezretleri Öz ymmatynyň ömri öňki ymmatlaryň ömrüne garanyňda has gysga bolanlygy üçin, haýyr amal taýdan olara ýetişip bilmezler diýen pikir bbilenn gynanyp, bu babatda Biribara dbileng edýär. Biribar bolsa musulmanlara 1000 aýdan haýyrly bolan Gadyr gijesini berdi.” (Muwatta, Itikaf 15, (1, 321)
• Pygamberimiz (SAW): "Kim ynanyyp we sogabyna Allahdan garaşyp, Gadyr gijesinde yhlas bbilenn ybadat etse (namaz okasa, Gurhan okasa we ş.m.) öňki günäleri bagyşlanar."
• Pygamberimiz (SAW): "Allah, Gadyr gijesini ymmatyma sowgat etdi, ondan öň hiç bir ymmata bermändi."
• Pygamberimiz (SAW): "Gadyr gijesi ýatsy namazynda jemagata goşulan, şol gijeden nesibini alar."
• Pygamberimiz (SAW): "Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinde has köp sogaba eýe bolar."
GADYR GIJESI BARADA:
Gadyr gijesi, umuman, Remezanyň 27. gijesi musulmanlar tarapyndan bellenilip, şol gijä laýyklykda gutlanylýar, ýagny, ybadat edilýär. Kandilleriň iň beýigidir we "Gijeleriň Soltany" diýlip atlandyrylýar. Kyýamata çenli ýüz milýardlarça ynsana dünyä we ahyretde ýolgörkeziji boljak bir Kitabyň ýerýüzüne iniş güni, elbetde, aýratyn bir gündir, şol mynasybetli-de, mübärek gije halynda gutlanmagy örän amatlydyr. Gurhandaky "Gadyr süresi" wahýyň başlangyjyndan we bu gijäniň beýiklik, mukaddeslik, fazylat(üstünlik) we bereketini hem-de bu gijede älemi gurşap alan ylahy esenlik we rehmeti beýan edýär: “Bes-belli bolan (we hakykaty beýan edýän) Kitaba (Gurhana) ant bolsun: Biz ony (Gurhany) mübärek bir gijede indirdik. (Duhan, 2)” aýatyndaky inderilme ýagdaýy käbir müfessir(aýat we hadyslary tefsir eden, manysyny düşündiren alym)lara görä, mübärek Berat gijesinde Gurhany Kerimiň Lewh-i Mahfuzdan dünýä gatyndaky Beýt-i Mamura bir gezekde doly ýagdaýda indirileni bellenip geçilýär. Soňra bolsa Gurhan “Biz ony (Gurhany) Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? Gadyr gijesi, müň aýdan hayyrlydyr.(Gadyr, 1-3)” aýatlarynyň deilili bilen Gadyr gijesinde aýat halynda indirilmäge başlanýar. Hz. Jebraýyl, Pygamberimize (SAW) ilkinji wahýy bu gije getirdi, ýagny, Alak süresiniň "İkra! (Oka!)" emri bilen başlaýan ilkinji bäş aýatyny. Bu gijede kysmatyň bir görnüş halynda “istinsahy”(ýazgysy) hem belli edilýär.
Gadyr gijesi, Yslam alymlary tarapyndan üç görnüşde ýorumlanypdyr:
1. Höküm Gijesi: Ylahy Takdyrda(kysmat) hökmi berlen işleriň ýa-da birnäççe işlere höküm eden berk emirleriň belli bolýan gijesi diýlip bilinýär. Takdyrdan maksat: ezelî (başlangyç) hökümiň ýüze çykmagydyr. Hikmetli işler karara bağlanýar;
2. Makam(ýer), şan-şöhrat, hormat we azamat(beýiklik) gijesi diýmekdir. Gadyr gijesiniň müň aýdan has haýyrly we bereketlidigini aňladýar;
3. Tazýik (agram salma, gysma) gijesi diýmekdir. Bu gije inen meleklere ýerýüzi dar geler. Hem Jebraýyl ilk wahýy getirende, Pygamberimizi (SAW) üç gezek gollarynyň arasyna alyp gysýar, soňra aýatlary bildirýär. Gadyr gijesi, Pygamberimiziň (SAW) ymmatyna bolan ägirt söýgüsi sebäpli eden dilegi netijesinde kabul edil halydyr: Älemleriň Öwünji Pygamberimize (SAW) Biribar tarapyndan ymmatynyň ömri görkezilýär. Resulallah (SAW) hezretleri Öz ymmatynyň ömri öňki ymmatlaryň ömrüne garanyňda has gysga bolanlygy üçin, haýyr amal taýdan olara ýetişip bilmezler diýen pikir bilen bu babatda Biribara:“Beýleki ymmatlaryň uzyn ömürleri boýunça edip bilmejekleri amallary ymmatym gysga ömri içinde etsin!” diýip dileg edýär. Netijesinde Biribar bolsa musulmanlara 1000 aýdan[=83 ýyl, 4 aý] haýyrly bolan Gadyr gijesini berýär. (Muwatta, Itikaf 15, (1, 321))
Biribar musulmanlara rehmet üçin Gadyr gijesiniň Remezan aýynyň haýsy gijesiligini aýdyň ýagdaýda bildirmändir. Hak Tagalla şu sebäp we synaglar äleminde köp möhüm zatlary adaty zatlaryň içinde gizläpdir: ynsanyň ajalyny ömrüniň içinde, mübärek weli bendelerini ynsanlaryň içinde we ism-i agzamyny esma-i hüsnasynyň içinde, juma gününiň içinde rehmet we bereketli sagady, bäş wagt namazyň içinde “salaty wusta”ny, bütin ybadatlaryň içinde Allah razylygyny, zamanyň içinde kyýamaty, durmuşyň içinde ölümi we Remezan günleriniň içinde Gadyr gijesini gizläpdir. Bular gizlin bolany üçin, beýleki zatlar hem gadyrly bolýar, ähmiyet berilýär.
Pygamberimiz (SAW) Gadyr gijesiniň Remezan aýynyň soňky on ýa-da ýedi günündäki (21, 23, 25, 27) täk gijelerden birisi bolanlygyny aýdypdyr, umumy ýagdaýda bolsa, 27-nji gijesindeligini bildirýän hadysy köp Yslam alymlary tarapyndan kabul edilip, bütin Yslam älemi hem şeýle kabul edýär.
"Her haýyr(gözel) ammalyň sogaby başga wagtlarda on bolsa, Rejeb-i şerifde ýüzden geçer, bereketli Şaban aýynda üç ýüzden zyýada we mübärek Remezanda müňe çykar we Juma gijelerinde müňlere we leýle-i Gadyrda (Gadyr gijesi) otuz müňe çykar" diýlip bellenilýär. Gadyr gijesi doly ýagdaýda bilinmeýäni üçin, Allahyň söýgüli gullary Remezanyň her gününi Gadyr gijesi bolup biler diýen pikir bilen geçirmäge çalyşypdyrlar, şol sebäpli-de, köp weli ynsanlar Gadyr gijesini bir gün öňünden we bir gün soňundan ybadat bilen aýratyn yhlas bilen geçiripdirler.
Gadyr gijesinde okaljak namaz:
Gadyr gijesi namazy: Gadyr gijesi namazynyň iň azy 2 rekagat, ortaça 100 rekagat, iň köpi hem 1000 rekagatdyr. Bu namaz iki rekagat kylynan(okalan) ýagdaýynda, her rekagatynda 200 aýat okamalydyr. 100 rekagat kylynandda, her rekagatynda Fatihadan soňra Gadyr süresi bilen üç gezek hem Yhlas süresi okalyp, her iki rekagatda bir salam berilmelidir.
Bu gije özümize we bütin möminlere dilegler edilmelidir; çünki sünnetdir. Gadyr gijesinde bir wagt bar, şol wagta duş gelen bir dileg hökmany ýagdaýda kabul bolar.