UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji duşuşyklary oýnaldy. Oýnalan 16 oýnuň 9-synda myhmanlar ýeňiş gazandy. Jemi 59 gol geçirilip, 2 oýunda 7 gol hasaba alyndy.

Italiýanyň “Milan” topary myhmançylykda “Srwena Zwezda” bilen duşuşyp, oýun 2-2 hasabynda deňlikde gurtardy. “Milan” 90+3-nji minutda Milan Pawkowyň goluny saklap bilmän meýdançany deňlik bilen terk etmeli boldy (Kanga 52 p, Pawkow 90+3 – Pankow 42 ö.d. Hernandes 61 p).

Başga bir italýan kluby “Napoli” myhmançylykda “Granadadan” 2-0 asgyn geldi (Herrera 19, Kenedi 21). Roma topary-da şol hasap (2-0, Jeko 5, Maýoral 86) bilen “Bragany” ýeňip, ýurduna ýeňiş bilen dolandy.

3 gol geçirip hem ýeňiş gazanyp bilmediler

Nemes klublary – “Baýer” bilen “Hoffenhaým” myhmançylykda degişlilikde “Ýang Boýz” hem-de “Molde” toparlary bilen duşuşdy. Iki topar hem garşydaşlarynyň derwezesinden 3 gol geçirse-de, ikisine-de ýeňiş gazanmak başartmady. “Baýer” 4–3 utuldy (Fassnakt 3, Siebatçeu 19, 89, Elia – Şik 49, 52, Diabi 68), “Hoffenhaým” 3-3 (Ellingsen 41, Andersen 70, Fofana 74 – Dabbur 8, 28, Baumgartner 45+3) deňme-deň oýnady.

Şeýle-de “Dinamo Kiýew” bilen “Klub Brýugge” 1-1 deňme-deň oýnap, “Krasnodar” öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebden” 3-2, “Makkabi Tel Awiw” “Şahtýor Doneskden” 2-0 utuldy.

Niderland klublaryndan “Aýaks” myhmançylykda “Lilli” 2-1 ýeňse, PSW myhmançylykda Olimpiakosdan 4-2 utuldy. “Willarreal” myhmançylykda “RB Salsburgy” Alkaser hem-de Ninýonyň gollary bilen 2-0 utdy.

7 goluň geçirilen oýnunda “Reýnjers” soňky minutda ýeňiş goluny geçirip, “Antwerpeni” 4-3 utdy.

Jogap oýunlary 25-nji fewralda oýnalar.

çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir