Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýene-de men :) Aý, kellä bir pikir geldi köne ýerleri dörjeläp ýörkäm, aslynda, öňem bardy welin, ýatlatdy diýeýin, ýörite mowzuk açjak bolup ýördüm. Şu ýerde agza bolup ýazýanlardan käbirleriniň dürli atlary bolup biler. Hatda, lakam, çyn at, ýalan at we ş.m. bolup biler. Pasportda çyn at, ýaşaýan ýerinde bolsa ýalan( has takygy, ýörgünli) ady tutulýanlar bolup biler. Bu barada 1 mysal bar şu sahypadanam, meselem, men. Başlaýynmy sanama: 1- Pasportda: Atamyrat( çyn at); 2- Obada : Kakageldi (ýalan/ýörgünli at); 3- Obada : Kapakapagepeldipi (üýtgeşik usulda adymyň aýdylyşy) ; 4- Obada : Kapa (ýokarkyň ilkinji bogny) ; 5- UK-da : Atamyrat (resmi) ; : Ata (ýerlilere gysgaça aýdýanym) ; 6- UK we TÇ : Murat (Türkler aýdýar) ; 7- Dostlarym: Atam; 8- : Atamurik we ş.m. Sizde-de ýa-da haýsydyr bir tanşyňyzda-da şu ýagdaý barmy?! Bar bolsa paýlaşaýsaňyz! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir