Poeziýa
barypýatan päklikdir,
Poeziýa
göze görnen bir gyzdyr.
Bir seretseň –
onuň daşy köplükdir,
Bir görseňem
şol köplükde ýalňyzdyr.
Owadan gyzdyr ol – aşygy köpdür.
Akylly gyzdyr ol – gytdyr çyn aşyk.
Sataşan aşygnyň kimdigne görä,
Ýa togtar,
ýa gider menziller aşyp.


Nikalaşar. Müňläp perzendi bolar.
Birine käýiner, birine güler.
Aýylganç enedir: öz perzendini
Öz elleri bilen bogup-da biler.

Şikesli perzendin bogmasa eller –
Gözellik gutarar Poeziýa uklar.

Onsoň ony diňe ýekeje hossar
Betbagt doglan
Kagyz düşegi saklar!

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir