Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, 1-nji Sentýabrda Remezan aýynyň ilkinji güni başlaýanlygy mynasybetli, dykgatyňyza bu aý we oraza hakynda gerekli maglumatlary ýetirmegi ýa-da ýatlatmagy yslam.info jogapkärleri hökmünde makul gördük. Yslamda Oraza Oraza biziň dilimize Parsçadan gelýär, aslynda Arap dilinde ulanylýan “sawm” sözüniň Türkmen dilindäki ulanylýan ady bolup, manysy boýunça:”bir zatdan uzak durmak, ynsanyň özüni tutmagy we päsgel bermegi” diýmekdir. Dini höküme görä bolsa:”ilkinji şapagyň sökýän wagty bolan daňdandan agşam gün ýaşýança, bir maksada laýyklykda bir ýagdaýda iýmek, içmek we jynsy gatnaşykdan uzak durup, nebsi terbiýelemek we jylawlamak” diýmekdir. Oraza Yslam dininiň bäş şertinden biri bolup, Medinä hijretden soňra, ikinji ýylynyň Şaban aýynda parz edildi. Fykyh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir. «Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar. Bu wagt selällik wagty hem gutaryp iýmekden, içmekden, jynsy gatnaşykdan el çekilýär. «Iftar» sözi açmak, bozmak diýen manylary berýär. Iftar wagty (agzaçar) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagydyr. Bu wagt agşam namazynyň hem başlanýan wagtydyr. Gurhanda orazanyň ähmiýeti barada: “Eý, iman edenler! Oraza(agyz beklemek) sizden öň gelip geçen ymmatlara parz boluşy ýaly, size-de parz edildi. Şeýlelik bilen erbetliklerden goranmagyňyz umyt edildi. Sanlyja günler hökmünde (oraza size parz boldy)! Sizden biri syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa (agyz bekläp bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki günlerde kaza eder(öwezini dolar)! (Garrylyk ýa-da şypa gowuşmagy mümkin bolmadyk syrkawlyk sebäpleri bar bolup) oraza tutmaga güýji ýetmeýänler üçin bir garyby doýurjak mukdarda fidýe* gereklidir. Munyň bilen birlikde, kim öz islegi bilen haýyr(oňat) amal etse, elbetde, bu özi üçin has amatlydyr. Eger (kyn bolmagyna garamazdan orazanyň hikkmet we gazandyrýan sogaplaryny) bilseňiz, oraza tutmagyňyz siziň üçin has haýyrlydyr. Remezan aýy ynsanlara ýol görkeziji, dogrynyň we dogryny egriden aýyrmagyň aýdyň delilleri hökmünnde Gurhanyň indirilen aýydyr. Şol sebäpli, sizden remezan aýyna gowuşanlar oraza tutsunlar! Kim şol wagt syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa, (oraza tutup bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki gznlerde kaza etsin! Allah siziň üçin aňsatlygy islär, kynçylygy islemez. Bularyň bary (gerekli mukdardaky) gün sanyny tamamlamagyňyz we size dogry ýoly görkezmeni üçin, Allaha tagzym(ybadat) etmegiňiz we şükür etmegiňiz üçindir.” (Bakara, 2/183-185) “Ertiriň ak sapagy (aýdyňlygy), gara sapagyndan (garaňkylygyndan) aýrylýança iýiň, soňra bolsa agşama deňiç orazaňyzy tutuň...”(Bakara, 2/187) Hadyslarda orazanyň ähmiýeti barada: “Oraza perdedir. Biriňiz bir gün oraza tutanda, erbet söz diýmesin, gygyryp azgyrylmasyn! Biri özüne betgelşik söz aýtjak bolsa ýa-da uruşmakçy bolsa:”Men orazaly!” diýsin (we oňa ähmiýet bermesin)!” “Hemme zadyň öz zekaty (tämizlenme usuly) bardyr, bedeniň zekaty(sadakasy) orazadyr! Oraza sabryň ýarysydyr!” (Ahmet b.Hanbel, 4/260) “Oraza tutanyň ukysy ybadat, dymmagy tesbih kabul ediler. Haýyr we ybadatlaryna birnäçe esse köp sogap beriler. Dilegi Allah tarapyndan kabul edilip, günäleri bagyşlanar!” (a.g.e. 3/327) “Orazalynyň agzaçar wagty hökmany ýagdaýda kabul edilýän dilegi bardyr!” Oraza barada, olaryn gornushleri barada we has kop ginishleyin maglumat ucin, ynha, şu linke(yslam.info) basyň! Oraza barada soraglaryňyz ýa aýtmak isleýän zatlaryňyz bar bolsa, şu ýerde ýazybermeli! Sag boluň!
Remezan aýy we oraza barada
-
ata
16 years ago
- -Orazanyň şertleri;
-orazany bozýan we bozmaýan hallar;
-orazada halanýan(mekruh) we halanmaýan ýagdaýlar;
-oraza wagtlary;
-hilal(aý) görme;
-orazanyň görnüşleri;
-orazanyň hökümleri;
-orazanyň gadagan edilen günleri;
-orazanyň keffaraty;
-orazanyň kazasy we ş.m. maglumatlary giňişleýin öwrenmek üçin, aşakdaky linklere basyp, öwrenip bilersiňiz:
1- yslam.info ;
2- ylmyhal.narod.ru
Ünsüňiz üçin sag boluň!
-
Komendant
16 years ago
- Biraz aşgazanym agyrjak bolyar. Oraza tutsam beterlär öydüp gorkyaryn.
Hemem horlanmakdan gorkyan, sebäbi ozalam hor.
Nähili garaýaňyz,şu iki sebäp üçin tutmasam bolarmy?
-
agayunus
16 years ago
- ata aga, ramazan barada köp peýdaly maglumatlar ýazypsyňyz, sagboluň, Welin, näme üçin türkmenistan mydama bir gün soň baýram edýarä. bütin dünýä bir gün etse türkmenistan ertesi güni baýram edýä. onda biz oraza tutmaga-da bir gün giç başlaýas-da? mollalarymyz nämä esaslanyp düzýäkälerä ramazan raspisaniýasyny? ony diýseňem, türkmenler türkmenistanda baýram diýilen güni görýäler hilaly(täze). kimlere ynanmaly? türkmenistan üçin takyk ramazan raspisaniýasyny nireden alyp bolarka?
-
agayunus
16 years ago
- ata aga, ramazan barada köp peýdaly maglumatlar ýazypsyňyz, sagboluň, Welin, näme üçin türkmenistan mydama bir gün soň baýram edýarä. bütin dünýä bir gün etse türkmenistan ertesi güni baýram edýä. onda biz oraza tutmaga-da bir gün giç başlaýas-da? mollalarymyz nämä esaslanyp düzýäkälerä ramazan raspisaniýasyny? ony diýseňem, türkmenler türkmenistanda baýram diýilen güni görýäler hilaly(täze aý). kimlere ynanmaly? türkmenistan üçin takyk ramazan raspisaniýasyny nireden alyp bolarka?
-
agayunus
16 years ago
- ata aga, ramazan barada köp peýdaly maglumatlar ýazypsyňyz, sagboluň, Welin, näme üçin türkmenistan mydama bir gün soň baýram edýarä. bütin dünýä bir gün etse türkmenistan ertesi güni baýram edýä. onda biz oraza tutmaga-da bir gün giç başlaýas-da? mollalarymyz nämä esaslanyp düzýäkälerä ramazan raspisaniýasyny? ony diýseňem, türkmenler türkmenistanda baýram diýilen güni görýäler hilaly(täze aý). kimlere ynanmaly? türkmenistan üçin takyk ramazan raspisaniýasyny nireden alyp bolarka?
-
Komendant
16 years ago
- Türkmenistanyň müftiyatindan. Şol dogry bolar. Şolar kepil geçse, sende günä galmaz. Gazetde çap edilýär. Meniň soragyma jogap beren bolmadow.
-
agayunus
16 years ago
- howlygyp üç gezek dagyn basylypdyr, adminlerden haýyş artykmaçlaryny pozaýyň.
komendant aşgazany agyrýanlara doktorlar berhizi maslahat berýäler. berhiz-ýeňil naharlary ýygy-ýygydan doýman iýmeli bilşime görä, ýygy-ýygydan diýilse ýöne gäwşäp ýörmeli däl:) berhiz aşgazany agyr naharlardan we dykyn-doklukdan uzak tutmaly diýmek. oraza tutanyň seň aşgazanyňa zyýany bolmaz, iýip ýatmasaň birem dyklym bolup doýmasaň gaýtam peýdaly bolarmykan diýýän. ikinji sebäbiňä birhili gülkinçlay, horlanmajak bolup üstüňe parz bolan orazadan uzak bolsaň bolarmay.
-
Komendant
16 years ago
- Dogry aýdýaň, biz ýöne bahana gözleýäs. Agyrýan bolsa bejertmeli. Meňki oňuşmazça da däl. Käwagt çişlik iýsem (köp uksus sepilen bolsa) agyrýar.
-
ata
16 years ago
- Komendant, saňa gerekli jogaby Agaýunus beren ekeni, gysgaça:
1- Başda synarsyň, edip bilmeseň dowam etdirmersiň. Çünki, dinimiz ynsana göterip bilmejegi ýüki ýüklänok, ýagny, jogapkär tutanok.
Onuň daşyndan, dini taýdan oraza tutmazlyk üçin, aklyň bolmazlygy beýan edilýär, ýagny, çaşanlar(özünden giden), däliler we ş.m. jogapkär däl oraza bn.
Ýene 1 zat: garrylar üçin kyn bolýar oraza aýratynam, şonda olar ýadyndan çykaryp, bir zatlar iýen wagtynda, sizem görseňiz ýatlatmaň diýilýär, goý, iýsinler diýen manyda.
2-njiň bahana, gowy ýazypdyr Agaýunus :)
-
ata
16 years ago
- Agaýunus, seň soragyňa gelsek: Aýa we hadyslarda gysgaça: "Aýy göreňizde(Remezanyňkyny) oraza tutuň we ýene aýy (Şewwayňkyny) göreňizde, agzaçar ediň!" diýilýär. Tm-däki dini jogapkärler şu Remezandyr baýram wagtlaryny nämä görä hasaplaýalar - biljek däl, ýöne saňa düşen beýleki ýurtlarda, aýratynam, arap ýurtlarynda şu ýagdaý nähili - şoňa seret we şolara görä bolup bilersiň. Sebäbi, Baýramyň ilkinji güni agyz beklemek haram. Şoň üçinem, döwletiň, has takygy, şol dini guramadyr şahsyýetiň garşysyna aç-açan gidip oturman, dogry näme bolsa, şony edäýmeli we saňa dogry düşünýänlere bildiräýmeli ýagdaýy.
Men-ä hemişe diýen ýaly 1 gün öňünden agyz bekläp başlaýan, meselem, ertirem niýetlenmekçi, enşallah! Niýetim sünnet boýunça, ýöne Remezanyň ilkinji günüligi belli bolaýsa, niýet täzeläýýän.
-
Komendant
16 years ago
- kabul boldun!
-
hoshowaz
16 years ago
- ata aga!
Men-ä hemişe diýen ýaly 1 gün öňünden agyz bekläp başlaýan, meselem, ertirem niýetlenmekçi, enşallah! Niýetim sünnet boýunça, ýöne Remezanyň ilkinji günüligi belli bolaýsa, niýet täzeläýýän.
shu aydanlaryn bilen baglanyshykly birzatlar yazjak. bu kopchulik yerde muny yazsam kabir agzalaryn yalnysh dushunmeg mumkin. shonun uchin menin bilen mailleshsene gayrat edip. mailim shu: hoshowaz@gmail.com
-
ata
16 years ago
- atamyrat@hotmail.com adresine soraýsana, Hoshowaz?!
Mümkin, men ýalňyşýandyryn, ýöne iň gowy şeýledir öýdenim üçin edýän.
-
ata
16 years ago
- "Ýa Remezan!" diýip mowzuk açan ýok-maý, şol barada wakalary gürrüň berer ýaly, bärde diňe maglumatlary goýasym gelýär :)
-
ata
16 years ago
- Remezan aýy boýunça, her gün şu dileg edilen ýagdaýynda, dilegi edene köp sogap gazandyrýan niýet:
"Allahym! Seniň razylygyňy gazanmak üçin oraza tutdum, Saňa iman etdim, Seniň beren ryzkyň bilen agzaçar etdim. Saňa ynanyp bil bagladym. Ertirki oaraz agüni üçin hem, agyz beklemäge niýet etdim. Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, indi meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla!"
-
ata
16 years ago
- ýene oraza barada:
Orazanyň hökümi
admin / Alp Arslan, 26 - 2008
Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi», (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Müslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.
Oraza aýy gelende, jemgyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Müslim).
Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin», (Müslim, Nesaýy).
Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Müslim).
Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:
«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
«Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar», (Buhary).
«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:
1. Iftar edýänçä, orazalynyň,
2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň,
3. Mazlumyň», (Tirmizi).
Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muňa mysaldyr.
-
ata
16 years ago
- Orazanyň şertleri we niýet barada
Orazanyň şertleri ikä bölünýär:
A) Orazanyň farz bolmagynyň şertleri:
1. Musulman bolmak.
Remezanda yslama giren biri orazasyny şol gün tutup başlamalydyr. Onuň öňki günäleri örtüler. Allah Tagala şeýle buýurýar: «Käfirlere aýt, eger küfür etmeklerini bes etseler, ýagny, musulman bolsalar, olaryň öňki günäleri örtüler», (Enfal, 38).
2. Akyly ýerinde we bulug ýaşyna ýeten bolmak.
Çaga, dälä, serhoşa, çaşýan adama oraza tutmak bolmaýar. Hanefi, şafygy we hanbelilere görä, ýedi ýaşyna ýeten, oraza tutup biljek ýagdaýdaky çagada hem oraza tutmaga höwes döredilmegi makul görülýär. Bularyň orazalary sahyhdyr. Munuň maksady çagany oraza öwrenişdirmekdir.
Remezan aýynyň dowamynda akyly üýtgän kişi şol ýylyň orazasyny tutmaýar, soň kazasyny hem etmän bilýär. Ýöne çaşmak kişiniň egninden ybadat we kaza jogapkärçiligini aýyrmaýar. Çünki, çaşmak uzak wagta çekýän kesel däldir. Serhoşlyk hem çaşmak ýalydyr.
3. Oraza tutmaga güýç ýetmek we mukym bolmak
Hassa we ýolagça oraza tutmak farz däldir. Ýöne oraza tutsa, orazasy sahyhdyr. Eger oraza tutmasa, tutmadyk günlerini kaza etmelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle höküm bar:
«Belli günlerde oraza tutuň. Sizden biri hassa, ýa-da saparda bolsa, tutmadyk günleriniň sanyna deň oraza tutsun. Oraza tutmaga güýji ýetmedikler bir ýoksuly doýrup biljek fidýe bersin. Kim çyn ýürekden bir haýyr iş etse, ol özi üçin has haýyrlydyr. Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 184).
Garrylyk sebäpli güýji ýetmeýäne, özi ýa-da çagasy zyýan görjek göwreli hem emdirýän aýala oraza tutmak farz däldir. Garry oraza ýerine fidýe bermeli, beýlekiler bolsa kazasyny tutmalydyr.
B) Orazanyň syhhatynyň şertleri
1. Haýz we nifasdan arassalanmak
Haýz we nifas halyndaky aýalyň oraza tutmagy haramdyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.
Ertir namazynyň wagtyndan öň arassalanan aýal ertir namazynyň wagty girenden soň ýuwunsa, şol günüň orazasyny tutmalydyr.
Jünüplik we ihtilam (ukuda iniň hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selällikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapalananyň orazasy bozulmaýar.
2. Niýet.
Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mendupdyr.
Orazalar niýet ediljek wagty taýyndan iki görnüşe bölünýär:
a) Gijeden niýet edilmegi we bellenmegi şert bolan oraza
Bular: remezan orazasynyň kazasy, başlanan nafile orazasynyň kazasy, her hili keffaret orazalar we mutlak nezir, ýagny, güni anyk edilmedik nezir oraza.
Şeýle görnüşdäki orazalara gije ýa-da ikinji fejriň başlarynda niýet edilmegi şertdir. Şeýle hem bu orazalaryň haýsydygy niýetde anyk edilmelidir. Bularyň islendigi üçin fejirden soň niýet edilse ýa-da bulardan haýsysynyň tutuljagy anyk belli edilmese, bu oraza sahyh bolmaz. Çünki, bu orazalary tutmak üçin belli bir gün ýokdur. Bularyň haýsy gün tutuljakdygy diňe niýet bilen anyk edilýär.
Beýleki tarapdan, agşamdan şeýle orazadan birini niýet edinen kişiniň selällige turmagy niýet ýerine geçer. Ýöne ikinji fejirden soň, niýet edip, oraza tutmak jaýyz däldir. Eger tutulsa nafile bolar.
b) Gijeden niýetlenmek we bellemek şerti ýok orazalar
Bular: remezan orazasy, güni anyk edilen nezir oraza we nafile orazalarydyr. Şeýle orazalara niýetiň wagty, Gün ýaşandan ertesi gün zewal wagtyna çenlidir. Bu wagt aralygynda niýet etmek bolýar. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň, ýa-da istiwa wagtynda (Gün dik depedekä), ýa-da öýle wagtyndan agşama çenli aralykda hiç bir oraza niýet edilmeýär.
Istiwa wagtyna çenli aralykda niýet etmek üçin, ikinji fejirden soň iýmek-içmek ýaly orazany bozýan hallardan saklanmak gerekdir. Eger bilgeşleýin, ýa-da säwlik bilen orazany bozýan bir amal edilse, niýet etmek dürs däldir.
Zewaldan öň nafile orazasyny niýet etmegiň dürsdügini görkezýän hadysy şerifler bardyr:
Pygamberimiz bir gün hz. Aişeden «Öýle nahary barmy?» diýip soraýar. Hezreti Aişeden naharyň ýokdugyny eşiden Pygamber Serwerimiz: «Onda, men oraza tutýaryn» diýip, oraza niýet edýär, (Darekutni).
Şafygylara görä, remezanda farz oraza üçin ýa-da beýleki wagtlarda kaza we nezir orazalary üçin gijeden niýetlenmek şertdir. Ýöne nafile orazasy üçin zewal wagtyna çenli niýetlenseň bolýar.
Oraza niýet etmegiň görnüşi
Remezan orazasy, güni bellenen nezir orazasy, islendik nafile orazasy üçin mutlak niýet ýeterlikdir. Ýagny, «ertirki günüň orazasyny tutmaga, ertir oraza tutmaga, ertir nafile orazasyny tutmaga» diýlip, niýet edilýär. Bu orazalar üçin gije niýet edip, şeýle diýilmegi has fazyletlidir: «ertirki remezan orazasyny tutmaga niýet etdim».
Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Çünki, ara gije düşýär. Şeýle hem her günüň orazasy özbaşyna bir ybadatdyr. Şonuň üçin bir günüň orazasy bozulsa, diňe şol günüňki bozular, beýleki günüň syhhatyna päsgel bermez.
Bir kaza orazasyna fejriň dogmagyndan soň niýet ediljek bolsa, munuň bilen kaza sahyh bolmajakdygy üçin, nafile orazasy tutuldygy bolýar. Eger bu oraza tutulmajak bolsa, soň kaza edilmelidir. Çünki, başlanan ybadat ýarpy edilip goýulmaly däldir.
Bir kişi remezan aýynda remezandygyny bilip, oraza tutmaga niýet etmedik bolsa, sahyh rowaýata görä, orazaly bolmaz.
«Inşallah, ertir oraza tutmaga niýet etdim» diýlip, edilen niýet dürsdür. Ýöne «Ertir zyýapata ýa-da sadaka çagyrylsam, iftar etmäge, çagyrylmasam oraza tutmaga» diýip, edilen niýet dürs däldir. Şeýle gümana niýet bilen oraza tutulmaýar.
Remezan gijesi, ýa-da gündizi çaşan, aklyndan azaşan istiwa wagtyndan öň özüne gelip, oraza niýet etse dürsdür. Ol oraza tutan hasaplanýar.
Bir kişi remezan aýynda başga bir wajyp oraza niýet etmedik bolsa, remezan orazasyna niýet eden saýylýar. Bu meselede imameýne görä, mukym bilen mysapyryň arasynda tapawut ýokdur.
Eger-de mysapyr nafile orazasyna niýet etjek bolsa, remezan orazasyna niýet edildigi bolar. Hassa hem edil mysapyr ýalydyr.
Bir oraza üçin hem keffaret, hem-de nafile diýlip niýet edilse, keffaret hökmünde jaýyz bolar. Ýöne hem kaza, hem ýemin keffareti üçin niýet edilse, ikisi-de dürs bolmaz. Çünki, bular biri-birine gapma-garşydyr. Şeýle oraza nafile bolar.
Bir ýa-da birnäçe remezandan kazasy bolan kişi bulary kaza eden mahaly: «Boýnumda kazasy bolan ilkinji oraza» diýip niýet etse, has fazyletlidir. Ýöne diňe kaza diýip niýet etse hem ýeterlikdir.
Bir aýal heniz adaty dowam edýän wagty gije oraza niýet edip, fejirden öň arassalanjak bolsa, orazasy sahyh bolar.
-
ata
16 years ago
- şu ýeri möhüm:
"...Orazanyň şertleri we niýet barada:
2. Niýet.
Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mendupdyr.
Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Çünki, ara gije düşýär. Şeýle hem her günüň orazasy özbaşyna bir ybadatdyr. Şonuň üçin bir günüň orazasy bozulsa, diňe şol günüňki bozular, beýleki günüň syhhatyna päsgel bermez.
Bir kişi remezan aýynda remezandygyny bilip, oraza tutmaga niýet etmedik bolsa, sahyh rowaýata görä, orazaly bolmaz.
«Inşallah, ertir oraza tutmaga niýet etdim» diýlip, edilen niýet dürsdür. Ýöne «Ertir zyýapata ýa-da sadaka çagyrylsam, iftar etmäge, çagyrylmasam oraza tutmaga» diýip, edilen niýet dürs däldir. Şeýle gümana niýet bilen oraza tutulmaýar.
Remezan gijesi, ýa-da gündizi çaşan, aklyndan azaşan istiwa wagtyndan öň özüne gelip, oraza niýet etse dürsdür. Ol oraza tutan hasaplanýar..."
-
Bibisha
16 years ago
- Ata siz gaty gowy sozleri yazypsyn men olary doly okap hem yetishmedim remezan ayynyn haysyda bolsa bir guninde bir yyldyz 3-sagatlap gorinyar we shony gorip name dileg etsen kabul bolyar diyilyar sen pikirince nahili dogrymyka?(meselem Myraly,Soltansoyun we olaryn ayallary hem shol yyldyzdan arzuwa hasyl bolanlar) beylekiyagny rejep,gurban,...aylarda hem agyz beklenyar olaryn sogaplary nahili?
-
Komendant
16 years ago
Allahym! Seniň razylygyňy gazanmak üçin oraza tutdum, Saňa iman etdim, Seniň beren ryzkyň bilen agzaçar etdim. Saňa ynanyp bil bagladym. Ertirki oaraz agüni üçin hem, agyz beklemäge niýet etdim. Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, indi meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla!
Munyň-a "men ony etdim, muny etdim, bol indi maňa kömek et" diýen ýaly bolanokmaý. Öz eden zadyňy aýtmasaňam bolarla.
-
ata
16 years ago
- Salam Bibisha!
Ilki bilen-ä sahypa hoş geldiň!
Ikinji bn hem, bärdäki ýazgylary okamak, elbetde, köp wagtyňy alar, iň gowusy word faýlyna "çopy-paste" bn geçirip, soň arkaýyn okamakmyka diýýän.
Üçünjidenem, oraza görnüşleri barada bir ýazgyny aşakda goýmakçy aýratyn.
Dördünjiden, ýyldyzlar baradaky pikiriň, umuman, ýalňyş! Garaz, nädogry(baty) ynanç diýeýin! Iň amatlysy, hemişe dileg etmek özümiz barada, aýratyna, şu Remezan gijelerinde. Çünki, melekler bu aýyň gijelerinde, aýratynam, Gadyr gijesinde ýerýüzüne şeýle köp iner welin, onuň sanyny bir Allahyň Özi biler. Olar ynsanlaryň bagyşlanmagy we bereketlenmekleri üçin Alaha ýalbaryp durarlar.
-
ata
16 years ago
- Orazanyň görnüşleri
admin / Alp Arslan, 26 - 2008
Farz oraza
Remezan aýynyň edasy-da, kazasy-da – farzdyr. Ebu Hanifä görä, remezan orazasyny kaza goýan kişi, ony islendik mubah günlerde tutup biler. Ymam Şafyga görä, diňe şol ýylyň dowamynda tutmalydyr.
Wajyp oraza
Munuň iki görnüşi bar:
1. Nezir oraza, ýagny, «Şu işim başa barsa, şunça gün oraza tutaryn» diýip, söz beren kişiniň dilegi ýerine düşenden soň, oraza tutmagy wajypdyr.
2. Nafile oraza tutýan kişi bir sebäp bilen orazasyny bozsa, bu orazany kaza etmegi wajypdyr.
Nafile oraza
Bu oraza sünnet, mustahap, mendub ýa-da tatawwu’ diýlip atlandyrylýar. Nafile orazasy ýylyň dowamynda her gün tutulyp bilinýär. Ýöne käbir günlerde oraza tutmak has fazyletlidir. Pygamberimiz hem şol günlerde agzyny bekläpdir we başgalara-da muny ündäpdir. Nafile orazasyny şu günlerde tutmak has sogaplydyr:
1. Şewwal orazasy
Remezandan soňky aý şewwal aýydyr. Şewwal aýynda alty gün oraza tutmak mustahapdyr. Bulary baýramyň ertesi yzly-yzyna tutmak has fazyletlidir. Ýöne aýry-aýry günlerde-de tutmak bolýar. Şeýle hem kaza, nezir ýaly orazalar hem şu günlerde tutulsa has sogapdyr. Ebu Eýýubyň habar beren bir hadysynda şeýle diýilýär: «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Maje, Tirmizi).
2. Sawmy Dawud–Dawudyň orazasy
Bu oraza günaşa tutulýar we nafile orazalaryň iň faziletlisidir. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew eden: «Iň fazyletli oraza Dawudyň tutan orazasydyr. Dawud (a.s.) bir gün oraza tutsa, ertesi agzy açyk gezerdi». Abdullah b. Omar: «Men ondan has artygyny tutaryn» diýen-de, Pygamberimiz: «Mundan fazyletlisi ýokdur» diýipdir, (Müslim, Ibni Maje, Nesaýy).
3. Her aýda üç gün oraza tutmak
Her aýyň 13-14-15-nji günleri oraza tutmak mustahapdyr. Bu günlere «Eýýamy byýz» diýilýär. Ebu Zeriň (r.a.) aýtmagyna görä, Resulullah (s.a.w.) şeýle ündäpdir: «Her aýda üç gün oraza tutjak bolsaň, aýyň 13-14-15-nji günlerinde tut», (Buhary, Müslim).
4. Duşenbe we penşenbe günleri oraza tutmak
Usame b. Zeýd (r.a.) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz duşenbe we penşenbe günleri oraza tutardy. Munuň sebäbi soralanda: «Ynsanlaryň amallary Allah Tagala duşenbe we penşenbe günlerinde arz edilýär» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Men amalymyň Beýik Rabbime orazalykam arz edilmegini halaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir, (Ebu Dawud, Ibni Maje).
5. Arafa gününde oraza tutmak
Hajda bolmadyklara zilhijjäniň dokuzynjy güni oraza tutmak mustahapdyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmet b. Hanbel). Başga bir hadysynda: «Allah Tagalanyň ynsanlary jähennem odundan has köp halas eden güni – Arafa günüdir» diýýär, (Müslim).
6. Zilhijje aýynyň ilkinji sekiz gününde oraza tutmak
Bu barada hezreti Hafsa enemiz (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
7. Muharrem, ýagny, aşyr aýynda oraza tutmak
Muharrem aýynyň onunjy gününe «aşura» diýilýär. Pygamberimiziň şol günde hemişe oraza tutandygy aýdylýar.
Ibni Abbasyň rowaýat etmegine görä, Resulullah (s.a.w.) Medinä göçüp gelende, ýahudylaryň aşyr aýy agyz bekleýändigini görýär. «Bu agyz beklemek näme?» diýip soraýar. Olar: «Bu beýik bir gündür. Allah bu günlerde Musany we Israilogullaryny duşmandan halas edipdir. Şol sebäpli Musa bu günlerde oraza tutupdyr» diýdiler. Pygamberimiz:
– Men Musa sizden has ýakyndyryn – diýip, şol günlerde oraza tutulmagyny emr etdi, (Buhary, Ibni Maje, Mälik, «Muwatta»).
Ýöne diňe şol gün oraza tutmak mekruh saýylypdyr. Şonuň üçin onunjy güne öňünden ýa-da soňundan bir gün goşup tutmak maslahat berlipdir.
8. Haram aýlarda oraza tutmak
Haram aýlar diýilýän zilkade, zilhijje, muharrem (aşyr) we rejep aýlarynyň penşenbe, anna we şenbe günleri oraza tutmak mendupdyr.
9. Şaban – meret aýynda oraza tutmak
Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (s.a.w.) beýleki aýlara garanyňda, meret aýynda köp oraza tutardy. Ol meret aýyny tutuşlygyna orazaly geçirerdi», (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).
-
Bibisha
16 years ago
- sizin yazyan hatlaryn meni hayran galdyrdy men sen bilen tanyshmak isleyan eger siz isleseniz men shu okuwa geldim men kan shu giren oynuma dushunemok owrenje diysem boljak
-
Bibisha
16 years ago
- tutyan orazanyz,edyan doga dilegleriniz kabul bolsun
-
ata
16 years ago
Allahym! Seniň razylygyňy gazanmak üçin oraza tutdum, Saňa iman etdim, Seniň beren ryzkyň bilen agzaçar etdim. Saňa ynanyp bil bagladym. Ertirki oaraz agüni üçin hem, agyz beklemäge niýet etdim. Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, indi meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla!
,
Munyň-a "men ony etdim, muny etdim, bol indi maňa kömek et" diýen ýaly bolanokmaý. Öz eden zadyňy aýtmasaňam bolarla.
Komendant, elbetde, tutýan orazalarymyz sebäpli, biz Allahdan nyrh hökmünde günälerimizi bagyşlamagyny talap edip bilmeris! Biz kim, nadan we biçäre bendeler, Allah bolsa Azym we bizi hem-de külli älemi Ýaradan Biribar. Seň diýýäniň ýagdaýyň bolsa, muňa garşy bolan ýagdaý! Onsoňam, manysyz we adalatsyz bolardy seň diýýäniň bolsa!
Ýöne meň ýokarda goýan ýazgym, ilki bilen-ä hadysyň Türkmençe terjimesi, ikijindenem, talap däl-de dileg!
Şu babatda aýratyn mowzuk açypdym "dileg" ady bn, şol ýere seretseň has gowy düşünersiň, enşallah!
Galyberse-de, biz ynsanlar dileg etmek üçin bar bu dünýäde, bize hemişe dileg edip Allaha ýalbarmak, Allaha bolsa, biz ejiz ynsanlara dilegimiz sebäpli, nygmatlary we dileýän zatlarymy yhsan etmek ýaraşýar!
Men hem öňki dilegleriň birini şu ýerde gaýtalamakçy:
Allahym, bilip ýa-da unudyp günä eden bolsak, bu sebäpli bizi hasaba çekme we bizi bagyşla! Allahym, biziň isleýiş we amal ediş laýyklygymyza görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikliňiň boýunça bize gözellikleri, haýry, Jennetiňi we ş.m. ber!"
Ämin!
-
ata
16 years ago
- bibisha, jigim, men ýazgylary başga ýerden alyp goýýan, özümden däl, şonuň üçin men ýazandyryn öýtme we hormat goýma!
Ikinjidenem, sen bärdäki aktiw gyzlar bn tanyş, saňa has amatly bolar! Olardan:
-harmandäli;
-cendrillon;
-derman;
-shadyyanja;
-akgül;
-mylayym;
-marjina;
we ş.m. saňa bu babatda goldaw berip bilerler.
Nirede okuwa gireniňe baglylykda, olar bn gönüden-göni hem görüşip, tanyşyp bilersiň!
-
Komendant
16 years ago
Allahym, bilip ýa-da unudyp günä eden bolsak, bu sebäpli bizi hasaba çekme we bizi bagyşla! Allahym, biziň isleýiş we amal ediş laýyklygymyza görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikliňiň boýunça bize gözellikleri, haýry, Jennetiňi we ş.m. ber!"
Ine, munyň bolýar.
-
ata
16 years ago
- ýokardaky bolanokmy:)
garaz, öňem aýdyşym ýaly, her ikisem hadysdan süzülip, emele gelen dilegler we örän oňat dilegler!
Bu mowzuk uzady, "Ýaremezan" ady bn täze mowzuk açyp bilerin gysga wagtda, eger başga biri açmadyk bolsa!
-
CeriumOxide
16 years ago
- menem şu gün agzymy bejläp gördüm!
ýaman kynlaý, öýlän bäşlerde tasdan çaşýadym.
eritirem tutup görjek özä, çaşmasam soň öwrenşerinlaý :D:P
-
ultimatum
16 years ago
- Seňki hiçlay. Demirgazyk polyusuna ýakyn adamlaryň dat günine. Sagat dandan 3.de agzyn bekli bolmaly. Gündiz uzyn bolansoň, wagty bilen gün ýaşanok :D
-
Komendant
16 years ago
- Hemmesi hasaply, oňa derek demrgazykda sowuk, suw küýsäňok. Günortarak bar, yssyda suw içmän oňmak kyn.
Ýogsa da ajygýaňmy ýa suwsaýaň.
-
ata
16 years ago
- Hawa, hemmäňizem, dogry zatlary ýazypsyňyz, umuman!
Serdar jan, seňem degişme ukybyň daýow-ow, güldürip bilýäň :)
Neme, orazaň lkinji günleri kyndyr, soňky günler adatylaşýar, ýagny, bedeniň öwrenişýär we örän aňsat bolup galýar. Oraza boýunça dostlaryň bn bile hereket etjek bol selärlik we agzaçarlarda - bu ýagdaý hasam aňsatlaşdyrar seň işiňi!
Ikinjidenem, has wajyp ýagdaý bolan gazandyrýan sogabyny pikir et, hemme ybadatyň nyrhy belli, ýöne tutulan orazanyňky belli däl, muny Allah diýýär mukaddes hadysyň beýan etmegi arkaly.
-
ata
16 years ago
- hä, belli däl diýemde, mukdarynyň köplügi babatdadyr, ýagny, şeýle köp sogap gazandyrýar welin, onuň hasabyny bir Allahyň Özi bilýär, başga hiç bir mahlugy bilenok manysynda!
-
Komendant
16 years ago
- gaty seresaply ýazýaňla.
-
kakabay
16 years ago
- salavmaleykum ata aga!
agam sen kyn görmeseň(eger bilyan bolsaňyz)turkmenistanyň hasaby boyunça oraza bayramynyň günlerini,namaz sagatlaryny meniň mailime yazyp ugradyp goyberseňiz men turkmen kalendaryny goyaryn suratly.
ata aga men bilmämsoň hayyş edyan...
-
kakabay
16 years ago
- bu suratlar musulman dövletleriň oraza bayramyny belleyşleri ve namaz vagtlardaky alnan suratlar...üstdäki surat hindistandan alnan.
-
kakabay
16 years ago
-
kakabay
16 years ago
- bu surat bolsa indoneziyada düşürüldü.
şu birinji suratyna govy üns berseňiz ,metjidiň bir tarapynda erkekler,bir tarapda-da ayallar namaz okayarlar.esasanam meniň ünsümü çeken metjidiň içi giňişligi hem ovadanlygy...
-
kakabay
16 years ago
- bu surat bolsa pakistandanda düşürilen... pakistanlylaryň agyz açylşyga tayyarlanşy...
-
ata
16 years ago
- waleýkim salam, Kakabaý!
Men namaz wagtlary üçin gözlege başladym, 1-2 gün içinde goýaryn linkini bärik, enşallah!
suratlar üçin hem minnetdar, jigim!
-
ata
16 years ago
- Namaz wagty aşakdaky linkde bar:
namaz wagty
ýa-da şu ýerde Baýramaly şäheri üçin ýyllyk namaz wagtlary bar.
aşgabat üçin ýyllyk
-
ata
16 years ago
- 3-nji link ýalňyş görkezýäär ekeni, 1-nji linki ulanaý!
-
Maxat
16 years ago
- orazany (bilgeşleyin)bozan yagdayynda 60 gün oraza tutmak jezasy bar, yöne men ön her bozulan orazanyn her haysy üçin 60 gün tutmalydyr öytyadim yakynda öwrenip galdym hanefilerde bozan orazan üçin dine bir gezek 60 gün agzyny beklap sonundan bozulan her orazalan üçin 1gün tutmak yeterlik eken
yöne şu 60 gün dine 1 yyl üçinmika ya, her yyl üçin ayry 60günmika?
-
ata
16 years ago
- Maksat, meň bilýänim, her ýyl üçin gerekli bolmaly, ýagny, şu ýyl bilgeşleýin orazaňy bozsaň, diňeje şu ýyl üçin, indiki ýylam bozsaň, ýene şol ýyl üçin, ondan soňkyda bozmasaň, onda keffaret gerek bolanok.
Oraza, namaz ýaly parz we şeýle-de amal edilýär, ýagny, diňeje şol wagtyň kaza/keffareti.
Diýeli, şu ýyl bozduň, mundan soňam hiç bozmadyň. Şu ýylam keffareti ýerine ýetirip bilmediň, onda ölmäkäň iň azyndan doly ýerine ýetirmeli. Keffaretiň 3 görnüşi bar, diňeje yzly-yzyna 60 gün agyz beklemek däl.
Men doly maglumaty yslam.info sahypasyndan aşakda goýaýaýyn-la.
-
ata
16 years ago
- Kazany hem keffareti zerur edýän hallar
admin / Alp Arslan, 26 - 2008
Farz bolan remezan orazasyna niýet edenden soň iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak, şeýle hem çilim we şoňa meňzeş bir zady ýakyp tüssesini sormak, nas atmak, çig et, iç ýag, az mukdarda duz iýmek ýaly, keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek, amal etmek kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär.
Iýmit hasaplanmaýan, beden üçin ýaramly bolmadyk, asly myrdar bolup, ýigrenilen zadyň öz razylygyň bilen bilgeşleýin iýlip-içilmegi ýa-da bir dermanyň agyzdan ýa-da başga bir ýeriňden alynmagy sebäpli keffaret gerek däldir.
Keffaret oraza tutmazlygyň däl-de, tutulan orazanyň bilgeşleýin bozulmagynyň jezasydyr. Şonuň üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri tutmadyk günlerini diňe kaza edýär. Ýöne «niýet etmeseň keffaret gerek däl eken» diýen düşünje bilen remezan orazasyny tutmazlyk diniň esasy farzlaryndan biri bolan remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu uly günädir.
Remezan orazasyndan başga hiç bir oraza bozulany üçin keffaret gerek däldir.
Bir kişi bir remezan içinde ýa-da birnäçe remezanda sebäpsiz birnäçe gezek bilgeşleýin orazasyny bozan bolsa, bular üçin diňe bir keffaret ýeterlikdir. Sahyh görüş budur. Ýöne keffaret edeniňden soň, täzeden orazany şol bir görnüşde bilgeşleýin bozan kişi, munuň üçin aýratyn keffaret orazasyny tutmalydyr.
Remezan orazasy bilgeşleýin bozulan wagty, haýz ýa-da nifas ýaly oraza tutmagy gadagan ýa-da mubah edýän bir ýagdaý ýüze çyksa, keffaret aýrylýar we diňe kaza borjy galýar. Oraza tutmaga päsgel berýän kesel dörän ýagdaýynda hem höküm şeýledir. Ýöne orazany bozanyňdan soň öz islegiň bilen, ýa-da zor bilen syýahata çykmak, ýa-da özüňe zor salyp kesel bolmak keffareti aýyrmaýar.
Remezan orazasynyň keffareti üç görnüşde ýerine ýetirilýär:
1. Iki aý yzly-yzyna oraza tutmak
Ara remezan aýy düşse ýa-da oraza tutmak haram saýylýan gün düşse, keffaret orazasyna täzeden başlamalydyr.
Ýolagçylyk remezan orazasynyň edasyny gijikdirmäge sebäp bolýar. Ýöne keffaret orazasyny tutýan sapara çyksa-da, orazasyny dowam etdirmelidir.
Haýz we nifas bolan aýalyň keffareti bozulmaýar. Ol bu günleri geçenden soň dowam etmelidir.
2. Altmyş garyby ertirine, agşamyna doýurmak.
Garrylyk we hemişe hassalyk sebäpli keffaret orazasyny tutmaga güýç ýetirip bilmedik kişi fidýe bermelidir. Fidýe bir fitre mukdarydyr. Bu bir kişini ertirine, agşamyna doýurmakdyr.Naharyň saýlama tagamlar bolmagy hökman däldir. Şeýle hem altmyş garybyň ýerine bir garyby altmyş gün doýurmak hem dürsdür.
Orazanyň keffareti üçin bir fitre mukdary sadaka bermelidir. Ýöne bir garyba bir günde jemläp beriljek altmyş fitre mukdary diňe bir günüň ornuny tutýar. Şonuň üçin her gün bir garyba bir fitre mukdary berilýär.
Oraza keffaretini arassa musulman adamlara bermek has fazyletlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä, keffaret mukdary gaýry müslime berilmeýär.
Oraza tutmaga bedeniniň güýji ýetmeýän, garyby doýurmaga-da gurby çatmaýan kişiden keffaret jezasy aýrylýar. Bu kişä diňe Allahdan afuw we magfyret dilemek galýar.
3. Gul azat etmek (bu häzirki döwürde öz güýjüni ýitiripdir).
Çeşme: www.yslam.info
-
Maxat
16 years ago
- hawa, keffaret orazasyny 60 gün yzly yzyna(ara berman) tutmaly eken((
yöne altmyş garyby doyurmak ansat düşaymese)), yslamyn ansat yollary bar şolam gowy zat
-
Komendant
16 years ago
altmyş garyby doyurmak ansat düşaymese
Kime aňsat, kime kyn.
ata 16 years ago- Orazanyň hikmetleri we peýdalary:
Orazanyň dünýewi we uhrewi, şahsy we ijtimagy bir giden peýdasy bardyr. Bularyň has möhümlerini agzap geçeliň.
Oraza ilahi nygmatlara şükürdir
Allah Tagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsan bähbidi üçindir. Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Şükür bolsa, ähli nygmatlaryň Allah tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir.
Oraza – çyn ýürekden diňe Allah üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Şol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma agzaçar wagty, agzybeklilik sebäpli dörän işdä, gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatdygyny anyk duýdurýar. Netijede, baýu-garyp, her bir mü’min Allahyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär.
Ömrüni gaflat we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär.
«Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Ýok, eger gadyr bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir», (Ibrahim, 7), aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar.
Orazanyň ijtimagy durmuşa bolan täsiri
Ynsan Allahyň ilahi takdyry sebäpli, ijtimagy durmuşda ýaşaýan bir barlykdyr. Şeýle hem, jemgyýetde gul-hojaýyn, baý-garyp, sagat-hassa, ýaş-garry... garym-gatymdyr. Şeýle dürli gatlakda ýaşaýan ynsan durmuşda biri-birine, elbetde, mätäçdir. Adamlaryň biri-birine goldaw berip ýaşamagy gutulgysyzdyr. Mysal üçin, maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz-nygmatdan doly suprada iýip-içip, bol-elin ýaşaýan, gurply baýyň açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşünmegi kyndyr. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan orazanyň ýerini tutup biljek başga ybadat ýokdur. Eger-de, baýyň rehim-şepagaty, adamkärçiligi ýitmedik bolsa, özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Jemgyýetdäki synplar arasyndaky bähbitli gatnaşyk, birek-birege doganlyk goluny uzatmak düşünjesi saklanmadyk ýagdaýynda: garyplarda baýlara kine we görüplik, baýlarda bolsa garyplary äsgermezçilik, hakyny iýmek duýgulary ösýär. Bu bolsa jemgyýetiň asuda, parahat ösüşine howp salýar.
Orazanyň nebse täsiri
Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşaýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.
Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.
Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.
Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.
Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
–Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
–Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.
Orazanyň beden saglygyna täsiri
Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris:
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.
Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly zerury kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär.
Oraza ynsanyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, medisina nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir.
Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»).
«Her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr», (Ibni Maje). Ýagny, zekat bermek maly nähili haramdan arassalaýan bolsa, oraza-da bedendäki zäherleri, artykmaçlyklary aýryp, adamy keselden goraýar.
Orazanyň ruhy saglyga täsiri
Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, magnewi taýdan hem berhizdir.
Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Şeýlelik bilen, ynsan agzybekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim maňa iki eňek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuň jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary).
Orazanyň tygşytly ýaşamaga täsiri
Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylyk getirýär.
Orazanyň ahyret bähbidi
Oraza diňe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyň maddy we ruhy agzalarynyň ählisiniň oraza tutmagydyr. Diliň gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüň harama bakmazlygy, gulagyň haram sözi eşitmezligi, kalbyň erbet oý-pikir etmezligi muňa mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr. Başgaça aýdanymyzda, bu mübärek aýda Kurany Kerimiň Pygamberimize inderilip başlanmagynyň hatyrasyna Kuran okamak, Allahy zikr etmek, maddy mätäçlik çekýänlere jomartlyk bilen sadaka bermek, yslamyň hakykatlaryny mätäç köňüllere ýetirmek üçin ýol sökmekdir. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Nebiler Serweri: (s.a.w.) «Ýalan sözlemegi, ýalan sözler bilen amal etmegi taşlamadyk agzybekli kişiniň iýmek-içmekden saklanmagyna Allahyň mätäçligi ýokdur» (Ibni Maje) diýermidi?!
Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel kürsi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär.
Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir.