Şu gije UEFA Çempionlar ligasynyň 2020/2021 möwsüminiň 2-nji tapgyrynyň oýunlaryna badalga berler. 1/8 finalyň ilkinji 2 oýnunda “Barselona” bilen PSŽ hem-de “Leipsig” bilen “Liwerpul” özara güýç synanyşarlar. Iki duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň 01:00-da başlar.

“Barselona” bilen PSŽ 12-nji gezek gabatlaşarlar. Mundan öňki 11 oýunda “Barselona” 5, PSŽ 3 gezek ýeňiş gazandy. 3 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Gollarda 22–16 ispanlar öňde. Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1995-nji ýylda oýnaldy. Şonda Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky oýunlarda – 1-1 (Barselonada), 2-1 (Parižde PSŽ ýeňýär) netijeler hasaba alnypdy. 1997-nji ýylda Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselona” häzirki tälimçisi Ronald Kumanyň penaltiden geçiren goly bilen PSŽ-ni 1-0 hasabynda ýeňýär. 2013-nji ýylda çärýek finalda Parižde 2-2, Barselonada 1-1 deňme-deň oýnadylar we ispan topary ýaryşy dowam etdirdi. 2014-nji ýylda toparçalarda PSŽ Parižde 3-2, “Barselona” “Kamp Nouda” 3-2 ýeňiş gazandy. 2015-nji çärýek finalda “Barselona” 2 ýerde-de güýçli garşydaşyny ýeňmegi başardy. Parižde 3-1, Ispaniýada 2-0 ýeňen Barselona şol ýyl kubogy hem eýeleýär.

ÝATDAN ÇYKMAJAK 6-1-LIK ÝEŇIŞ

Iki toparyň arasyndaky ýatdan çykmajak duşuşyklar 2017-nji ýylda hasaba alynýar. Şolaryň biri, has takygy, 2-nji duşuşyk, futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ol oýun 2017-nji ýylyň
martynda oýnalypdy. Parižde 4-0 ýeňiş gazanan PSŽ myhmançylykda 6-1 hasabynda utulyp, futbol taryhynyň ýatdan çykmajak oýunlarynyň biriniň baş gahrymany bolupdy. Duşuşykda häzir PSŽ-de oýnaýan Neýmar “Barselonanyň” ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnapdy. Şu günki “Barselona”–PSŽ oýnunda tejribeli golland emini Býorn Kuipers jürlewük çalar.

Şu gijäniň beýleki duşuşygynda-da “Leipsig” bilen “Liwerpul” özara güýç synanyşarlar. Budapdeştde oýnaljak bu oýun olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar. Oýna sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder.




çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir