Ynsan doglanyndan soňra gatnaşan her bir ynsany bilen energiýa baglanyşygy gurýar. Durmuşyňyzda ýeri bolmadyk gatnaşyklaryň energiýa bagy öz-özünden peselip ýok bolup gider. Asyl mesele güýçli aragatnaşyk guran adamyň bilen ýaşan baglanyşyklaňdyr. Bu baglanyşyklardaky adamyň seniň durmuşyňdan çykanam bolsa intägem bardygydyr.
Seniň «gutardy» diýýän gatnaşygyň hakykatdanam gutardymyka?
Duşuşmazlyk, görüşmezlik, gürleşmezlik we geçen ençeme wagt gatnaşygyň gutarandygyny aňlatman biler. Araňyzdaky energiýa bag aýrylmasa ol ynsan siziň durmuşyňyzdan çykmaz. Şuwagdam dowam edýän energiýa bagyň bardygyny şulary okap bilip bilersiňiz :
1. Gatnaşygyň gutarandygyny bilmegiňe garamazdan hiç garaşylmadyk wagtlarda ol ynsany pikir etmek, ýatlamak.
2. Akylyňda ol ynsan bilen gürleşmek.
3. Ol kişä intägem gaharyň gelmek, ony bagyşlamazlyk.
4. Biri-biriňiz bilen bolan duýgularyň ýatlamalaryň döremesi.
5. Sosýal mediýada bu kişini gizlin yzarlamak.
6. Durmuşyňyza başga bir ynsanyň girmezligi girsede derrew soňlanmagy.
7. Duýgy pesligi, ýadaw we islegsiz bolmak.
Durmuşyňyzdaky aýrylmaýan baglar bilen ýaşamagyň gaty köp energiýa sarp etýändigini unutma. Hakyky ýapylmadyk gapy ýaşaýyşyňdaky gidişe böwet bolar.
Eger şadyýan däl bolsaň, gatnaşýan ynsanlaryňda halamazlyk duýgusy, durmuşyňa täze gatnaşygyň girmezligi, yzygyderli ýadawlyk ýaly ýagdaýlar bolýan bolsa onda şol energiýadandyr. Durmuşyňda agyr ýük bar ýaly bolar. Bu bag aýrylmasa seni durmuşda öňe gitmekden, täze zatlary barlamakdan mahrum eder. Bir zadyň başlangyjyny gutlaýşyňyz ýaly soňuny hem gowy kabul etmek gerekdir. Hijem «arabesk» ýagdaýda bolmaň. Gatnaşygy kesip biler ýaly güýje eýedigiňizi biliň. Unutmak üçin gamgyn bolmagyňyz, pikir edip duýgulara girmegiňiz gerek däldir belki, diňe tutanýerli bolmagyňyz gerek.
Çeşme: www.syrlywakalar.ru
Sizi durmuşdan goparan enegiýa bagy aslynda näme?
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Başüstüne, dos
DeatH 3 years ago- sagbol dos gaty gowy blog