UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji oýunlary iňlis klublary üçin şowly geçdi. Iki topar myhmançylykda 4 golly ýeňiş gazanyp, beýleki ikisi-de deňme-deňlik bilen Angliýa dolandylar.

“Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Real Sosiedady” Bruno Fernandeşiň (2), Reşfordyň hem-de Jeýmsiň gollary bilen 4–0 utdy. “Tottenham” hem myhmançylykda “Wolfsbergeri” 4–1 ýeňdi. Londonlylara ýeňiş getiren gollary Hyn Min Son, Beýl, Lukas hem-de Winisius derwezä girizdi. “Benfika” “Arsenal” 1–1, “Slawiýa Praga” bilenem “Lester Siti” 0-0 deňme-deň oýnady.

Jogap duşuşyklary 25-nji fewralda oýnalar.



çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir