Bu mowzuk örän giň göwrimli, men ýöne umumy gysga ýazaýyn. gyzyklananlar soň google-dan gözläýsinler, bärde hemmesini düşündirip bilmerinmikäm diýýän. alymlar sesiň suwa täsirini tejribe edip görüpdirler. bir mukdar suwy, ýakymly rahatladyjy sazyň täsirindekä kristallaşdyrýalar. kristallaşan suw owadan güliň şeklini emele getirýär. soň yene-de bir mukdar suwy rok-aýdymyň täsirinde kristallaşdyrýarlar. suw merkezinden gazap bilen zyňylýan ýiti uçlar şeklini emele getirýär. adam öýjiklerem suwdan ybarat, töweregindäki sesleriň adama täsiri gaty uly. ana näme üçin, adamlar mylaýym adamlary gowy görüp gaddarlardan gaçýalar. birine iş buýurylan halatynda-da buýruk hökminde däl-de mylaýymlylyk bilen aýdylsa şo iş göwnejaý ediler, buýrujy ähende buýrulan wagty adamyň içinde özüniňem akyl ýetirip bilmedigi bir ýigrenç döreýä edýän işine garşy. çaga terbiýesinde-de ene atanyň aralaryndaky gatnaşyklar, öýüň içindäki huzur, asuda aýdylýan sözlere üns berilmelisi möhim. üzlem-saplamragam bolýa welin, kusuruma bakmayin:) ýazylan ýazgylaram adamda şoň ýaly täsirler döredip bilýämikä? ýa-da, adamlaryň öz içlerinde edýän pikirleri özlerine täsiri nä dereje, bilýäňizmi? men ejiz men biçäre diýip özüňi igeläp ýörseň gowymy ýa-da men şuny başararyn diýip içindäki güyji oýandyryp adamlaryň gepine, ýazgysyna üns bermän tutan dogry ýoluňda başyňy dik tutyp ýöreseň gowymy? dogry, adam özüne garşy "prukuror" beýlekilere garşy "adwokat" bolmaly, yöne içimizdäki prukuror pikirleriň beýin öýjiklerine berýän negatiw titreşimleri käbir etsem goýsamlarymyza böwet bolup biler.
Sesleriň adam öýjigine täsiri
-
agayunus
16 years ago
meň mowzugymy okap, şu mowzugy açypsyň öýdýän
a siz düşbije :)
her kim size ata aga diýýär, menden ulydygyňyz belli. göni ýazgyňyzyň yz ýany akyl berýän ýaly ýazmak islemedim, ýöne bi diňe size degişli dälä, umumy ýagdaýa esaslanyp ýazdym. aslynda men birazajyk howlykdym. bu mowzygy açmakam kän maglumat toplap ýazan bolsam has gyzykly bolardy, sebäbi munyň iň esasy manysy ene-atalaryň çagalaryna garşy äheňk tarapyndan täsiri ýetýän terbiýä baryp direýär. boşaşan wagtym maglumatlary toplap giňişleýin ýazarynda.
-
Harmandali
16 years ago
- Gowja tema. Hosh geldin Agayunus peri! Gorogly agamyz niredeka :P
ýazylan ýazgylaram adamda şoň ýaly täsirler döredip bilýämikä?
Men pikirimche tasir edip bilya. Ozum uchin aydayyn hemme yazgy bolmasa hem kabir adamlaryn kabir pikirleri, yazyan zatlary tasir edya, kabirlerininkini okap bolsa pikirimem uytgedyan. Yone beyle zatlar seyrek bolya.
Ruhyny pes tutmaly dal-de palini pes tutmaly bolaymasa, ozune gowniyetmezlik etdiginche yagdayyn agyrlashyar. Yone faraonlar yaly hem bolmaly diylen zat yok weli yone bir zady ichinden basharmajagyny bilsen hem shony basharjak bolmaga chalshmaly. “Ay men ony ikibashdan edip bilmern” diyip gyra chekilip oturmaly dal. Yone kabir yagdayda edip bilmeyan zadyny hem etjek bolup onaysyz yagdaya dushyan wagtynam bolayyada :(
-
agayunus
16 years ago
- salam harmandäli. görogly söweşler bilen başagaýlaý:) bäriňem "görogly"lary ýeterlik tüweleme...perilerine bir zat bolupdyr ýöne:) agzalara seretseň gyzlar az däl ýaly welin, ýagy ýazýan ýoklaý. ýokardaky mowzuga degişli bir kitap bolmaly, şony hiç tapamokda. doly düşnikli edip ýazaýjak bolýan welin başyny başlap bilemok. ýaman gyzykly tema bolmasa. sen şu sesler hüjreler barada bilýän zatlaň ýokmaý...seret, hany adamyň egninde her tarapyna bir melekler otyryp edýän işlerini, gürriňlerini ýazýar diýilýärä?! onsoň ahiretde bular bir depder halyna getirilip eliňe berilýä diýýäler. ana şoň ylmy subutnamasynam orta goýýan bir mowzuk şu. howanyň malekulalary her bir ýaýylýan sesi, gürrüňi özünde saklaýar suw malekulalaram şoň ýaly. aý garaz ýaman çylşyrymly gowy tema welin bir ujyny tutyp bilemokda...
Ruhyny pes tutmaly dal-de palini pes tutmaly
şu aýdýanlaryňa doly goşulýan. adamyň ruhunda hemme zada döz gelip biljek güýç bar, ýöne o güýji saňa berenem barda. şoň üçinem mydama ruhuň beýik päliň pes bolmaly
-
98765
15 years ago
- adybegi iň soňky gezek haçan gördün?
-
98765
15 years ago
- menem şonun ucin soradym yok bolaymasa olar yaly agza.
-
98765
15 years ago
- edebiyat bilyan agzamyz köpä bu saytda.
-
98765
15 years ago
- yadyma düşenokda bir agzamyza bardy yadyma düşse yazaryn.
ata 16 years ago
,
meň mowzugymy okap, şu mowzugy açypsyň öýdýän :)
sitatadaky ýazgyňa goşulmanam duramok, ýöne bir ynsanyň ýagdaýyny teswir edýän bolup biler diňeje. Ynsanyň özüne bagly. Özüňe göwniýetmezçilik etmek başga, şol ýagdaýy teswir etmek başga. Iki ýagdaý 1-1-i bn baglanşyklarynda dogry hem bolup biler, tersi hem. Özüm barada aýtsam, takyk özümem bilemok, ýöne azda-kände täsiri ýok däl hem diýip biljek däl.
Mowzugyň berýän manysyna, umuman, men-ä goşulýaryn!