Sheýle adamlar bar-
ýüzlerinde nur,
Kalbynda müñ gyshy çoýjak Gün bardyr.
Olara bir adam- külli adamzat,
Olara bir göwün tutush dünýädir.

Höwrün, höwürtgesin unutsa bir dem,
Bitin ojaklary bütin dünýäniñ
Shol dem çat açaýjak, çagshaýjak ýaly.
Birje galp söz dilden sypsa, galpyldar
Asmandyr Ýer ornun çalshaýjak ýaly.

Mätäje-misgine gol uzatmagy
Ýekeje gün düshüräýse ünsünden.
Howpurgar göterip goshun-gopjusyn,
Haýyr ishler gidåÿjek deý ümdüzne.

Jan tanapy üzüläýjek ýalydyr,
Näjaý jümle bir gül göwni kertdigi.
Olar- ýalan dünýäñ çyny,
Namart dünýäniñ mertligi.

Olaryñ bashynda goja Ýer shary
Aýlanyp dur gara kelle deregne.
Dünýä halas bolýar ýetdim-ýetdimde
Özün oklap shol adamlañ ýüregne.


Kakamyrat Rejebow

Edebiýat, MARGARITA tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir