Yùrekden sheyle bir arzuw etdim men-
Alypdy elimden sabyr-kararym.
"Basharmarsyñ"diyen showsuzlyklaryñ
Diñe arzuw edip yeñipdim baryn.

Kàteler gùndizlem ôwrùldi tùme,
Gûnler yhlasymy yele sowurdy...
Ruhdan dùshùp yatsam,meni ir sàher
Arzuwlarym bilbil bolup oyardy.

Yollar dostum boldy,hemem dushmanym,
Meni bàhbit ùçin saylady,seçdi.
Asman begenjinden dôkse gôz yashyn,
Yyllar batgasyny syçradyp geçdi.

Men sheyle bir arzuw etdim yùrekden,
Shondan bashga zada uymandyryn hiç.
Arzuwlañ yzyndan ylgap yôrshùme,
Oña ôwrùlenimem duymandyryn hiç.

Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir