kor bir adam onunde sapkasyny ters owurip aybogdasyny gurap otyr we dilegcilik edyar. onundaki kardonda "men kor. hayyst, mana komek edin" diyip yazylgy. onunden gecip giden ayal kor adamy bir muddet seredip durdy. onundaki sapkanyn icinde bir-iki sany tenne bardy. yanyna baryp sapkasyna bir nace tenne oklap kardony aldy we arka yuzune bir zatlar yazyp gitdi. ayal oylanden son yene-de sol yerden gecip baryarka kor adamyn onundaki sapka gozi dusdi. sapkanyn icinde tennelerden basga-da kagyz pullar hem kopelipdi. gecip baryan kisini ayak seslerinden kardonyny alyp bir zatlar yazyp giden kisidigini tanan kor ony saklady we kardona name yazandygyny sorady. kardonda seyle sozler bardy: "bu gun baharyn taze bir guni, men bahary gorup bilemok" diyip yazylgy...uytgesik tar(metod), uytgesik netije. doredijilik elbetde yaradyjylygy gerekdirer. kellede emele gelen pikir is yuzune gecirileninden son bir many gazanar. dunya, dorediji emma welin yaradyjy bolmandygy ucin olup giden pikirlerden doly. mazarlar hem arkasynda hic zat galdyrman, arzuwlaryny hasyl etman giden adamlardan doly. durmusda hemmamizin arzuwlarymyz, isleglerimiz bardyr. dusunmegin we ynanmagyn guyjini hem bilmeyan yok bolsa gerek indi, emma yene-de adamlar oz isleglerini hakykata gecirip bilmezlikden igenyarler. hatta dusunjanin guyjine hem suphe edip baslayalar. isleg-arzuwlaryny hasyl etmekde durmusdaky adamlary toparlara ayyrsak seyle netije emele gelyar: 1. durmusyny dine islemek bilen geciryanler, bularyn islegi semal yaly gelip geciji bolyar. bir zada sudur berip biljek guycde bolmayan islegli adamlar. bu adamlaryn goterimi: 70% 2. isleglerini arzuwa owuryan adamlar. mydama sol bir zat barada islap arzuw edip yoryaler. bu adamlaryn goterimi: 10% 3. isleg-arzuwlaryny umyda owurip hasyl bolmagy mumkin diyip pikir edyan adamlar. bu adamlaryn goterimi: 8% 4. isleg-arzuwlarynyn umyt bilen hasyl boljakdygyna ynanyp garasyan adamlar. bu adamlaryn goterimi: 6% 5. isleg-arzuwlaryny, umytly ynamlaryny birikdirip hakykatda amala asjakdygyna kemsiz ynanyan adamlar. bu adamlaryn goterimi: 4% 6. ahyry in sonky bolsa, sonky iki adimi hem atyp amala asjakdygyna kemsiz ynanan arzuwlaryny hasyl etmek ucin plan guryan we amal edip baslayan adamalar. bu adamlaryn goterimi: 2% durmusda guycli sahsyyetler we basarnykly liderler su topardan cykyalar. dusunjanin guyjini ulanmak diymek, bu guyc bilen maksatlarymyzy aydynladyp olary amala asyrmak diymekdir...diymek "mumkin dal" diyen sozun hem bir manysy galmayar. Christopher Reeve`in aydysy yaly, "duysler(arzuwlar) ilki amala asmagy mumkin dal yaly goruner, sonra hakykata owrulmegi kyn yaly goruner, sonra bolsa amala asmazlygy mumkin dal bolar" hakyky ozune ynam, ozumizin gadyrly we yeterlidigimizi bilip jogapkarli herekelerimiz bilen tejribeler gazanmagymyz netijesinde emele gelyar. gadyrly agzalar, sizin durmusda arzuwladygynyz maksatlarynyz barmy we sizin pikirnizce siz haysy topara degisli??
Dusunjanin guyji
-
ata
16 years ago
"bu gun baharyn taze bir guni, men bahary gorup bilemok" diyip yazylgy...uytgesik tar(metod), uytgesik netije. doredijilik elbetde yaradyjylygy gerekdirer. kellede emele gelen pikir is yuzune gecirileninden son bir many gazanar.
,
gowja terjime, berekellah!
Tär barada aýdanlaryňa goşulýan, umuman. Oňatja tär ekeni, ony şeýdeni we şoňa meňzeşleri şereketlere "mahabatçy" hökmünde alaýmaly ekeni:)
Men hem tär barada aýratyn mowzuk açsamam, ol ýeri gugaryp dur, ýakynda birnäçe ýazgy goýarmykam diýýän, hatda, soňurak.
Terjimäňde türkleriň "ýaradyjy" sözüni bolşy ýaly geçiripsiň. Pikirimçe, bu ýalňyş. Sebäbi, "ýaratmak" diňeje Allaha mahsus, Onuň ýaradanlaryna däl! Şoň üçinem, özüme görä düzediş girizeýin:
1- "Döretmek" ýerine "öndürmek";
2- "Ýaratmak" ýerine-de "döretmek" ulanylyp biler?!
-
ata
16 years ago
-
Christopher Reeve`in aydysy yaly, "duysler(arzuwlar) ilki amala asmagy mumkin dal yaly goruner, sonra hakykata owrulmegi kyn yaly goruner, sonra bolsa amala asmazlygy mumkin dal bolar"
,
şu ýeri okap, men hem täze mowzuk açyp, meşhur ynsanlaryň aýdan kä sözlerini paýlaşaýyn diýen netijä geldim, minnetdar :)
-
ata
16 years ago
hakyky ozune ynam, ozumizin gadyrly we yeterlidigimizi bilip jogapkarli herekelerimiz bilen tejribeler gazanmagymyz netijesinde emele gelyar.
,
ynam barada men hem öň ýazgylar ýazypdym, bärik goýaýaýyn täze mowzuk açyp oturman:
"...gowy yetishen talyplar oz ugurlaryndan TM-de ish tapyp bilenoklar, ne gozel ynsanlar dasharyk cykmaly bolyar,..TM beyle gitse, tizlik bn ozup bilmez,..., biderek okanyn bolyar,... azajyk aylykly ishe-de tanysh ya-da pul usti bn giripdir,. . we sh.m. sozler we yazgylar gordum.
Bu yagday dashary yurtlarda hem-de TM-de okayan zehinli we onat yetishen kadrlaryn ozlerine we bilimdir ylymlaryna bolan ynamlaryny peselmegine ya-da yok bolmagyna sebap bolyar oydyan, ya bolanokmy!?
Maňa galsa, yokarda yazylanlaryn hemmesi onat zatlar bolsa-da, hazirki yagdayda TM-de ynamdar adamlaryn size ynam bermegi shert bolup gorunyar, ya-da, hakykatdanam puldyr tanyshyna ynam bn bolaymaly mejbury yagdayda, her ish hem bolsa, oz ynamyny gorkezip beygelse bolar, ilki bada bashlyklykda gozi bolan ucin ynam oran kyn yagday!
Yene-de, hemme pasgelciliklere garamazdan, ozune ynamyn bolmasa welin, ish has hem kyn, shol sebapli, ozumize ynamy onatja yerleshdirip ynanyp bashlalyn!
gowja jogaplar ýazylypdy bu babatda, goýuşdyraryn-da bolmasa soň.
-
agayunus
16 years ago
bulundukları noktada kendilerini "vazgeçilmez" gören; halbuki orada, problem çözmek yerine problemin bir parçası olduğunun farkına varmayan insanlar için de, doktorun reçetesi geçerli değil mi?
katiliyorum...yaziniz için teşekkür ederim
-
Komendant
16 years ago
doktorun reçetesi geçerli değil mi?
Herrntas | 2008-09-14 16:36:40
Sanirim ki, geçerlidir.
-
agayunus
16 years ago
özüme görä düzediş girizeýin:
mowzugyň ady hem doly türkmençe däl, ünsiňizden düşipdir ata aga:). aslynda bu ýazgynyň original özüni goýan bolsam has gowy bolardy. yaratmak sözi aklyma ilişdi terjime edip otyrkam welin, näme üçin türkçede ulanylyp bolýan sözi şol manyda türkmençede ulanyp bolmaz diýip pikir etdimdä. çünki "yaratmak" sözini bir türk bolup ele alsagam şony diňe Allah(j.j) üçin ulanmaly diýip aýdardyk, ýöne ondan başga manylary aňlatmak üçinem ulanypdyr. bir söz iki dilde-de şol bir manyny berýän bolsa onda näme üçin türkçede başga manyny hem aňlatmaga ulanylýan söz türkmençede ulanylmaly däl?!
1- "Döretmek" ýerine "öndürmek";
2- "Ýaratmak" ýerine-de "döretmek" ulanylyp biler?!
-
agayunus
16 years ago
ynam barada men hem öň ýazgylar ýazypdym, bärik goýaýaýyn täze mowzuk açyp oturman
güýçlä güýçli diýmeli, gowy ýazypsyňyz ata aga...ýaş kiçi hökminde girizen düzedişleriňize minnetdarlyk bildirýän:)
-
ata
16 years ago
- hmmm, "ýaradyjy"...
bu zatlara gowy düşünýänsiň öýdüpdirin, ýa-da men däli entägem saňa düşünip bilemok!
Bor-da, sen dogrusyňdyr, "ýaradyberiň" kä zatlary! "Döredenlerem" çykar-da.
Türkleriň şol sözi maňa we umuman ýalňyş diýip bilýärdim. Ýene şeýle bilmäge dowam edibereýin-le men.
-
agayunus
16 years ago
- aý ata aga, nätdiňizaý muny...soranyma puşman etdimow.
Türkleriň şol sözi maňa we umuman ýalňyş diýip bilýärdim
birje şu jogabyňyz ýeterlikdi maňa!!!
-
agayunus
16 years ago
- ata aga, gödegräk yüzlenen bolsam bagyşlarsyňyz. ýalňyşlarymy düzedeniňize çynym, gaty begendim. soramak, öwrenmek aýyp dälä, ýaradyjylyk söziniň manysyny bilýänem bolsam özümden güyçlirägiň düşindirişini alasym geldidä agam.
meşhur ynsanlaryň sözlerini ýazjak diýdiňiz?!...filasofiýa bilen araňyz nahili...bäh şula jüpine düşirilipdireý, diýdirip biläýjek sözleriňiz bar bolsa ýazsaňyz?! eşdilen-u-eşdilmedik tapawudy ýok...gaýtalamak peýdaly:)
-
ata
16 years ago
- bolýar-la, wajyp däl ötünç soramak. men pikirimi beýan etdim, we azyragam gynanypdym - bolany.
Men şol mowzugy açaýyn onda "Paýhaslar" ady bn. Soňam gidip-gelip goýuşdyrybererin-dä, enşallah!
-
agayunus
16 years ago
- ýokardaky ýazgy barada: adam hiç wagt ýokardaky toparlaryň diňe birine degişli bolup galyp bilmeýär. adamyň durmuşynda(intäk durmyş barada üýtgeşik bilýän zadymam ýoklaý welin, iliň tejribelerinden ugur alyp gürlän bolýanda) her hili maksatlar bolup biler. kiçi maksatlary amala aşyrmak aňsadyrak, emma welin beýik uly maksatlar hakyky erkekligi talap edýär...niýeti ýagşy beýik maksatly adamlar arzuwlary bilen köplenç ikinji toparda saklanyp galýar, içindäki amala aşyryp biljek güyji duýan adamlar..bäh edip bolmazça däl diýip iň bolmanda kellesindäki pikiriň, ýüregindäki arzuwyň bir durmyşa geçirip boljak zatdygyna göz ýetirip umydy oýanyp başlanlar eýýam 3-nji topara ätleýär. onsoň..bäh şu bolsa aslynda ýaman gowy bolardyda etmezçe zat dällaý, belki biri uçundan tutyp amala aşyran tapylar diýip..töwereginden haraý gözläp otyrýanlar..umyt bar, ynam bar, hereket ýok 4-nji topara degişli bolýar. indi töwerekden ýaňky maksady dörän adamyň maksadyna tarap ýönelýänleri görip ýakynlaşdymow diýip özüçe ekizlenýänler(begenýänler) 5-nji topar. iň soňky bolsa 6-njy topara degişliler..pikir bar, güyjimem bar, boljagyna-da ynanýan diýip uly umyt bilen öňinde goýan takyk maksadyna eýe çykyp şoňa tarap ynamly ýöreýänler.
men bilmedim welin beýik maksat babatda ikinji topara-da degişli bolup bilemok öýtýän:( näme diýeýin..Allah`ym bizi kämil imana eren, özünden başga töweregindäkileriň derdi bilen ýanyp tutaşan dertli gullaryndan eýlesin!!! amin
-
ata
16 years ago
..Allah`ym bizi kämil imana eren, özünden başga töweregindäkileriň derdi bilen ýanyp tutaşan dertli gullaryndan eýlesin!!! amin
,
Ämin!
soramak, öwrenmek aýyp dälä, ýaradyjylyk söziniň manysyny bilýänem bolsam özümden güyçlirägiň düşindirişini alasym geldidä
,
şu ýerde men "güýçli" ýaly bolan bolup jogap ýazana meňzäpdirinmi ýa göwnümemi :)
Men şeýle däldirin, meň ýazgymdan soň ýazan ekeniň şol ýazgyňy.
meşhur ynsanlaryň sözlerini ýazjak diýdiňiz?!...filasofiýa bilen araňyz nahili...bäh şula jüpine düşirilipdireý, diýdirip biläýjek sözleriňiz bar bolsa ýazsaňyz?! eşdilen-u-eşdilmedik tapawudy ýok...gaýtalamak peýdaly
,
Gözel gözel bolýar, her näçe gaýtalansa-da şol gözelligine galýar, şoň üçin gözeli gaýtalamagam gözeldir :)
Şoň şanyna açandyryn şol diýýänimi :)
-
98765
15 years ago
- şular yaly govja movzuk açsalar ervedem däl.
ata 16 years ago-
,
meňki ýokardakylaryň 1-njisi bolmaly.
,
bu barada başga bir agza, başga bir ýerde we başga bir wagtda şeýleräk ýazgy ýazypdy:
,