Azady:
— Paş eýle syryňny, saklama pinhan,
Emma ki sözümden çykmagyl, oglum!
Günde ýüz köý geler, geçer bu başa,
Agyrtma, sözümi ýykmagyl, oglum.

Magtymguly:
— Utanardym, syrym paş eýlemezdim,
Paş ederin, habar alsaň, Azadym!
Ýüz köý geler, geçer her gün bu başa,
Köňül istär, sapar kylsak, Azadym.

— Jepa urma özüň, goýma watany,
Arzuwlama hany, begi, soltany.
Besdir bize ol taňrynyň bereni,
Azdyrma köňlüňni, gitmegil, oglum.

— Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,
Seýran etsek niçe deňi-duş bile,
Meger, gitsek, halkyň köňli hoş bola,
Köňül galkar, karar etmez, Azadym.

— Bilgeşleýin özüň nirä atar sen?
Niçik işdir, muny beýle tutar sen?
Diýgil ahyr: kimiň bile gider sen?
Dem tartyp, her ýana
bakmagyl, oglum.

— Jylawdary bolam Ýazyrhan piriň,
Köňül guşy perwaz urar pakyryň...
Bu gün niçe gündür, aglaşar iliň,
Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym.

— Werzişiň ýok, ýaş sen,
gidebilmer sen,
Şöwür bar, şowhun bar,
çydabilmer sen,
Her işe baş goşup, edebilmer sen,
Gitmeklik ýagdaýyn etmegil, oglum.

— Kişi sözlemeýen, syry paş olmaz,
Ýagşydan, ýamandan aňlan ýaş olmaz,
Şu gez ibermesin, köňlüm hoş olmaz,
Raýymyz gaýtarma, goýber, Azadym.

— Bizi beýle niçik terk edesiň bar?
Bu ýol beýhudadyr, sen gidesiň bar,
Gel gitmegil, oglum, çoh terhosym bar,
Gaýgy-harajata batmagyl, oglum.

— Kalbyma giripdir gitmek höwesi,
Ýene bizden bolar halkyň tamasy,
Köňlüm narow etme, kylma terhosy,
Bir sapar işidir, goýber, Azadym.

— Azady diýr, bile sapa süreli,
Eýsem ibereli, synap göreli,
«Ämin» diý, tur, oglum, pata bereli,
Bir taňry ýar olsun saňa, git, oglum!

— Magtymguly aýdar,
galmyşam çohdan
Köňül talwas urar, gezer yrakdan,
Her ýerde saglygym iste ol hakdan,
Doga kylyp, haka ýalbar, Azadym!

Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir