Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürruňlerinden
Tumşugy bäş garyş ýokardady ony söýenimde. Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymda onuň bilen. Zalym diýse... Oňa söýgimi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap. Erbet kemsidýärdi. Ýanymdan geçende maňa şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin, ýere giresim gelip gidýärdi şol pursat.
Onuň bilen tanyşan günüme-de, aýyma-da, ýylyma-da nälet bolsun! Onuň gül ýüzüni ilki gören agajymyň kölegesine-de nälet bolsun! Şol agajyň şahasynda ajaýyp saýran guşa-da nälet bolsun!..
Näletler ýagýardy hamsygýan ýürekden.. Ýöne, näme üçindir, onuň özüne hijem nälet edip bilmeýärdim. Onuň dodaklaryndan dökülen ajy sözleri häzirem ýadymdan çykanok. Ýöne onuň agysy näçe ajy hem bolsa, elhenç hem bolsa, her gün mekdebe gitmek üçin howlugýardym. Ony ýene görmek üçin howlugýardym...
Meniň bilen hiç gürleşmeýärdi, menden gaçýardy. Joralarynyň arasynda bolsa-da, onuň şadyýan pursatlary şeýle bir ajaýyp bolýardy welin, synlap doýup bilmeýärdim. Gytaklap hem bolsa, gözünden aýryp bilmeýärdim gözümi. Ýadaw gutarýardy onuň hyýalynda onsuz geçen gijeler. Gijäniň hemme ýerini onuň bilen doldurýardym...
Özüm samsyk! Nireden bileýin onuň beýle doňýürek bolaýjagyny?! Artyk hiç zat islemändim ahyryn ondan! Diňeje söýgi...
"Näme üçin men şeýle doguldymkam..." ýaly soraglar jogapsyz galýardy. "Täleýdir" diýibem özümi köşeşdirjek bolýardym.Belki-de, söýgä mätäç ýüregiň işidir bu...
Ony şeýle bir gabanýardym. Edil göterýän akja sumkasy ýaly ýakyn bolmasamam, onuň howlusynda bitip oturan bir otjagaz bolmak isleýärdim. "Otjagaz nähili bagtly!" diýýärdim, "Ony menden has köp görüp bilýär" diýip aglaýardym hemişe...
Ah, dynç almak üçin başlasa-da, meniň üçin ýadaw gutarýan gijeler! Onuň ady bilen, ýady bilen bezelýän gijeler!..
Ondan bäri ençeme ýyllar geçipdir. Dek düýn ýaly...
...Ýene bir gijäniň gujagynda ellerimdäki suratlar bilen ýene seni ýatlap otyryn, ezizim. Ýene howa sowuk, ýene ýüregim sensizlik agysy bilen titreýär. Ýyllar seni unutmagym üçin maňa kömek edermikä diýýärdim. Ýalňyşypdyryn...
Ynha, men saçy çalaryp giden bir goja bolsamam, ýene aglap otyryn seniň üçin. Bu gün seniň öleniňe laýyk 50 ýyl doldy...
Çal reňkli maşynyň aşagynda gyzyla boýalan akja köýnegiň içinde köçede ýatyşyň henizem ýadymda... Men dözmändim saňa. Ýöne maşyn ezipdi 17 ýaşlyja näzik bedeniňi. Ylgap klasa giripdim. Uly-ilim bilen diwarlary sarsdyryp gygyranym ýadyma düşýär. "Bolup bilmez!" diýýärdim. "Bu bir oýundyr-la! Şeýle dälmi, ezizim? Meni ýene oda düşürmek üçin oýun etdiň sen. Ertir bolsa, gulpaklaryňy şemala sypaladyp girersiň ýene şu klasa. Gelip oturarsyň öňki ýeriňe. Akja sumkaňdan depderdir kitaplaryňy çykaryp oturşyňa, diliň joralaryňa salam diýýärkä gözüň meni tapar gytaklap ýene...
Näçe ajy bolsa-da, bu bir arzuwdy we paşmadyk arzuwlara goşant goşýardym şonda, bilmän. "Seniň oturan ýeriň" diýip ýeriňde oturýardym, partanyň ýüzüne gyzyl galam bilen gazalap ýazyp goýan adyňy öpýärdim sojap-sojap aglap oturşyma... Partanyň aşaklaryna aýlanypdy elim. Hiç zat ýokdy, diňe könelip giden bir kagyz tapypdym bir gyrajykdan. Gatyny açdym. Bir tarapdan "Gözümiň ýaşlary kagyza degmesin" diýip howatyrlanýan, beýleki tarapdan bolsa, kagyzdakylary okamaga synanyşýardym jan edip. Hata gaty ähmiýet berleni töwereginiň keşdeler bilen bezeleninden bildirip durdy. Harplar bolsa sünnälenip ýazylypdy. Ilki geň galdym. Hat maňa ýüzlenilen, ýazgy bolsa oňa degişlidi. Her harpyny uly bir mähir bilen okadym. Gaýta-gaýta, aglap-aglap okadym. Ilkinji setirler henizem ýadymda. 50 ýyldan bäri her okanymda aglaýaryn şondan bäri. Hatda şeýle sözler bardy:
"Söýen söýgülisini ýerden-ýere pylçarmyş, ezizim, menem seni söýýän! Bagyşla çekdirýän ejirlerim üçin..."
Pegas 3 years ago- Awtoryny hem ýazmaly ekeniň Pegas diýip...